«TÜRKMENSTANDARTLARY»
baş döwlet gullugy

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Standartlaşdyrma hakynda


Şu Kanun Türkmenistanda standartlaşdyrmagyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny belleýär.

1-nji BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) standartlaşdyrmak – önüm (işler, hyzmatlar), onuň işlenip taýýarlanylmagynyň, öndürilmeginiň, ýerlenilmeginiň, ulanylmagynyň (peýdalanylmagynyň), saklanylmagynyň, daşalmagynyň prosesleri babatda ölçegleriň, düzgünleriň we häsiýetnamalaryň bellenilmegi boýunça iş;

2) standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalar (mundan beýläk kadalaşdyryjy resminamalar) – işiň anyk görnüşlerine ýa-da olaryň netijelerine degişli düzgünleri, talaplary, umumy ýörelgeleri, häsiýetnamalary özünde saklaýan resminamalar;

3) standartlaşdyrmagyň obýektleri önüm (işler, hyzmatlar), ony işläp taýýarlamagyň, öndurmegiň, ýerlemegiň, ulanmagyň (peýdalanmagyň), saklamagyň, daşamagyň prosesleri, ölçemegiň usullaryna we netijelerine bildirilýän talaplar, olaryň ýerine ýetirilmeginiň takyklygy, şeýle hem standartlaşdyrmak babatda ulanylýan kesgitlemeler.

2-nji madda. Standartlaşdyrmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Standartlaşdyrmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň düzgünleri ulanylýar.

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry

1. Şu Kanun standartlaşdyrmak babatdaky iş bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

2. Şu Kanunyň hereketi hereket ediş çygry Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän bilim, aragatnaşyk, döwletiň goralmagy we howpsuzlygy, saglygy goraýyş, statistik we buhgalterçilik hasaba alnyşy, auditorçylyk işi, bank işi, gymmatly kagyzlaryň emissiýasy babatdaky standartlara, gurluşyk kadalaryna we düzgünlerine degişli däldir.

4-nji madda. Standartlaşdyrmagyň maksatlary

Şu aşakdakylar standartlaşdyrmagyň maksatlary bolup durýar:

1) fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerini kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýän önümden (işlerden, hyzmatlardan) goramak;

2) tehniki, tehnologik we maglumat taýdan gabat gelmegini, şeýle hem önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) biri-biriniň ornuny tutup bilmegini üpjün etmek;

3) önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) howpsuzlygyny üpjün etmek;

4) kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen talaplary berjaý etmek;

5) maddy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek;

6) ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň gazananlaryny hasaba almak bilen önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) hilini we bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak.

5-nji madda. Standartlaşdyrmak boýunça işleriň guralmagy

1. Standartlaşdyrmak boýunça işleriň guralmagy kadalaşdyryjy resminamalaryň işlenip düzülmegini we ulanylmagyny, ýuridik şahslaryň we hususy telekeçileriň standartlaşdyrmak babatda doly we dogry maglumatlar bilen üpjün edilmegini, Türkmenistanda halkara we döwletara (sebit) standartlarynyň ulanylyş kadalarynyň kesgitlenilmegini öz içine alýar.

2. Standartlaşdyrmak boýunça işleriň guralmagyny standartlaşdyrmak babatda ygtyýarly edara (mundan beýläk – ygtyýarly edara), ýuridik şahslaryň standartlaşdyrmak boýunça gulluklary we standartlaşdyrmak boýunça tehniki komitetler şu Kanuna laýyklykda amala aşyrýarlar.

3. Ýuridik şahslaryň standartlaşdyrmak boýunça gulluklaryny we standartlaşdyrmak boýunça tehniki komitetlerini döretmegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

6-njy madda. Standartlaşdyrmagyň maliýeleşdirilmegi

Şu aşakdakylar standartlaşdyrmagyň maliýeleşdirilmeginiň çeşmeleri bolup durýar:

1) ýuridik şahslaryň we hususy telekeçileriň, olara ygtyýarly edara tarapyndan berilýän tölegli hyzmatlardan gelip gowuşýan serişdeleri;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeler.

2-nji BAP. STANDARTLAŞDYRMAK BABATDA DÖWLET GÖZEGÇILIGI WE GÖZEGÇILIK BARLAGY

7-nji madda. Standartlaşdyrmak babatda döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralar

Standartlaşdyrmak babatda döwlet gözegçiligi we gözegçilik barlagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarly edara, beýleki döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) standartlaşdyrmak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) standartlaşdyrmak babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

3) ygtyýarly edarany kesgitleýär;

4) standartlaşdyrmak babatda halkara hyzmatdaşlygynyň maksatnamalaryny tassyklaýar;

5) standartlaşdyrmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

9-njy madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

Ygtyýarly edara:

1) standartlaşdyrmak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) döwlet standartlaryny tassyklaýar we olara üýtgetmeler girizýär, olaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýar, olary herekete girizýär we ýatyrýar;

3) tehniki şertleriň we olara üýtgetmeler girizmegiň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýar;

4) döwlet standartlaryny, tehniki şertleri, şeýle hem olara girizilýän üýtgetmeleri bellenilen tertipde çap edýär;

5) halkara, döwletara (sebit) standartlarynyň, daşary ýurt döwletleri tarapyndan kabul edilen beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň Türkmenistanyň çäginde ulanylmagynyň tertibini belleýär;

6) Standartlaryň döwlet sanawyny, Tehniki şertleriň döwlet sanawyny ýöredýär;

7) kadalaşdyryjy resminamalaryň gaznasyny döredýär;

8) kadalaşdyryjy resminamalaryň düşündirilmesini amala aşyrýar;

9) ýuridik şahslar we hususy telekeçiler tarapyndan kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik barlagyny geçirmek maksady bilen muzdsuz esasda barlaglar geçirýär we olaryň bozulmalary ýüze çykarylan mahalynda olar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan degişli çäreleri ulanýar;

10) kadalaşdyryjy resminamalaryň katalogyny döretmegiň we ýöretmegiň düzgünlerini belleýär;

11) standartlaşdyrmak babatda gözegçiligi we gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň hukuklaryny we borçlaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitleýär;

12) standartlaşdyrmak babatda gözegçilik we gözegçilik barlagy amala aşyrylanda gümrük, sanitariýa, weterinariýa, hukuk goraýjy we döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň beýleki edaralary bilen arkalaşykly hereket edýär;

13) standartlaşdyrmak babatda işi amala aşyrýan halkara guramalarynda Türkmenistana wekilçilik edýär;

14) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

10-njy madda. Döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň beýleki edaralarynyň ygtyýarlylygy

Döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň beýleki edaralary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde:

1) standartlaşdyrmak babatda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) standartlaşdyrmak babatda gözegçiligi we gözegçilik barlagyny amala aşyranlarynda ygtyýarly edara, gümrük, sanitariýa, weterinariýa, hukuk goraýjy edaralar bilen özara hereket edýärler;

3) kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzýärler, tassyklaýarlar (kabul edýärler), bellige alýarlar, ýatyrýarlar, olara üýtgetmeler girizýärler;

4) standartlaşdyrmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.

3-nji BAP. KADALAŞDYRYJY RESMINAMALAR

11-nji madda. Kadalaşdyryjy resminamalaryň derejeleri

1. Türkmenistanyň çäginde kadalaşdyryjy resminamalaryň şu aşakdaky derejeleri hereket edýär:

1) döwlet standartlary;

2) halkara standartlary;

3) döwletara (sebit) standartlary;

4) tehniki şertler;

5) pudaklaýyn standartlar;

6) kärhanalaryň standartlary;

7) düzgünler, düzgünnamalar, gollanmalar, usulyýet görkezmeleri, kadalar we maslahatlar.

2. Şeýle-de ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde, Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt döwletleriniň standartlarynyň ulanylmagyna rugsat berlip bilner.

12-nji madda. Kadalaşdyryjy resminamalara

bildirilýän talaplar

1. Kadalaşdyryjy resminamalar standartlaşdyrmak boýunça halkara, döwletara (sebit) standartlaryna, kadalara, düzgünlere we maslahatlara, daşary ýurt döwletleriniň progressiw standartlaryna, häzirki zaman ylmy-tehniki we tehnologik gazanylanlara esaslanmalydyr, önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) peýdalanylmagynyň şertlerini nazara almalydyr.

2. Önüm (işler, hyzmatlar) babatda kadalaşdyryjy resminamalar ony işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň, ýerlemegiň, ulanmagyň (peýdalanmagyň), saklamagyň, daşamagyň proseslerine bildirilýän talaby, önümi (işleri, hyzmatlary) belgilemegiň we gaplamagyň kadalarynyň bu talaplara laýyk gelşine gözegçilik edilmeginiň usullaryny özünde jemlemelidir.

3. Degişli kadalaşdyryjy resminamalary bolmazdan ýa-da kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň bozulmagy bilen, önümiň (önümleriň) işlenip taýýarlanylmagyna, öndürilmegine, ýerlenilmegine, ulanylmagyna (peýdalanylmagyna), saklanylmagyna, daşalmagyna we abatlanylmagyna, işleriň (hyzmatlaryň) ýerine ýetirilmegine ýol berilmeýär.

13-nji madda. Döwlet standartlary we tehniki şertler

1. Döwlet standartlary we tehniki şertler ygtyýarly edara, ýuridik şahslar we hususy telekeçiler, ýuridik şahslaryň standartlaşdyrmak boýunça gulluklary, standartlaşdyrmak boýunça tehniki komitetler tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar.

2. Döwlet standartlary ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

3. Tehniki şertler olary işläp taýýarlan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler tarapyndan tassyklanylýar.

Gyzyklanýan şahslar ýuridik şahslaryň ýa-da hususy telekeçileriň tehniki şertlerini olaryň notarial tertipde tassyklanylan razylygy bilen ulanmaga haklydyrlar.

4. Döwlet standartlary birkysmy önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) toparlaryna bolan talaplary, zerur halatlarda - önüm (işler, hyzmatlar) işlenilip taýýarlanylanda, öndürilende, ýerlenende, ulanylanda (peýdalanylanda), saklanylanda, daşalanda tehniki kadalara we ölçeglere laýyk gelýän tehniki bütewiligi üpjün edýän anyk önüme (işlere, hyzmatlara) bolan talaplary belleýärler.

5. Tehniki şertler anyk önüme (işlere, hyzmatlara) ýa-da önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) birnäçe görnüşlerine bildirilýän talaplary belleýärler we olar döwlet standartlarynyň talaplarynyň derejesinden pes bolmaly däldir.

6. Döwlet standartlarynda we tehniki şertlerde şu aşakdakylar bolmalydyr:

1) adamyň janyna we saglygyna, daşky gurşawa zelel (zyýan) ýetirilmeginiň töwekgelçiliginiň ýol berilmezligini nazarda tutýan, önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) howpsuzlygy boýunça talaplar, ony işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň, ýerlemegiň, ulanmagyň (peýdalanmagyň), saklamagyň, daşamagyň proseslerine bildirilýän talaplar;

2) önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) esasy sarp ediliş häsiýetleri, olara gözegçilik etmegiň usullary, önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) gaplanylmagyna, belgilenilmegine, ýerlenilmegine, ulanylmagyna (peýdalanylmagyna), saklanylmagyna, daşalmagyna bildirilýän talaplar;

3) önüm (işler, hyzmatlar) işlenilip taýýarlanylanda, öndürilende, ulanylanda (peýdalanylanda) tehniki we maglumat bitewiligini üpjün edýän kadalar we ölçegler, şol sanda tehniki resminamalary resmileşdirmegiň, önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) hilini üpjün etmegiň, serişdeleriň ähli görnüşlerini rejeli peýdalanmagyň kadalary, adalgalary we olaryň kesgitlemeleri, şertli belgileri, metrologik we beýleki umumy tehniki we guramaçylyk tehniki kadalary we ölçegleri;

4) tehniki we maglumat taýdan gabat gelmegi we önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) biri-biriniň ornuny tutup bilmegi boýunça talaplar.

Döwlet standartlarynda we tehniki şertlerde ýuridik şahslar we hususy telekeçiler tarapyndan önüme (işlere, hyzmatlara) bildirilýän başga talaplar hem göz öňünde tutulyp bilner.

7. Döwlet standartlarynyň we tehniki şertleriň talaplary önümi (işleri, hyzmatlary) işläp taýýarlaýan, öndürýän, ýerleýän, ulanýan (peýdalanýan), saklaýan, daşaýan ähli ýuridik şahslar we hususy telekeçiler üçin hökmanydyr.

8. Döwlet standartlaryny we tehniki şertleri işläp düzmegiň, tassyklamagyň, bellige almagyň, üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

14-nji madda. Pudaklaýyn standartlar we

kärhanalaryň standartlary

1. Pudaklaýyn standartlar we kärhanalaryň standartlary belli bir görnüşli we şol bir sarp edilýän we funksional niýetlenilen önümi (işleri, hyzmatlary) öndürýän ýuridik şahslar we hususy telekeçiler tarapyndan işlenilip düzülýär we tassyklanylýar.

2. Pudaklaýyn standartlar önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) degişli döwlet standartlary bellenilmedik görnüşleri üçin işlenilip düzülýär.

Pudaklaýyn standartlar, eger döwlet standartlary tarapyndan bellenilen hil taýdan ulanylyş görkezijileriniň ýaramazlaşmagyny aradan aýyrýan bolsalar, döwlet standartlarynyň çäklendirilmeginiň bellenilmegine zerurlyk ýüze çykanda hem işlenilip düzlüp bilner.

3. Kärhanalaryň standartlary özleri babatda degişli döwlet ýa-da pudaklaýyn standartlar bellenilmedik önüm (işler, hyzmatlar) üçin işlenip düzülýär.

4. Pudaklaýyn standartlar we kärhanalaryň standartlary hakynda maglumatlar tassyklanylandan soň otuz senenama gününden gijä galman ygtyýarly edara iberilýär.

5. Pudaklaýyn standartlary we kärhanalaryň standartlaryny işläp düzmegiň, kabul etmegiň, bellige almagyň, şeýle hem üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylan döwlet standarty bilen bellenilýär.

15-nji madda. Halkara, döwletara (sebit) standartlary, daşary ýurt döwletleriniň standartlary

1. Halkara standartlary standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasy tarapyndan tassyklanylýar.

2. Döwletara (sebit) standartlary standartlaşdyrmak boýunça döwletara (sebit) guramasy tarapyndan tassyklanylýar.

3. Halkara, döwletara (sebit) standartlary, daşary ýurt döwletleriniň standartlary hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklarynyň (şertnamalaryň), şeýle hem ygtyýarlyk berlen edaranyň standartlaşdyrmak boýunça degişli halkara, sebit guramalary bilen ylalaşyklary esasynda ulanylýar.

4. Halkara, döwletara (sebit) standartlarynyň, daşary ýurt döwletleriniň standartlarynyň bellige alynmagy we ulanylmagy ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

16-njy madda. Düzgünler, düzgünnamalar, gollanmalar, usulyýet görkezmeleri, ölçegler we maslahatlar

1. Düzgünler, düzgünnamalar, gollanmalar, usulyýet görkezmeleri, ölçegler we maslahatlar önümi (işleri, hyzmatlary) öndürýän ýuridik şahslar we hususy telekeçiler tarapyndan işlenilip düzülýär we tassyklanylýar.

2. Düzgünleriň, düzgünnamalaryň, gollanmalaryň, usulyýet görkezmeleriniň, ölçegleriň we maslahatlaryň işlenilip düzülmeginiň, kabul edilmeginiň, bellige alynmagynyň, şeýle hem üýtgedilmeginiň we ýatyrylmagynyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

17-nji madda. Kadalaşdyryjy resminamalaryň gaznasy

1. Peýdalanyjylary maglumat taýdan üpjün etmek maksady bilen ygtyýarly edara kadalaşdyryjy resminamalaryň gaznasyny döredýär we ol şu aşakdakylary amala aşyrýar:

1) döwlet tarapyndan bellige alynmakdan geçen döwlet standartlaryny, tehniki şertleri, şeýle hem pudaklaýyn standartlary we kärhanalaryň standartlaryny saklamagy;

2) halkara we döwletara (sebit) standartlaryny, düzgünleri, düzgünnamalary, gollanmalary, usulyýet görkezmelerini, ölçegleri we maslahatlary, daşary ýurt döwletleriniň standartlaryny edinmegi we saklamagy.

2. Öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde kadalaşdyryjy resminamalary tassyklan (kabul eden) ýuridik şahslar we hususy telekeçiler bu resminamalaryň maglumatlar gaznalaryny döredýärler we alyp barýarlar, şeýle hem peýdalanyjylary olar hakyndaky maglumat bilen üpjün edýärler.

18-nji madda. Kadalaşdyryjy resminamalaryň çap edilmegi we ýaýradylmagy

1. Türkmenistanda ulanylmagy üçin kabul edilen halkara we döwletara (sebit) standartlaryny, daşary ýurt döwletleriniň standartlaryny, şeýle hem döwlet tarapyndan bellige alynmakdan geçen döwlet standartlaryny we tehniki şertleri resmi taýdan çap etmegiň aýratyn hukugy ygtyýarly edara degişlidir.

2. Fiziki we ýuridik şahslara, eger döwlet we täjirçilik syryny düzmeýän bolsalar, kabul edilen kadalaşdyryjy resminamalar hakynda resmi maglumatdan, şeýle hem kadalaşdyryjy resminamalaryň özünden erkin peýdalanyp bilmegi üpjün edilýär.

4-nji BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

19-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

20-nji madda. Jedelleriň çözülişi

Standartlaşdyrmak babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

21-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. 1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen "Türkmenistanyň Standartizasiýa we metrologiýa hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 61-nji madda), oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňky kanunlary ýa-da olaryň degişli böleklerini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

3. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary, şu Kanunyň güýje giren gününden başlap, üç aý möhletde oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.
2012-nji ýylyň 19-njy oktýabry.
№ 343 IV.
 




Geljekki sahypa: Kanunlar
Öňkii sahypa: Sertifikatlaşdyrmak hakynda