TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda

Şu Kanun sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda döwlet syýasatynyň guramaçylyk-hukuk, durmuş-ykdysady esasyny kesgitleýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) düýpli kemçiligi bolan haryt (iş, hyzmat) – kemçilikli haryt bolup, ol:

a) harydy maksatlaýyn wezipesine görä ulanylmaz ýaly edýän ýa-da oňa ýol bermeýän haryt (iş, hyzmat);

b) düzedilenden soň gaýtadan ýüze çykýan ýa-da düzedilmegine ýigrimi senenama gününden köp wagt talap edilýän, ýa-da asla düzedip bolmaýan;

ç) umuman alanyňda kepillik möhletiniň we her ýylyň dowamynda otuz senenama gününden köp wagtlap abatlaýyşda bolan;

2) gowy hilli haryt (iş, hyzmat) – öz aýratynlyklary we häsiýetleri boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna ýa-da şertnamanyň şertlerine laýyk gelýän haryt (iş, hyzmat);

3) haryt (iş, hyzmat) – öndürijiniň (ýerine ýetirijiniň) sarp edijä satmak üçin niýetlenen önümi (netijesi);

4) harydyň (işiň, hyzmatyň) howpsuzlygy – harydyň (işiň, hyzmatyň) peýdalanylmagynyň, saklanylmagynyň, daşalmagynyň, utilleşdirilmeginiň, ýok edilmeginiň adaty şertlerinde sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine, daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirilip bilinmeginiň mümkinçiligi bilen bagly töwekgelçiligi bolmadyk harydyň (işiň, hyzmatyň) aýratynlyklarynyň we häsiýetleriniň jemi;

5) harydyň (işiň, hyzmatyň) hili – harydyň (işiň, hyzmatyň) sarp edijiniň isleglerini kanagatlandyrmak ukybyna degişli we onuň kadalaşdyryjy resminamalarda bellenen talaplara laýyk gelýän aýratynlyklarynyň we häsiýetleriniň jemi;

6) harydy uzaklykdan satmagyň (distansion) usuly – sarp edijini kataloglar, prospektler, kitapçalar, fotosuratlar, aragatnaşyk serişdeleri arkaly ýa-da sarp edijiniň haryt ýa-da onuň nusgasy bilen gönüden-göni tanyşmagyna mümkinçilik bermeýän başga usullar arkaly harydyň satyjy tarapyndan teklip edilýän aýratynlyklary bilen tanyşdyrylmagy esasynda baglaşylýan şertnama boýunça ony sarp edijä eltip bermek şerti bilen satylmagynyň usuly;

7) hyzmat ediş möhleti – öndürijiniň (ýerine ýetirijiniň) belli bir wagtyň dowamynda harydyň (işiň) howpsuzlygyny kepillendirýän, şeýle hem öz günäsi boýunça ýüze çykan düýpli kemçilikler üçin jogapkärçilik çekýän döwri;

8) kepillik möhleti – öndürijiniň, satyjynyň (ýerine ýetirijiniň) sarp edijiniň harydyň (işiň, hyzmatyň) kemçiligi babatda talaplarynyň belli bir wagtyň dowamynda tölegsiz kanagatlandyrylmagy boýunça borçnamalary öz üstüne alýan döwri;

9) kemçiligi bolan haryt (iş, hyzmat) – kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna ýa-da şertnamanyň şertlerine, ýa-da şeýle harydyň (işiň, hyzmatyň) adatça ulanylýan maksatlaryna laýyk gelmeýän haryt (iş, hyzmat);

10) öndüriji – sarp edijä satmaga niýetlenen senagat harytlaryny taýýarlaýan ýa-da öndürýän hususy telekeçi, ýuridik şahs (onuň aýrybaşga düzüm birligi);

11) sarp ediji – girdeji almak bilen bagly bolmadyk şahsy (durmuş) hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin harydy (işi, hyzmaty) satyn almakçy (buýurmakçy) bolýan, satyn alýan (buýurýan) ýa-da satyn alnan harydy (işi, hyzmaty) ulanýan fiziki şahs;

12) satyjy harydy bölekleýin satyn almak-satmak şertnamasy boýunça sarp edijä harytlary satmagy amala aşyrýan hususy telekeçi, ýuridik şahs (onuň aýrybaşga düzüm birligi), şeýle hem fiziki şahs;

13) şertnama – haryt bölekleýin satyn almak-satmak amala aşyrylanda, iş ýerine ýetirilende ýa-da hyzmat edilende harydyň (işiň, hyzmatyň) hili, onuň bahasy, möhletleri we beýleki şertler hakynda sarp edijiniň we satyjynyň, ýerine ýetirijiniň arasynda baglaşylýan dilden ýa-da ýazmaça ylalaşyk;

14) ygtyýarly şahs – öndüriji tarapyndan sarp edijileriň haryt, şol sanda kemçiligi bolan haryt ýa-da düýpli kemçiligi bolan haryt babatda şikaýatlaryny kabul etmäge we kanagatlandyrmaga ygtyýarlandyrylan hususy telekeçi ýa-da ýuridik şahs (onuň aýrybaşga düzüm birligi);

15) ýaramlylyk möhleti – öndüriji (ýerine ýetiriji) tarapyndan bellenilýän ýa-da şertnamanyň şertleri bilen kesgitlenilýän harydyň saklanylmagynyň, daşalmagynyň ýa-da peýdalanylmagynyň (sarp edilmeginiň) degişli şertleri berjaý edilen mahalynda, öndürijiniň (ýerine ýetirijiniň) kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna ýa-da şertnamanyň şertlerine laýyklykda onuň howpsuzlygyny we hilini kepillendirýän döwri;

16) ýerine ýetiriji işi ýerine ýetirmek, hyzmaty etmek barada şertnamalar boýunça sarp ediji üçin işleri ýerine ýetirýän ýa-da oňa hyzmat edýän hususy telekeçi, ýuridik şahs (onuň aýrybaşga düzüm birligi).

2-nji madda. Türkmenistanyň sarp edijileriniň hukuklarynyň goralmagy hakynda kanunçylygy

1. Türkmenistanyň sarp edijileriniň hukuklarynyň goralmagy hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Raýat kodeksine esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda bellenilen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry

1. Şu Kanun harydy bölekleýin satyn almak-satmak şertnamasyndan, netijesi harydyň döredilmegi (öndürilmegi) bolup durýan işi ýerine ýetirmek hakynda şertnamadan, netijesi harydyň (zadyň) aýratynlyklarynyň we häsiýetnamalarynyň üýtgedilmegi bolup durýan hyzmatyň edilmegi hakynda şertnamadan hem-de şahsy (durmuş) hajatlaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen we girdeji almak bilen bagly bolmadyk beýleki şertnamalardan gelip çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

2. Şu Kanunyň hereketi zähmet hukuk gatnaşyklaryna esaslanýan işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek hakynda şertnamalardan gelip çykýan gatnaşyklara degişli däldir.

4-nji madda. Sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygryndaky döwlet syýasaty

Sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygryndaky döwlet syýasaty şu aşakdakylara gönükdirilendir: 1) sarp edijileriň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna;
2) sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy bilen bagly hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmegine;
3) sarp edijileriň gowy hilli harytlar (işler, hyzmatlar) bilen üpjün edilmegine.

5-nji madda. Sarp edijileriň jemgyýetçilik birleşikleri

1. Sarp edijileriň öz hukuklaryny goramak maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde meýletin esasda sarp edijileriň jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge hukugy bardyr.

2. Sarp edijileriň jemgyýetçilik birleşikleri sarp edijileriň hukuklaryny goramak boýunça işini öz tertipnamalaryna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýarlar.

6-njy madda. Kepillik borçnamalary

1. Öndüriji (ýerine ýetiriji) haryda (işe, hyzmata) kepillik möhletini bellemäge borçludyr, şu Kanunyň 15-nji maddasynyň 6-njy böleginde görkezilen harytlar (işler) muňa degişli däldir.

2. Eger öndüriji (ýerine ýetiriji) tarapyndan haryda (işe, hyzmata) kepillik möhleti bellenmedik bolsa, satyjynyň ony bellemäge hukugy bar.

Eger öndüriji tarapyndan haryda kepillik möhleti bellenen bolsa, satyjynyň haryda öndüriji tarapyndan bellenen kepillik möhletden has uzak kepillik möhleti bellemäge hukugy bar.

Satyjynyň haryda öndüriji tarapyndan bellenen kepillik möhletini gysgaltmaga, şeýle hem kepillik talonyna sarp edijileriň hukuklaryny goramak ulgamynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna garşy gelýän maglumaty girizmäge hukugy ýok.

3. Harydyň (işiň, hyzmatyň) kepillik möhleti, şeýle hem onuň hyzmat ediş möhleti, eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, haryt (iş) sarp edijä satylan gününden hasaplanyp başlanýar. Eger harydyň (işiň, hyzmatyň) satylan gününi anyklamak mümkin bolmasa, bu möhletler harydyň öndürilen (işiň ýerine ýetirilen, hyzmatyň edilen) gününden hasaplanýar.

Harydyň (işiň) hyzmat ediş möhleti öndüriji (ýerine ýetiriji) tarapyndan, harydyň (işiň) funksional wezipesinden ugur alnyp bellenilýär we wagt birligi (ýyllar, aýlar, gije-gündiz, sagat) we beýleki ölçeg birlikleri (kilometrler, metrler) bilen hasaplanylýar.

4. Haryda (işe) kepillik möhletiniň dowamlylygy kesgitlenen mahalynda, öndürijiniň (ýerine ýetirijiniň) kepillik möhletiniň haýsy wakanyň öň bolup geçendigine – harydy (işi) peýdalanmagyň (ulanmagyň) hasaplanylmagynyň wagtynyň anyk döwrüniň tamamlanýandygyna ýa-da başga birlikleriniň tamamlanýandygyna salgylanyp, wagt birlikleriniň we başga ölçeg birlikleriniň utgaşdyrylmasyny peýdalanmaga hukugy bardyr.

5. Möwsümleýin harytlar (aýakgaplar, geýimler we beýleki harytlar) üçin kepillik möhletleri: gyşky harytlar üçin – her ýylyň 1-nji dekabryndan, ýazky harytlar üçin – her ýylyň 1-nji martyndan, tomusky harytlar üçin – her ýylyň 15-nji aprelinden, güýzki harytlar üçin her ýylyň 15-nji oktýabryndan hasaplanyp başlanýar.

6. Eger haryda (işe, hyzmata) kepillik möhleti bellenmedik bolsa, sarp ediji tarapyndan harydyň (işiň, hyzmatyň) kemçiligi ýa-da düýpli kemçiligi bilen bagly talaplar bildirilip bilner, şonda satylan harytdaky (işdäki, hyzmatdaky) kemçiligiň, eger şertnamada has uzak möhlet bellenmedik bolsa, görkezilen harydyň (işiň, hyzmatyň) sarp edijä satylan gününden soň iki ýyldan aňry geçmeýän möhletde ýüze çykarylmagy şert bolup durýar.

7. Eger harydyň (işiň, hyzmatyň) şertnamada göz öňünde tutulan kepillik möhleti iki ýyldan az bolsa we harydyň kemçiligi sarp ediji tarapyndan bu kepillik möhleti tamamlanandan soň, ýöne harydyň (işiň, hyzmatyň) satylan gününden iki ýyldan geçmeýän möhletde ýüze çykarylan bolsa, sarp edijiniň satyja (ýerine ýetirijä) şu Kanunyň 22-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan talaplary bildirmäge hukugy bardyr. Eger satyjy (ýerine ýetiriji) harytda (işde) ýüze çykarylan kemçiligiň sarp edijiniň günäsi bilen dörändigini subut etse, satyjy (ýerine ýetiriji) onuň görkezilen talabyndan ýüz döndermäge haklydyr.

8. Harydyň (işiň, hyzmatyň) kepillik möhleti geçenden soň harytdaky (işdäki) kemçilik satyjy tarapyndan tölegli esasda düzedilýär. Eger harytda (işde) ýüze çykarylan kemçilik düýpli kemçilik bolsa, sarp ediji harytdaky (işdäki) düýpli kemçiligiň - diňe hyzmat ediş möhletiniň dowamynda, eger hyzmat ediş möhleti bellenilmedik bolsa, harydyň (ýerine ýetirilen işiň) sarp edijä berlen pursatyndan başlap on ýylyň dowamynda tölegsiz düzedilmegini talap etmäge haklydyr. Eger satyjy harytda (işde) ýüze çykarylan kemçiligiň sarp edijiniň günäsi bilen dörändigini subut etse, görkezilen kemçilik satyjy (ýerine ýetiriji), ygtyýarly şahs tarapyndan tölegli esasda düzedilýär.

9. Kepillik möhletleri düzüji önümler we esasy harydyň (işiň) düzüm bölekleri üçin bellenip bilner, bu kepillik möhletleri esasy harydyň (işiň) belleniliş tertibinde hasaplanýar.

Esasy harydyň (işiň) düzüji önümleri we düzüm bölekleri üçin kepillik möhletler, eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, esasy haryt üçin kepillik möhlete deň diýlip hasap edilýär. Eger şertnamada düzüji önümler üçin esasy harydyň (işiň) kepillik möhletinden az kepillik möhlet bellenen bolsa, eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, sarp edijiniň esasy haryt (iş) üçin kepillik möhletiň dowamynda ýüze çykarylan kemçilik hakynda talap bildirmäge hukugy bardyr.

Eger şertnamada düzüji önümler üçin esasy harydyň kepillik möhletinden uzak dowam edýän kepillik möhlet bellenen bolsa, sarp edijiniň haryt (iş) üçin kepillik möhletiniň tamamlanandygyna garamazdan, düzüji önümdäki kemçilik bu önüm üçin bellenen kepillik möhletiniň dowamynda ýüze çykarylan bolsa, esasy harytda (işde) ýüze çykarylan kemçiligi düzetmek barada talap bildirmäge hukugy bardyr.

10. Harydyň (işiň) nusgalar boýunça, poçta arkaly satylmagy, şeýle hem şertnamanyň baglaşylýan we harydyň (işiň) sarp edijä geçirilýän wagty gabat gelmeýän ýagdaýlarda, harydyň (işiň) kepillik möhleti ýa-da hyzmat ediş möhleti harydyň (işiň) sarp edijä eltilen gününden, eger haryt (iş) ýörite gurnalmagyny (birikdirilmegini) ýa-da düzülmegini talap edýän bolsa – gurnalan (birikdirilen) ýa-da düzülen gününden hasaplanyp başlaýar. Eger sarp ediji satyja (ýerine ýetirijä) bagly bolan ýagdaýlar sebäpli harydy (işi) ulanmak mümkinçiliginden mahrum bolsa, harydyň (işiň) kepillik möhleti ýa-da hyzmat ediş möhleti satyjy (ýerine ýetiriji) tarapyndan şeýle ýagdaýlar aradan aýrylýança hasaplanylmaýar.

Eger harydyň (işiň) berlen, gurnalan (birikdirilen) ýa-da düzülen gününi kesgitlemek mümkin bolmasa, görkezilen möhletler şertnamanyň baglaşylan gününden hasaplanyp başlanýar.

11. Şu maddada görkezilen möhletler şu Kanunyň 14-nji maddasyna laýyklykda sarp edijä haryt (iş) hakynda berilýän maglumat arkaly sarp edijiniň dykgatyna ýetirilýär.

II BAP. SARP EDIJILERIŇ HUKUKLARYNYŇ GORALMAGY ÇYGRYNDA DÖWLET GÖZEGÇILIGI

7-nji madda. Sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralar

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi (mundan beýläk – ygtyýarly edara), sarp edijileriň hukuklaryny goraýan beýleki döwlet edaralary (mundan beýläk – beýleki döwlet edaralary), ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;
3) sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrýar;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

9-njy madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

Ygtyýarly edara:
1) sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrýar;
2) sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
3) sarp edijileriň arzalaryna we şikaýatlaryna seredýär;
4) Türkmenistanyň sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy hakynda kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýär;
5) sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda beýleki döwlet edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, sarp edijileriň jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde işleýär;
6) kazyýetde sarp edijiniň hukuklaryny goraýar;
7) raýatlara sarp edijileriň hukuklaryny goramagyň meseleleri barada habar berýär;
8) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

10-njy madda. Beýleki döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy

Beýleki döwlet edaralary:
1) sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýar;
2) Türkmenistanyň sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy hakynda kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýär;
3) sarp edijileriň arzalaryna we şikaýatlaryna seredýär;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

11-nji madda. Ýerine ýetirijiý erli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:
1) sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýar;
2) sarp edijileriň arzalaryna we şikaýatlaryna seredýär;
3) sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine, ýa-da daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirip biljek harytlaryň (işiň, hyzmatyň) satylan ýagdaýlarynyň ýüze çykarylandygy hakynda ygtyýarly edara we beýleki döwlet edaralaryna habar berýär;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

12-nji madda. Sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralara zerur bolan maglumatlaryň berilmegi boýunça borç

Satyjy, öndüriji, ýerine ýetiriji, ygtyýarly şahs sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralaryň talaby boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak üçin zerur bolan ygtybarly maglumatlary, resminamalary, ýazmaça görnüşde ýa-da dilden düşündirişleri we beýleki maglumatlary bellenen möhletde bermäge borçludyrlar.

III BAP. SARP EDIJILERIŇ HUKUKLARY

13-nji madda. Sarp edijiniň harydy (işi, hyzmaty) erkin saýlap almaga bolan hukugy

1. Sarp edijiniň harydy (işi, hyzmaty) erkin saýlap almaga hukugy bar.

2. Satyjy (ýerine ýetiriji) sarp edijiniň amatly bolan wagtda gowy hilli harydy (işi, hyzmaty) erkin saýlap alyp bilmegini üpjün etmäge borçludyr.

3. Şu Kanunda we Türkmenistanyň sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen hukuklara garanyňda sarp edijiniň hukuklaryny çäklendirýän şertnamanyň şertleri hakyky däl diýlip hasap edilýär.

4. Bir harydyň (işiň, hyzmatyň) satyn alynmagyny beýleki harydyň (işiň, hyzmatyň) hökmany satyn alynmagy bilen şertlendirilmegine rugsat berilmeýär.

5. Eger şertnamanyň şertlerinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, sarp edijiniň razylygy bolmazdan satyjynyň, ýerine ýetirijiniň şu aşakdakylara hukugy ýokdur:
1) töleg alyp goşmaça işleri (hyzmatlary) ýerine ýetirmäge. Sarp edijiniň görkezilen işler (hyzmatlar) üçin töleg tölemekden ýüz öwürmäge, eger olar tölenen bolsa – satyjydan, ýerine ýetirijiden ýerine ýetirilen iş (hyzmat) üçin tölenen goşmaça pul möçberleriniň gaýtarylmagyny talap etmäge;
2) sarp edijiniň satyn almakçy bolýan harydy (işi, hyzmaty) üçin tölegiň öňünden doly ýa-da bölekleýin tölenilmegini talap etmäge.

6. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda, haryt (iş, hyzmat) saýlanylýan mahalynda haýsydyr bir artykmaçlyklaryň, göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirmeleriň bellenilmegine rugsat berilmeýär.

7. Sarp edijileriň aýry-aýry toparlaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde söwda, durmuş hyzmatynda we sarp edijilere hyzmat etmegiň başga görnüşlerinde ýeňillikler we artykmaçlyklar berlip bilner.

14-nji madda. Satyjy, öndüriji (ýerine ýetiriji) hakynda, haryt (iş, hyzmat) hakynda doly we ygtybarly maglumat almaga hukuk

1. Sarp edijiniň satyjy, öndüriji (ýerine ýetiriji) hakynda, haryt (iş, hyzmat) hakynda doly we ygtybarly maglumat almaga hukugy bardyr. Görkezilen maglumat sarp edijileriň dykgatyna harydy bölekleýin satyn almak-satmak şertnamasy, işi ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek hakynda şertnama baglaşylanda sarp edijilere hyzmat etmegiň aýry-aýry ulgamlarynda kabul edilen usullar bilen aýdyň we elýeterli görnüşde ýetirilýär.

2. Satyjy (ýerine ýetiriji) hakynda maglumatda şu aşakdakylar bolmalydyr:
1) satyjynyň (ýerine ýetirijiniň) doly ady;
2) satyjynyň (ýerine ýetirijiniň) iş düzgüni, şu Kanunyň 1-nji maddasynyň 12-nji bendinde görkezilen fiziki şahs muňa degişli däldir;
3) ýuridik şahs ýa-da ýuridik şahsy döretmezden hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy (eger amala aşyrylýan işiň görnüşi ygtyýarlylandyrylmaga degişli bolsa), ygtyýarnamasynyň bardygy hakynda maglumatlar.

Satyjynyň (ýerine ýetirijiniň) doly ady, olaryň iş düzgüni atýazgyda ýerleşdirilýär.

3. Eger sarp edijilere söwda, durmuş hyzmatlary we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri satyjynyň (ýerine ýetirijiniň) hemişe bolýan ýerinden başga ýerde amala aşyrylsa, şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan maglumat sarp edijileriň dykgatyna olara wagtlaýyn jaýlarda, ýarmarkalarda, göçme dükanlarda söwda, durmuş hyzmatlary we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri edilende hem ýetirilmelidir.

4. Satyjy (ýerine ýetiriji) sarp edijä şu aşakdakylar hakynda zerur bolan we ygtybarly maglumaty öz wagtynda bermäge borçludyr:
1) harytlaryň (işiň, hyzmatyň) satylyşynyň düzgünleri hakynda;
2) eger işiň (hyzmatyň) häsiýetine baglylykda ähmiýeti bolup biljek bolsa, işi ýerine ýetirjek, hyzmaty etjek anyk şahs hakynda;
3) harytlar (işler, hyzmatlar) hakynda, olary dogry saýlap bilmäge mümkinçiligi üpjün edýän;
4) harydyň (işiň, hyzmatyň) satylyşynyň şertleri hakynda.

5. Haryt (iş, hyzmat) hakynda maglumatda şu aşakdakylar bolmalydyr: 1) harydyň (işiň, hyzmatyň) ady we onuň esasy sarp edijilik aýratynlyklary we häsiýetleri hakynda maglumatlar;
2) öndürijiniň (ýerine ýetirijiniň), ygtyýarly şahsyň, olaryň ýerleşýän ýeriniň (hukuk salgysynyň) doly ady;
3) harydyň öndürilen ýurdunyň ady, haryt (iş, hyzmat) öndürilende esaslanylan kadalaşdyryjy resminamanyň aňladylmagy, hasaba alnan (patentleşdirilen) haryt belgisi ýa-da hyzmat ediş belgisi;
4) harytlaryň (işiň, hyzmatyň) esasy sarp edijilik aýratynlyklary we häsiýetleri hakynda maglumatlar, azyk harydy babatda – onuň düzüminde iýmitlik goşundylarynyň, biologik taýdan işjeň goşundylaryň bardygy hakynda maglumatlar, azyk harydynda genetik taýdan modifisirlenen organizmleriň (mikroorganizmleriň) ýokdugy hakynda maglumatlar - Türkmenistanda öndürilen önümler üçin, azyk harytlarynyň iýmitlik gymmaty, niýetlenilişi, ulanylyş we saklanylyş şertleri hakynda, taýýar naharlary taýýarlamagyň usullary hakynda, azyk önüminiň agramy (göwrümi), öndürilen we gaplanan (çekilip gaplanan) senesi we ýeri hakynda maglumatlar, şeýle hem keselleriň aýry-aýry görnüşlerinde ulanylmagyna ýol berilmeýän görkezmeler hakynda maglumatlar. Keselleriň aýry-aýry görnüşlerinde ulanylmagyna ýol berilmeýän görkezmeler hakyndaky maglumatlary görkezilmeli azyk harytlarynyň sanawy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar;
5) bahasy hakynda maglumatlar;
6) eger bellenilen bolsa, kepillik möhletiniň görkezilmegi;
7) harydyň (işiň, hyzmatyň) niýetlenilişi hakynda we onuň netijeli we howpsuz ulanylmagynyň şertleri hakynda maglumatlar;
8) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda bellenen harydyň (işiň) öndürilen senesi, hyzmat ediş möhleti ýa-da ýaramlylyk möhleti hakynda maglumatlar, şeýle hem, eger haryt (iş, hyzmat) görkezilen möhletler tamamlanandan soň sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine ýa-da daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirip biljek bolsa ýa-da niýetlenilişi boýunça ulanylmaga ýaramsyz bolsa, hyzmat ediş möhleti ýa-da ýaramlylyk möhleti tamamlanandan soň sarp edijiniň görmeli zerur çäreleri we şeýle çäreler görülmedik ýagdaýynda ýüze çykyp biljek netijeler hakynda maglumatlar;
9) özi babatda ýokumlylygy hakynda maglumatyň bolmagy barada kadalaşdyryjy resminmalarda kesgitlenen azyk däl harydyň ýokumlylygy hakynda maglumatlar;
10) harytlaryň (işiň, hyzmatyň) sertifikatlaşdyrylmagy hakynda maglumatlar;
11) harydyň (işiň) agramy (sap agramy, gaply argamy), göwrümi, mukdary we (ýa-da) toplumlylygy hakynda maglumatlar;
12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sarp edijä görkezilmegi hökmany bolan beýleki maglumatlar.

6. Şu maddanyň 5-nji böleginde göz öňünde tutulan maglumat sarp edijileriň dykgatyna harytlaryň (işiň, hyzmatyň) ýanyna goşulýan tehniki resminamalar arkaly ýa-da harytlaryň (işiň, hyzmatyň) aýry-aýry görnüşleri üçin kabul edilen beýleki usullar arkaly ýetirilýär.

7. Sarp edijä öň ulanylyşda bolan ýa-da kemçiligi düzedilen haryt (iş, hyzmat) satylýan bolsa, sarp edijä bu hakynda maglumat berilmeli. Kemçilikli haryt (iş, hyzmat) satylan ýagdaýynda görkezilen kemçiligiň barlygy hakynda maglumat onuň tölegini tassyklaýan resminamada görkezilmeli.

8. Şu maddanyň 2-nji böleginde göz öňünde tutulan maglumat sarp edijileriň dykgatyna döwlet dilinde ýetirilýär, şu maddanyň 5-nji böleginde göz öňünde tutulan maglumat bolsa, döwlet dilinde we (ýa-da) rus dilinde we (ýa-da) iňlis dillerinde görkezilýär, goşmaça, satyjynyň, öndürijiniň, ýerine ýetirijiniň garamagyna görä – beýleki dillerde hem görkezilýär.

9. Ýerine ýetiriji işiň ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň edilmegi üçin niýetlenen ýaramsyz ýa-da pes hilli materialyň (zadyň) berlendigi, işiň ýerine ýetirilmeginiň, hyzmatlaryň edilmeginiň sarp ediji tarapyndan hödürlenen usul bilen esaslandyryp ylalaşmadyk halatynda, sarp edijä bagly bolan ýagdaýyň döremegi ýerine ýetirilýän işiň, edilýän hyzmatyň hiliniň üýtgemegine getirip biljekdigi hakynda, ýa-da işleriň ýerine ýetirilmeginiň, hyzmatlaryň edilmeginiň möhletinde tamamlanmagynyň mümkin däldigi hakynda sarp edijä öz wagtynda we esaslandyryp habar bermäge borçludyr.

Eger sarp ediji ýerine ýetirijiniň duýduryşyna garamazdan, şertnamada bellenen möhletde ýaramaz ýa-da pes hilli materialy (zady) çalyşmasa ýa-da işleri ýerine ýetirmegiň, hyzmatlary etmegiň usuly baradaky görkezmelerini üýtgetmese, ýa-da ýerine ýetirilýän işiň, edilýän hyzmatyň hiliniň peselmegine getirýän beýleki ýagdaýlary aradan aýyrmasa, ýerine ýetirijiniň işiň ýerine ýetirilmegi ýa-da hyzmatyň edilmegi hakyndaky şertnamalary bozmaga we ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyny talap etmäge hukugy bardyr.

10. Ýerine ýetirijä bagly bolan, işleriň ýerine ýetirilmegini, hyzmatlaryň edilmegini möhletinde tamamlamaga mümkinçilik bermeýän ýagdaýlar ýüze çykanda, ýerine ýetiriji bu ýagdaýlar hakynda sarp edijä öz wagtynda habar bermäge borçludyr.

11. Harydyň (işiň, hyzmatyň) saýlanylyp alynmagy üçin zerur bolan ol barada doly ýa-da ygtybarly maglumat berilmedik ýagdaýynda, sarp edijiniň aşakda görkezilen ýagdaýlarda ýedi senenama gününiň dowamynda şertnamany bozmaga ýa-da haryt (iş, hyzmat) üçin tölenilen pul möçberiniň gaýtarylmagyny hem-de özüne ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyny talap etmäge hukugy bardyr, ýagny:
1) satyn alnan harydyň (işiň, hyzmatyň) sarp ediji üçin zerur bolan aýratynlyklary, häsiýetleri bolmasa;
2) satyn alnan harydyň (işiň, hyzmatyň) niýetlenilişi boýunça ulanylmagyna mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda.

12. Sarp ediji şertnamany ýerine ýetirmekden ýüz öwren halatynda, eger ol harydyň (işiň) häsiýetnamasy sebäpli mümkin bolsa, ony satyja (ýerine ýetirijä) yzyna gaýtarmalydyr.

Satyjynyň (ýerine ýetirijiniň) sarp edijä haryt (iş) üçin tölän pul möçberini yzyna gaýtaran mahalynda, ondan harydyň (işiň) doly ýa-da bölekleýin ulanylandygy, onuň harytlyk görnüşiniň ýitendigi sebäpli ýa-da şuňa meňzeş başga sebäplere görä onuň bahasynyň peselen mukdaryndaky pul möçberini tutup galmaga hukugy ýokdur.

13. Sarp edijiniň satyjy (ýerine ýetiriji) tarapyndan haryt (iş, hyzmat) hakynda doly we ygtybarly maglumatyň berilmändigi netijesinde özüne ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagy hakynda talaplaryna garalanda, sarp edijide harydyň (işiň, hyzmatyň) aýratynlyklary we häsiýetleri barada ýörite bilimleriniň ýoklugy hakyndaky pikirden ugur almak gerek.

15-nji madda. Harydyň (işiň, hyzmatyň) howpsuzlygyna bolan hukuk

1. Sarp edijiniň harydyň (işiň, hyzmatyň) ulanylyş, saklanylyş, daşalyş şertlerini berjaý eden mahalynda onuň howpsuz bolmagyna hukugy bardyr.

2. Harydyň (işiň, hyzmatyň) howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça talaplar hökmandyr. Harydyň (işiň, hyzmatyň) görkezilen talaplara laýyk gelýändiginiň hökmany tassyklanylýandygy barada maglumatlary bolmazdan onuň satylmagyna rugsat berilmeýär.

3. Öndürijiniň (ýerine ýetirijiniň) uzak wagtlap ulanylmaga niýetlenen haryt (iş) üçin hyzmat ediş möhletini bellemäge hukugy bardyr. Eger haryt (iş) belli bir wagtyň geçmegi bilen sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine ýa-da daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirip biljek bolsa, öndüriji (ýerine ýetiriji) uzak wagtlap ulanylmaga niýetlenen haryt (iş) üçin hyzmat ediş möhletini bellemäge borçludyr.

Belli bir wagtyň geçmegi bilen sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine ýa-da daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirip biljek hem-de öndüriji (ýerine ýetiriji) olar babatynda hyzmat ediş möhletini bellemäge borçly bolan uzak wagtlap ulanylmaga niýetlenen harytlaryň, şol sanda olaryň düzüji önümleriniň (şaýlaryň, bölekleriň, abzallaryň) sanawy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

4. Öndüriji (ýerine ýetiriji) bellenen hyzmat ediş möhletiniň ýa-da ýaramlylyk möhletiniň dowamynda harydyň (işiň) howpsuzlygyny üpjün etmäge borçludyr.

5. Eger öndüriji (ýerine ýetiriji) haryt (iş) üçin hyzmat ediş möhletini bellemedik bolsa, ol haryt (iş) sarp edijä berlen gününden soň on ýylyň dowamynda onuň howpsuzlygyny üpjün etmäge borçludyr.

6. Öndüriji (ýerine ýetiriji) azyk harytlaryna (işe), parfýumeriýa-kosmetika harytlaryna, dermanlara, durmuş himiýasynyň harytlaryna we belli bir wagtyň geçmegi bilen sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine ýa-da daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirip biljek beýleki harytlara ýaramlylyk möhletini bellemäge borçludyr. Belli bir wagtyň geçmegi bilen sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine ýa-da daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirip biljek, öndürijiniň (ýerine ýetirijiniň) ýaramlylyk möhletini bellemäge borçly bolan harytlarynyň sanawy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär. Görkezilen harytlaryň ýaramlylyk möhleti olaryň öndürilen gününden hasaplanýar.

7. Bellenen ýaramlylyk möhleti (hyzmat ediş möhleti) geçen, şeýle hem ýaramlylyk möhletiniň (hyzmat ediş möhletiniň) bellenilmegi hökmany bolan, emma ol möhleti bellenilmedik harydyň (işiň) satylmagyna rugsat berilmeýär. Harydyň ýaramlylyk möhletiniň (hyzmat ediş möhletiniň) dowamlylygy onuň howpsuzlygyna bildirilýän hökmany talaplara laýyk gelmelidir.

8. Eger harydyň (işiň) howpsuz ulanylmagy, saklanylmagy, daşalmagy, utilleşdirilmegi ýa-da ýok edilmegi üçin ýörite düzgünleriň berjaý edilmegi zerur bolsa, öndüriji (ýerine ýetiriji) şol düzgünleri harydyň (işiň) ugradyş resminamasynda ýa-da başga usul bilen görkezmäge, satyjy (ýerine ýetiriji) bolsa, bu düzgünleri sarp edijiniň dykgatyna ýetirmäge borçludyr.

9. Eger sarp ediji tarapyndan harydy (işi) ulanmagyň bellenen düzgünleri, ony saklamagyň we daşamagyň şertleri berjaý edilen mahalynda ol sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine ýa-da daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirýän ýa-da ýetirip biljek bolsa, öndüriji (ýerine ýetiriji, satyjy) haýal etmän zyýanyň (zeleliň) sebäplerini aradan aýyrmak üçin zerur bolan möhlete görkezilen harydy (işi) öndürmegini (taýýarlamagyny, satmagyny) togtatmaga borçludyr.

Eger sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine ýa-da daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirilmeginiň sebäplerini aradan aýyrmak mümkin bolmasa, satyjy (ýerine ýetiriji) aşakdakylara borçludyr:

1) şeýle harydy (işi) önümçilikden (satuwdan) aýyrmaga;

2) bu barada degişli ygtyýarly edara, şeýle hem sarp edijä onuň janyna, saglygyna, nesline, emlägine ýa-da daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirip biljekdigi hakynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen öz wagtynda habar bermäge;

3) görkezilen harydy (işi) dolanyşykdan aýyrmaga we sarp edijilerden yzyna kabul etmäge. Harydy (işi) sarp edijiden yzyna kabul etmek diýlip sarp edijilere kemçiligi ýa-da düýpli kemçiligi bolan harydy (işi) ulanmagy bes etmegiň, şuňa meňzeş kysymly (modelli, artikully) täze haryda (işe) çalyşmak ýa-da öwez puluny almak maksady bilen olaryň satyja berilmeginiň zerurdygy hakynda habar bermäge gönükdirilen çäreleriň toplumyna düşünilýär.

10. Sarp edijini onuň janyna, saglygyna, nesline, emlägine ýa-da daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirýän ýa-da ýetirip biljek haryt (iş, hyzmat) barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen habar bermek satyjynyň (öndürijiniň, ýerine ýetirijiniň) serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

11. Satyjy, öndüriji (ýerine ýetiriji) tarapyndan şu maddanyň 9-njy böleginde göz öňünde tutulan borçlar ýerine ýetirilmedik mahalynda sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, emlägine ýa-da daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirýän harydyň (işiň) önümçilikden (taýýarlamakdan, satuwdan) aýrylmagy, onuň dolanyşykdan aýrylmagy we sarp edijilerden yzyna alynmagy degişli ygtyýarly edaranyň görkezmesi boýunça amala aşyrylýar.

16-njy madda. Sarp edijiniň gowy hilli haryda (işe, hyzmata) we onuň hilini barlamaga bolan hukugy

1. Sarp edijiniň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna ýa-da şertnamanyň şertlerine laýyk gelýän özi tarapyndan satyn alynýan harydyň (işiň, hyzmatyň) hiliniň gowy bolmagyna hukugy bardyr.

2. Satyjy (ýerine ýetiriji) sarp edijä hili boýunça haryt (iş, hyzmat) barada berlen maglumatlara, şertnamanyň şertlerine we Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelýän harydy (işi, hyzmaty) bermäge borçludyr.

3. Eger bu harydyň (işiň) häsiýetnamasy boýunça ters gelmeýän bolsa, sarp edijiniň harydyň (işiň) hilini, harydyň (işiň) toplumlylygyny, mukdaryny barlamaga, özüniň gatnaşmagynda harydyň (işiň) işe ukyplylygynyň, dogry we howpsuz ulanylmagynyň görkezişiniň geçirilmegine hukugy bardyr.

4. Satyjy (ýerine ýetiriji) harydyň (işiň) işe ukyplylygyny görkezmäge, toplumlylygyny barlamaga, sarp edijä harydyň (işiň) hilini tassyklaýan zerur maglumatlary bermäge borçludyr.

5. Şertnamada harydyň (işiň) hili hakynda şertler bolmadyk mahalynda satyjy (ýerine ýetiriji) sarp edijä bildirilýän talaplara laýyk gelýän we şeýle harytlaryň (işleriň) ulanylýan maksatlary üçin peýdalanmaga ýaramly harydy (işi) bermäge borçludyr.

6. Eger şertnama baglaşylanda sarp ediji tarapyndan satyja (ýerine ýetirijä) harydyň (işiň) satyn alynmagynyň anyk maksatlary hakynda habar berlen bolsa, satyjy (ýerine ýetiriji) sarp edijä görkezilen maksatlar üçin ulanylmaga ýaramly bolan harydy (işi) bermäge borçludyr.

7. Haryt nusgasy we (ýa-da) suratlandyrylmagy boýunça satylan mahalynda satyjy sarp edijä bu nusga we (ýa-da) suratlandyrma laýyk gelýän harydy bermäge borçludyr.

17-nji madda. Sarp edijiniň satyjydan (ýerine ýetirijiden) harydyň (işiň, hyzmatyň) satyn alnandygyny tassyklaýan resminamany almaga hukugy

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda, sarp edijiniň satyjydan (ýerine ýetirijiden) harydyň (işiň, hyzmatyň) satyn alnandygyny tassyklaýan resminamany almaga hukugy bardyr. Harydyň (işiň, hyzmatyň) satyn alnandygyny tassyklaýan resminama diýlip kassa ýa-da haryt çekine, girdeji kassa orderiniň kwitansiýasyna, kagyzy ýyrtylyp alynýan talonyň kwitansiýasyna, töleg tabşyrygyna ýa-da harydyň (işiň, hyzmatyň) ady, bahasy, harydyň (işiň, hyzmatyň) satyn alnan senesi hakynda, satyjy, (ýerine ýetiriji) hakynda maglumatlar beýan edilen beýleki resminamalara düşünilýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda, satyjy (ýerine ýetiriji) haryt (iş, hyzmat) satylanda sarp edijä harydyň (işiň, hyzmatyň) satyn alnandygyny tassyklaýan resminamany bermäge borçludyr.

3. Sarp edijide harydyň (işiň, hyzmatyň) satyn alnandygyny tassyklaýan resminamanyň bolmazlygy ony görkezilen fakty şaýatlaryň görkezmeleri esasynda tassyklamak hukugyndan mahrum etmeýär.

4. Satyn alynýan harydyň (işiň, hyzmatyň) töleginiň görnüşi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde sarp edijiniň we satyjynyň, ýerine ýetirijiniň arasyndaky ylalaşyk boýunça kesgitlenilýär.

18-nji madda. Sarp edijiniň harydy (işi, hyzmaty) öz wagtynda almaga bolan hukugy

Sarp edijiniň harydy (işi, hyzmaty) şertnamada bellenen möhletlerde almaga hukugy bardyr.

19-njy madda. Sarp edijiniň atyjy (ýerine ýetiriji) tarapyndan harydyň (işiň, hyzmatyň) berilmeginiň möhleti bozulandaky hukuklary

1. Sarp edijiniň satyjy (ýerine ýetiriji) tarapyndan özüne harydyň (işiň, hyzmatyň) berilmeginiň şertnamada bellenen möhleti bozulan ýagdaýynda, şeýle hem şu Kanunyň 14-nji maddasynyň 10-njy böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda harydy bölekleýin satyn almak-satmak hakynda şertnamadan, işleri ýerine ýetirmekden, hyzmatlary etmekden ýüz öwürmäge, harydyň (işiň, hyzmatyň) tölegi deslapdan amala aşyrylanda bolsa – harydyň (işiň, hyzmatyň) deslapdan tölenen töleginiň pul möçberiniň gaýtarylmagyny we özüne puşmana pulunyň tölenilmegini talap etmäge hukugy bardyr.

2. Satyjy (ýerine ýetiriji) sarp ediji tarapyndan özüne harydyň (işiň, hyzmatyň) deslapky tölegi hökmünde tölän pul möçberiniň gaýtarylmagy barada talap bildirilende, sarp edijä görkezilen pul möçberini üç senenama gününiň dowamynda yzyna gaýtarmaga borçludyr.

3. Satyjy (ýerine ýetiriji) özüne sarp ediji tarapyndan puşmana pulunyň tölenilmegi barada talap bildirilende şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan möhletiň tamamlanan gününden başlap, ony tölegi deslapdan tölenen harydyň (işiň, hyzmatyň) pul möçberinden hasaplap, her güne bir göterim möçberinde tölemäge borçludyr. Şonda sarp ediji tarapyndan alnan puşmana pulunyň pul möçberi harydyň (işiň, hyzmatyň) deslapdan tölenen töleginiň pul möçberinden ýokary bolup bilmeýär.

4. Satyjy (ýerine ýetiriji) özüne sarp ediji tarapyndan puşmana pulunyň tölenilmegi hakynda talap bildirilende ony meýletin tertipde tölemäge borçludyr.

5. Eger satyjy (ýerine ýetiriji) harydyň (işiň, hyzmatyň) berilmeginiň möhletiniň bozulmagynyň öňüni alyp bolmaýan ýagdaýlaryň netijesinde ýa-da sarp edijiniň günäsi sebäpli bolup geçendigini subut etse, sarp edijiniň şu maddanyň birinji böleginde bellenen talaplary kanagatlandyrylmaga degişli däldir.

6. Şertnama işiň, hyzmatyň öz wagtynda tabşyrylmandygy üçin bozulan mahalynda ýerine ýetirijiniň işiň ýerine ýetirilmegine, hyzmatyň edilmegine harç eden harajatlarynyň öweziniň dolunmagyny, şeýle hem eýýäm ýerine ýetirilen iş, edilen hyzmat üçin tölegi talap etmäge hukugy ýokdur, sarp edijiniň ýerine ýetirilen işi kabul eden, hyzmaty peýdalanan ýagdaýy muňa degişli däldir.

20-nji madda. Sarp edijiniň harydy gowy hilli haryda çalyşmaga bolan hukugy

1. Sarp edijiniň azyk däl harydy satyn alan satyjysynda sebäbini düşündirmezden gowy hilli meňzeş kysymly (modelli, artikully) täze haryda çalyşmaga hukugy bardyr, şu maddanyň bäşinji we altynjy böleklerinde görkezilen harytlar muňa degişli däldir.

2. Sarp edijiniň şu aşakdakylary çalyşmaga hukugy bar:
1) ýaramaz hilli azyk däl harydy – satyn alan gününi hasaba almazdan, on bäş senenama gününiň dowamynda;
2) çalt zaýalanmaýan (ýörite ýa-da aýratyn saklanylyş şertlerini talap etmeýän) gowy hilli, bozulmadyk sarp edijilik gabyndaky azyk harydyny – satylan wagtyndan soň otuz alty sagadyň dowamynda.

3. Gowy hilli harydy çalyşmaga diňe görkezilen haryt ulanylyşda bolmadyk bolsa, onuň harytlyk görnüşi, sarp edilendäki aýratynlygy, plombalary, kärhana ýarlyklary, şeýle hem harydyň töleginiň tölenendigini tassyklaýan resminama saklanyp galan bolsa, rugsat berilýär. Sarp edijide harydyň töleginiň tölenendigini tassyklaýan resminamanyň bolmazlygy ony şaýatlaryň görkezmelerine salgylanmak mümkinçiliginden mahrum etmeýär.

4. Eger sarp edijiniň satyja ýüzlenen gününde satuwda öňkä meňzeş kysymly (modelli, artikully) täze haryt ýok bolsa, sarp edijiniň şertnamany ýerine ýetirmekden ýüz öwürmäge we görkezilen gowy hilli haryt üçin tölenen pul möçberiniň yzyna gaýtarylmagyny talap etmäge hukugy bardyr. Sarp edijiniň görkezilen haryt üçin tölenen pul möçberiniň yzyna gaýtarylmagy baradaky talaby agzalan haryt gaýtarylan gününden soň üç senenama gününiň dowamynda kanagatlandyrylmaga degişlidir.

Sarp edijiniň satyjy bilen ylalaşmagy boýunça gowy hilli harydyň çalşylmagy meňzeş kysymly (modelli, artikully) täze haryt satuwa çykarylanda amala aşyrylyp bilner. Satyjy meňzeş kysymly (modelli, artikully) täze harydyň satuwa çykarylandygy hakynda haýal etmän sarp edijä habar bermäge borçludyr.

5. Sarp edijiniň özüniň hususy buýurmasy boýunça taýýarlanan, gowy hilli harydy çalyşmaga hukugy ýokdur.

6. Gowy hilli, şu maddanyň birinji böleginde görkezilen esaslar boýunça gaýtarylmaga ýa-da şuňa meňzeş kysymly (modelli, artikully) haryda çalşylmaga degişli bolmadyk azyk däl harytlaryň sanawy ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

21-nji madda. Sarp edijiniň harydy bölekleýin satyn almak-satmak, işiň ýerine ýetirilmegi, hyzmatyň edilmegi hakyndaky şertnamalary ýerine ýetirmekden ýüz öwürmäge hukugy

Sarp edijiniň sebäbini düşündirmezden şulary ýerine ýetirmekden ýüz öwürmäge hukugy bardyr:
1) haryt sarp edijä getirilmezinden öň, harydy bölekleýin satyn almak-satmak şertnamasyndan, harydyň tölegi deslapdan tölenen ýagdaýynda bolsa – eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, satyjynyň şertnamanyň şertlerini ýerine ýetirmegi bilen bagly çekilen hakyky harajatlaryň pul möçberini aýyrmak bilen, harydyň deslapdan tölenen töleginiň pul möçberiniň gaýtarylmagyny talap etmäge;
2) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ýerine ýetirijä onuň hakyky çeken harajatlarynyň öwezi dolunan şertinde, işiň ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň edilmegi hakyndaky şertnamalardan.

22-nji madda. Hary (iş iň, hyzmatyň) kemçiligi ýüze çykarylanda sarp edijiniň hukuklary

1. Sarp edijiniň bellenen kepillik möhletiň dowamynda (ol bolmadyk mahalynda – iki ýylyň dowamynda) harytda (işde, hyzmatda) satyjynyň, öndürijiniň (ýerine ýetirijiniň) günäsi bilen dörän kemçiligi ýüze çykaran ýagdaýynda şu aşakdakylara hukugy bar:
1) harytdaky kemçiligiň muzdsuz aradan aýrylmagyna ýa-da şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatynda onuň çalşyrylmagyna;
2) işiň, hyzmatyň şol bir hildäki birmeňzeş materialdan muzdsuz gaýtadan ýerine ýetirilmegine ýa-da hyzmatyň gaýtadan edilmegine ýa-da ýerine ýetirilen işiň, edilen hyzmatyň kemçiliklerini öz güýji ýa-da üçünji taraplar bilen aradan aýyrmak boýunça öz harajatlarynyň öweziniň dolunmagyna.

2. Eger haryt satyn alnandan soň on bäş senenama gününiň dowamynda sarp ediji onuň kemçiligini ýüze çykaran bolsa, şu Kanunyň 23-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda, sarp edijiniň kemçilikli harydyň şuňa meňzeş kysymly (modelli, artikully) haryda çalşyrylmagyny talap etmäge hukugy bardyr.

3. Eger sarp ediji kemçiligi bolan haryt sarp edijä berilmezinden öň ýa-da şol wagta çenli bolup geçen sebäpler boýunça ýüze çykandygyny subut etse, satyjy kepillik möhlet bellenmedik kemçiligi bolan haryt üçin iki ýylyň dowamynda jogapkärçilik çekýär.

4. Kepillik möhlet bellenen haryt babatda satyjy, eger kemçilikleriň haryt sarp edijä berlenden soň sarp ediji tarapyndan harydyň ulanylyş, saklanylyş ýa-da daşalyş düzgünleriniň bozulmagy, üçünji bir şahslaryň hereketleri ýa-da öňüni alyp bolmaýan ýagdaýlar netijesinde ýüze çykandygyny subut edip bilmese, onuň kemçiligi üçin jogapkärçilik çekýär.

5. Öndüriji harydyň hyzmat ediş möhletiniň dowamynda we ol önümçilikden aýrylan pursatynda – onuň abatlanylmagynyň we oňa tehniki taýdan hyzmat etmegiň mümkinçiligini, şeýle hem harydyň hyzmat ediş möhletiniň dowamynda, görkezilen möhlet bellenilmedik ýagdaýynda bolsa, harydyň sarp edijä berlen gününden başlap on ýylyň dowamynda harydyň abatlanylmagy we oňa tehniki taýdan hyzmat edilmegi üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň söwda hem-de abatlaýyş guramalaryna goýberilmegini (eltilip berilmegini) üpjün etmäge borçludyr.

Harydyň (işiň) kepillik möhleti we (ýa-da) hyzmat ediş möhleti geçenden soň harytdaky (işdäki) kemçiligi aradan aýyrmak satyjy (ýerine ýetiriji), ygtyýarly şahs tarapyndan şu maddanyň on ikinji böleginde bellenen möhletiň dowamynda ýerine ýetirilýär. Şunda sarp edijiniň şu maddanyň on üçünji, on dördünji we on altynjy böleklerinde bellenen talaplary bildirmäge hukugy ýokdur.

6. Sarp edijiniň kepillik möhletiniň dowamynda harytdaky (işdäki, hyzmatdaky) kemçiligiň aradan aýrylmagy hakynda bildirýän talabynyň kanagatlandyrylmagyny harytdaky (işdäki, hyzmatdaky) kemçilik bilen bagly bolmadyk şertler bilen deslapdan şertlendirilmegine rugsat berilmeýär.

7. Sarp ediji satyjynyň talaby boýunça we onuň hasabyna kemçiligi bolan harydy yzyna gaýtarmaga borçludyr.

8. Sarp edijide harydyň (işiň, hyzmatyň) satyn alnandygyny tassyklaýan resminamanyň bolmazlygy onuň talabyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwrülmegi üçin esas bolup bilmez.

9. Satyjy kemçiligi bolan harydy sarp edijiden kabul etmäge, onuň hiliniň barlagyny geçirmäge we zerur bolan halatynda harydyň bilermenler seljermesini geçirmäge borçludyr.

10. Harydyň bilermenler seljermesiniň geçirilmegi üçin satyjy (ýerine ýetiriji) üç senenama gününiň dowamynda harydyň (işiň, hyzmatyň) abatlanylmagyny ýa-da tehniki taýdan hyzmat edilmegini amala aşyrýan hyzmat ediş guramasynyň wekillerini ýa-da degişli hünär derejesi we iş tejribesi bolan fiziki şahsy çekmäge borçludyr. Şonda sarp edijiniň bilermenler seljermesiniň geçirilmegine gatnaşmaga we onuň netijesi bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda, bilermenler seljermesiniň netijesini kazyýet tertibinde şikaýat etmäge hukugy bardyr.

11. Eger bilermenler seljermesinde harydyň (işiň, hyzmatyň) kemçiliginiň satyjynyň, öndürijiniň (ýerine ýetirijiniň) jogapkärçilik çekmeýän ýagdaýlarynyň netijesinde ýüze çykandygy anyklansa, sarp ediji satyja, ýerine ýetirijä, ygtyýarly şahsa bilermenler seljermesiniň geçirilmegi üçin çykdajylarynyň, şeýle hem görkezilen harydyň (işiň, hyzmatyň) saklanylmagy we daşalmagy bilen bagly çykdajylaryň öwezini dolmaga borçludyr.

12. Harydyň (işiň, hyzmatyň) kemçiligi satyjy (ýerine ýetiriji) ygtyýarly şahs tarapyndan sarp edijiniň ýüz tutan gününden ýigrimi senenama gününiň dowamynda aradan aýrylmalydyr.

13. Eger satyjy (ýerine ýetiriji), ygtyýarly şahs tarapyndan şu maddanyň on ikinji böleginde bellenen harytdaky (işdäki, hyzmatdaky) kemçiligi aradan aýyrmagyň möhleti bozulan ýagdaýynda, sarp edijiniň şertnamany bozmaga we haryt (iş, hyzmat) üçin tölenen pul möçberiniň gaýtarylmagyny talap etmäge hukugy bar. Şonda satyjy (ýerine ýetiriji) sarp edijiniň şertnamany bozmagy barada talap eden gününden soň üç iş gününiň dowamynda sarp edijä haryt (iş, hyzmat) üçin tölenen pul möçberini yzyna gaýtarmaga borçludyr, bu pul möçberi harydyň (işiň, hyzmatyň) bahasy ýokarlanan ýagdaýynda onuň şertnama bozulan wagtyndaky bahasyndan, onuň bahasy peselen ýagdaýynda bolsa, harydyň (işiň, hyzmatyň) satyn alnan wagtyndaky bahasyndan ugur alnyp hasaplanylýar. Eger sarp edijiniň talaby satyjy (ýerine ýetiriji) tarapyndan meýletin kanagatlandyrylmadyk bolsa, sarp ediji bilen hasaplaşyklar kazyýet tarapyndan çözgüt çykarylan wagtynda harydyň (işiň, hyzmatyň) bahasyndan ugur alnyp amala aşyrylýar. Sarp edijä haryt (iş, hyzmat) üçin tölenen pul möçberi yzyna gaýtarylanda satyjynyň (ýerine ýetirijiniň) şu aşakdaky pul möçberlerini tutup galmaga hukugy ýokdur:
1) harydyň (işiň, hyzmatyň,) doly ýa-da bölekleýin ulanylmagy sebäpli harydyň (işiň, hyzmatyň) bahasynyň peselen pul möçberini;
2) harydyň (işiň, hyzmatyň) harytlyk görnüşiniň ýitendigi üçin.

Haryt (iş, hyzmat) üçin tölenen pul möçberini yzyna gaýtarmagyň möhleti bozulan ýagdaýynda, möhletiň gijikdirilen her güni üçin satyjy, ýerine ýetiriji, ygtyýarly şahs harydyň (işiň, hyzmatyň) bahasynyň bir göterimi möçberinde puşmana puluny tölemäge borçludyr.

14. Uzak wagtlap ulanylýan harytlar babatda satyjy, ygtyýarly şahs görkezilen haryt abatlanylýan döwründe sarp edijiniň talaby boýunça oňa eltilmegini öz hasabyna üpjün etmek bilen, şonuň ýaly esasy sarp edijilik häsiýetleri bolan harydy bermäge borçludyrlar.

Görkezilen talap degişli bolmadyk uzak wagtlap ulanylýan harytlaryň sanawy ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

15. Nesýesine satylan kemçilikli haryt yzyna gaýtarylan halatynda, sarp edijä nesýesine satylan harydyň yzyna gaýtarylan gününe çenli tölenen nesýäniň üzülen mukdaryndaky pul möçberi yzyna gaýtarylýar, şeýle hem nesýäniň berlendigi üçin tölegiň öwezi dolunýar.

16. Satyjy (ýerine ýetiriji) sarp edijiniň razylygy bilen kemçiligi bolan harydyň (işiň, hyzmatyň) bahasyny deň derejede peseldip biler we sarp edijä harydyň (işiň, hyzmatyň) peselen pul möçberini yzyna gaýtaryp bermäge ýa-da täze haryda (işe, hyzmata) çalyşmaga borçludyr. Harydyň (işiň, hyzmatyň) bahasynyň deň derejede azaldylmagy hakynda talap bildirilende harydyň (işiň, hyzmatyň) sarp ediji tarapyndan bahanyň kemeldilmegi barada talap bildirilen wagtyndaky bahasy, ýa-da eger ol meýletin kanagatlandyrylmadyk bolsa – kazyýet tarapyndan harydyň (işiň, hyzmatyň) bahasynyň deň derejede azaldylmagy hakynda çözgüt çykarylan wagtyndaky bahasy boýunça hasaplanylýar.

Satyjy (ýerine ýetiriji) harydyň (işiň, hyzmatyň) yzyna gaýtarylan gününden başlap üç iş gününiň dowamynda görkezilen pul möçberini sarp edijä yzyna gaýtarmaga borçludyr. Harydyň (işiň, hyzmatyň) deň derejede azaldylan bahasyndan pul möçberini tölemegiň möhleti bozulan halatynda satyjy (ýerine ýetiriji) möhleti geçirilen her gün üçin harydyň (işiň, hyzmatyň) deň derejede azaldylan bahasynyň bir göterimi möçberinde puşmana puluny tölemäge borçludyr.

17. Harydyň (işiň, hyzmatyň) kemçiligi aradan aýrylan ýagdaýynda onuň kepillik möhleti görkezilen harydyň ulanylmadyk wagtyna uzaldylýar. Görkezilen döwür sarp edijiniň harydyň kemçiliginiň aradan aýrylmagy hakynda talap bilen ýüzlenen gününden abatlaýyşy tamamlanandan soň harydyň (işiň) yzyna berlen gününe çenli hasaplanylýar. Şonda satyjy (ýerine ýetiriji), ygtyýarly şahs sarp edijä onuň harytda (işde, hyzmatda) ýüze çykaran kemçiliginiň aradan aýrylmagy barada talaby bilen ýüzlenen senesi, harydyň (işiň, hyzmatyň) berlen senesi, görkezilen kemçiligiň beýan edilmegi bilen, harytdaky (işdäki, hyzmatdaky) kemçiligiň aradan aýrylmagynyň senesi, ulanylan ätiýaçlyk şaýlary (bölekler, materiallar) hakynda, harydyň (işiň, hyzmatyň) kemçiligi aradan aýrylandan soň onuň sarp edijä gaýtarylan senesi hakynda ýazmaça görnüşde maglumat bermäge borçludyrlar.

18. Harydyň (işiň) kemçiligi kepillik möhlet bellenilen toplum düzýän önümiň ýa-da esasy harydyň düzüm böleginiň täze toplum düzýän önüme ýa-da esasy harydyň düzüm bölegine çalşylmagy arkaly aradan aýrylan mahalynda, eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, çalşylan toplum düzýän önüme ýa-da esasy harydyň düzüm bölegine bellenilen dowamlylykdaky kepillik möhlet bellenilýär. Bu ýagdaýda kepillik möhleti bu harydyň abatlaýyşy tamamlanandan soň sarp edijä berlen gününden hasaplanyp başlanýar.

23-nji madda. Sarp edijiniň harytda (işde, hyzmatda) düýpli kemçilik ýüze çykarylandaky hukuklary

1. Bellenen kepillik möhletiniň ýa-da hyzmat ediş möhletiniň dowamynda azyk däl harytda (işde, hyzmatda) satyjynyň, öndürijiniň (ýerine ýetirijiniň) günäsi bilen ýüze çykan düýpli kemçiligiň bardygy anyklananda sarp edijiniň öz saýlamagy boýunça şu aşakdakylara hukugy bar:
1) düýpli kemçilikli harydy meňzeş kysymly (modelli, artikully) täze haryda çalyşmaga;
2) işiň (hyzmatyň) gaýtadan muzdsuz ýerine ýetirilmegine;
3) şertnamany bozmaga we haryt (iş, hyzmat) üçin tölenen pul möçberiniň gaýtarylmagy hakynda talap bildirmäge.

2. Eger sarp ediji düýpli kemçilikli harydy (işi, hyzmaty) satyn alan bolsa, öndüriji (ýerine ýetiriji) harydyň (işiň, hyzmatyň) hyzmat ediş möhletiniň tutuş dowamynda bu kemçilik üçin jogapkärçilik çekýär.

3. Sarp ediji tarapyndan degişli talap bildirilen güni satyjy düýpli kemçilikli harydy meňzeş kysymly (modelli, artikully) haryda çalyşmaga borçludyr. Sarp ediji harydyň çalşylmagy hakynda talap bildiren wagtynda onuň deregine bermek üçin harydyň satuwda bolmadyk halatynda satyjy görkezilen talabyň bildirilen gününden başlap on senenama gününiň dowamynda harydyň çalşyrylmagyny amala aşyrmaga borçludyr. Görkezilen möhletde harydyň çalşyrylmagy mümkin bolmadyk ýagdaýynda satyjy sarp edijä haryt üçin tölenen pul möçberini yzyna gaýtarmaga borçludyr.

Düýpli kemçiligi bolan haryt şuňa meňzeş kysymly (modelli, artikully) haryda çalşyrylanda harydyň bahasy gaýtadan hasaplanylmaýar. Sarp edijiniň razylygy bilen satyjynyň düýpli kemçilikli harydy başga kysymly (modelli, artikully) haryda çalyşmaga hukugy bardyr. Eger şonda çalşyrylmaga degişli harydyň bahasy deregine (ornuna) berilýän harydyň bahasyndan pes bolsa, sarp ediji bahalardaky aratapawudy tölemäge borçludyr; eger çalşyrylmaga degişli harydyň bahasy deregine (ornuna) berilýän harydyň bahasyndan ýokary bolsa, bahalardaky aratapawut sarp edijä tölenilýär. Çalşyrylmaga degişli harydyň bahasy onuň çalşyrylýan wagtynda kesgitlenilýär, eger sarp edijiniň talaby satyjy tarapyndan kanagatlandyrylmasa, çalşyrylýan harydyň bahasy we deregine berilýän harydyň bahasy kazyýet tarapyndan harydyň çalşyrylmagy hakynda çözgüt çykarylýan wagtynda kesgitlenilýär.

4. Nesýesine satylan düýpli kemçilikli haryt yzyna gaýtarylan ýagdaýynda sarp ediji bilen hasaplaşyk şu Kanunyň 22-nji maddasynyň on bäşinji böleginde göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.

5. Işler, hyzmatlar muzdsuz gaýtadan ýerine ýetirilen ýagdaýynda ýerine ýetiriji sarp edijiniň bu talabyny işleri gyssagly ýerine ýetirmek, hyzmatlary gyssagly etmek üçin bellenen möhletde, eger bu möhlet bellenmedik bolsa, sarp edijiniň razylygy bilen işleriň, hyzmatlaryň gaýtadan ýerine ýetirilmegi hakynda şertnamada göz öňünde tutulan möhletde kanagatlandyrmaga borçludyr. Şonda ýerine ýetiriji harydy (işi) muzdsuz sarp edijiniň ozal beren materiallary ýaly materiallardan taýýarlamaga, işi ýerine ýetirmäge, hyzmaty etmäge, eger ýerine ýetiriji sarp edijiniň materialyny (zadyny) doly ýa-da bölekleýin ýitiren (zeper ýetiren) bolsa, ony meňzeş hilli bir kysymly materiala (zada) çalyşmaga, meňzeş hilli bir kysymly material (zat) ýok bolsa – sarp edijä ýitirilen (zeper ýeten) materialyň (zadyň) iki esse bahasyny, şeýle hem sarp ediji tarapyndan çekilen çykdajylaryň öwezini dolmaga borçludyr.

6. Ýitirilen (zeper ýeten) materialyň (zadyň) bahasy sarp edijiniň degişli talaby meýletin ýerine ýetirilen gününde ýa-da, eger sarp edijiniň talaby meýletin kanagatlandyrylmadyk bolsa, kazyýetiň çözgüdiniň çykarylan gününde sarp edijiniň talaby ýerine ýetiriji tarapyndan kanagatlandyrylmaly ýerinde bar bolan materialyň (zadyň) bahasyndan ugur alnyp kesgitlenilýär. Şonda sarp ediji ýerine ýetiriji tarapyndan öň özüne berlen materialy (zady) yzyna gaýtarmaga borçludyr.

7. Eger ýerine ýetiriji sarp edijini materialyň (zadyň) doly ýa-da bölekleýin ýitirilmegine (zeper ýetirilmegine) getirip biljek aýratyn alamatlary hakynda duýduran bolsa ýa-da eger materialyň (zadyň) görkezilen alamatlary ýerine ýetiriji tarapyndan bu material (zat) kabul edilende ýüze çykarylyp bilinmeýän bolsa, ýerine ýetiriji özi tarapyndan sarp edijiden kabul edilen materialyň (zadyň) doly ýa-da bölekleýin ýitirilendigi (zeper ýetirilendigi) üçin jogapkärçilikden boşadylýar.

8. Sarp ediji tarapyndan ýerine ýetirilen işde, edilen hyzmatda düýpli kemçilik ýüze çykarylan bolsa, onuň işiň ýerine ýetirilmegi, hyzmatyň edilmegi hakynda şertnamalary ýerine ýetirmekden ýüz öwürmäge hukugy bardyr. Işleriň ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň edilmegi hakyndaky şertnamalary ýerine ýetirmekden ýüz öwrülen mahalynda, sarp edijä gaýtarylýan bölekleýin ýa-da doly ýerine ýetirilen işiň, edilen hyzmatyň bahasy şu Kanunyň 22-nji maddasynyň on üçünji bölegine laýyklykda kesgitlenilýär.

9. Satyjy (ýerine ýetiriji), ygtyýarly şahs sarp edijä düýpli kemçilikli harydy satan ýagdaýynda sarp edijä görkezilen harydyň eltilmegi bilen bagly çykdajylaryň öwezini dolmaga borçludyrlar.

10. Sarp edijä düýpli kemçilikli haryt (iş, hyzmat) üçin tölenen pul möçberi yzyna gaýtarylanda satyjynyň (ýerine ýetirijiniň) ondan harydyň (işiň) doly ýa-da bölekleýin ulanylmagy, onuň harytlyk görnüşiniň ýitmegi sebäpli onuň bahasynyň peselen mukdaryndaky pul möçberini tutup galmaga hukugy ýokdur.

24-nji madda. Sarp edijiniň haryt uzaklykdan (distansion usul bilen) satyn alnandaky hukuklary

1. Haryt uzaklykdan satyn alnan mahalynda sarp edijiniň ony almazyndan öň – islendik wagtda, alanyndan soň bolsa, ýedi senenama gününiň dowamynda sebäbini düşündirmezden, harytdan ýüz öwürmäge hukugy bardyr.

2. Satyjy harydy uzaklykdan satanda sarp edijä harydyň sarp edilendäki esasy aýratynlyklary we häsiýetleri, satyjynyň salgysy (ýerleşýän ýeri), harydyň öndürilen ýeri, satyjynyň doly ady hakynda, harydyň bahasy we satylyş şertleri, onuň eltilmegi, ýaramlylyk möhleti, hyzmat ediş möhleti we kepillik möhleti, harydyň töleginiň töleniliş tertibi hakynda, şeýle hem distansion usul bilen harydy bölekleýin satyn almak-satmak şertnamasynyň baglaşylmagy hakynda teklibiniň hereket edýän möhleti hakynda maglumat bermäge borçludyr.

3. Haryt sarp edijä getirilen wagtynda oňa haryt hakynda şu Kanunyň 14-nji maddasynda göz öňünde tutulan ýazmaça görnüşdäki maglumat, şeýle hem onuň gaýtarylmagynyň tertibi we möhletleri hakynda maglumat berilmelidir.

4. Eger şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan maglumat berilmedik bolsa, sarp edijiniň harydy satyn alan wagtyndan soň üç aýyň dowamynda şertnamany bozmaga, gowy hilli harydy yzyna gaýtarmaga we görkezilen haryt üçin tölenen pul möçberiniň yzyna gaýtarylmagyny talap etmäge hukugy bar. Eger harydyň harytlyk görnüşi, sarp edilendäki aýratynlyklary, şeýle hem harydyň satyn alnandygyny tassyklaýan resminama saklanyp galan bolsa, gowy hilli harydyň gaýtarylmagy mümkindir. Sarp edijide görkezilen resminamanyň bolmazlygy ony harydyň şol satyjydan, ýerine ýetirijiden satyn alnandygyny subut edýän beýleki subutnamalara salgylanmaga bolan mümkinçiliginden mahrum etmeýär.

5. Sarp ediji harytdan ýüz öwren mahalynda satyjy sarp ediji tarapyndan degişli talap bildirilen gününden başlap on senenama gününden gijä galman, yzyna gaýtarylýan harydy sarp edijiden alyp gaýtmak üçin özi tarapyndan edilen harajatlary aýyrmak bilen, şertnama boýunça tölän pul möçberini oňa yzyna gaýtarmaga borçludyr.

6. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, haryt uzaklykdan satyn alnanda sarp ediji şu Kanunda bellenen hukuklardan peýdalanýar.

7. Harydyň uzaklykdan satylmagy, ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanan harydy uzaklykdan satmagyň Düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

25-nji madda. Sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, emlägine ýa-da daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyna bolan hukugy

1. Sarp edijiniň satyjy (ýerine ýetiriji) bilen şertnamalaýyn gatnaşyklarda durýandygyna ýa-da durmaýandygyna garamazdan, şu aşakdakylar bilen bagly öz janyna, saglygyna, nesline, emlägine ýa-da daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr:
1) harydyň (işiň, hyzmatyň) erkin saýlap alynmagyna mümkinçiligiň berilmezligi;
2) harydyň (işiň, hyzmatyň) gurluş (konstruktiw), önümçilik, reseptura ýa-da başga häsiýetli kemçilikleri zerarly, ylmy we tehniki bilimleriniň derejesi olaryň howply aýratynlyklaryny ýa-da häsiýetlerini ýüze çykarmaga mümkinçilik berýändigine ýa-da bermeýändigine garamazdan, sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine ýa-da daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirip biljek materiallaryň, enjamlaryň, gurallaryň we beýleki serişdeleriň ulanylmagy netijesinde harydyň (işiň, hyzmatyň) howpsuzlygynyň üpjün edilmezligi;
3) kemçiligi bolan ýa-da düýpli kemçilikli harydyň (işiň, hyzmatyň) satylmagy;
4) haryt (iş, hyzmat) hakynda doly däl ýa-da ygtybarsyz maglumatyň berilmegi;
5) harydyň (işiň, hyzmatyň) berilmeginiň möhletleriniň bozulmagy;
6) harydyň yzyna kabul edilmegi.

2. Satyjy, öndüriji, ýerine ýetiriji, ygtyýarly şahs şu maddanyň birinji böleginde görkezilen halatlarda degişli talap bildirilen gününden başlap on senenama gününiň dowamynda sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine ýa-da daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmaga borçludyrlar.

3. Sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine, daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezi, eger ol harydyň (işiň) bellenen ýaramlylyk möhletiniň, hyzmat ediş möhletiniň dowamynda ýetirilen bolsa, satyjy, öndüriji (ýerine ýetiriji) tarapyndan dolunmaga degişlidir.
Eger bu möhletler bellenilmedik bolsa − sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine, daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezi harydyň (işiň, hyzmatyň) sarp edijä berlen gününden başlap on ýylyň dowamynda, eger harydyň (işiň, hyzmatyň) berlen gününi anyklamak mümkin bolmasa, harydyň (işiň) öndürilen (ýerine ýetirilen) senesinden dolunmaga degişlidir.

4. Eger harydyň (işiň, hyzmatyň) hyzmat ediş möhleti ýa-da ýaramlylyk möhleti bellenen bolsa, ýöne sarp edijä bu möhletler tamamlanandan soň onuň görmeli zerur çäreleri we şeýle çäreler ýerine ýetirilmedik mahalynda bolup biljek netijeler hakynda habar berilmedik bolsa, sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine, daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezi onuň ýetirilen wagtyna garamazdan, satyjy, öndüriji (ýerine ýetiriji) tarapyndan dolunmaga degişlidir.

5. Eger satyjy, öndüriji (ýerine ýetiriji) sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine, daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) üçünji şahslaryň hereketi ýa-da öňüni alyp bolmaýan ýagdaýlaryň, ýa-da sarp ediji tarapyndan harydyň (işiň, hyzmatyň) ulanylmagynyň bellenen düzgünleriniň, saklanylmagynyň ýa-da daşalmagynyň şertleriniň bozulmagy netijesinde dörändigini subut etse, jogapkärçilikden boşadylýar.

6. Sarp edijiniň şu maddanyň birinji böleginde bellenen talaplary satyjy, öndüriji (ýerine ýetiriji) tarapyndan degişli talap bildirilen gününden başlap on senenama gününiň dowamynda kanagatlandyrylmaga degişlidir.

IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

26-njy madda. Jedelleriň çözülişi

Sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

27-nji madda. Sarp edijileriň hukuklarynyň kazyýet goragy

1. Sarp edijileriň hukuklary bozulan ýagdaýynda, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, kazyýete hak isleg arzasy sarp edijiniň ýaşaýan ýeri ýa-da zyýanyň (zeleliň) ýetirilen ýeri boýunça berilýär.

2. Sarp edijiler öz hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly hak isleg arzasy boýunça, şeýle hem ygtyýarly edara, beýleki döwlet edaralary, sarp edijileriň jemgyýetçilik birleşikleri sarp edijileriň (sarp edijileriň näbelli toparynyň) bähbitleri üçin berilýän hak isleýiş arzasy boýunça döwlet pajyny tölemekden boşadylýarlar.

28-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär bolan şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.

29-njy madda. Şu Kanunda bellenilen möhletleriň hasaplanylmagynyň tertibi

1. Şu Kanunda bellenilen möhletler senenamanyň senesi ýa-da ýyllar, aýlar, hepdeler ýa-da günler bilen hasaplanylýan wagtyň geçen döwri bilen kesgitlenilýär.

2. Ýyllar, aýlar, hepdeler bilen hasaplanylýan möhletler möhletiň soňky ýylynyň, aýynyň ýa-da hepdesiniň degişli gününde tamamlanýar. Eger aý hasabynda hasaplanylýan möhletiň tamamlanmagy degişli güni bolmadyk aýa gabat gelse, onda möhlet şol aýyň soňky gününde tamamlanýar. Senenamanyň hepdeleri ýa-da günleri bilen hasaplanylýan möhlete iş güni däl günler hem girýär.

3. Eger möhletiň soňky güni iş güni däl güne düşse onda, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şol günüň yzyndan gelýän ilkinji iş güni möhletiň tamamlanan güni diýlip hasaplanylýar.

30-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şu Kanun güýje giren gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1993-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky «Alyjylaryň hukuklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 66-njy madda);
1997-nji ýylyň 12-nji iýunyndaky «Alyjylaryň hukuklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1997 ý., № 2, 16-njy madda);
1999-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 4, 56-njy madda);
2001-nji ýylyň 7-nji iýulyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 2, 22-nji madda);
2004-nji ýylyň 19-njy awgustyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň II bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 30-njy madda);
2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň VI bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda).

Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 8-nji noýabry.
№ 140-V.
 




^