TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda

Şu Kanun Türkmenistanda ölçegleriňbitewiliginiň üpjün edilmeginiň hukuk esasyny belleýär.

1-nji BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ölçegleriň bitewiligi–ölçegleriň netijeleri ululyklaryň Türkmenistanda ulanylmagyna rugsat berilýän birliklerinde aňladylýan we ölçegleriň ýalňyşlyklary berlen ähtimallyk bilen bellenilen çäklerdäki ýagdaýy;

2) ölçegleriň bitewiliginiň üpjün edilmegi– şu Kanuna laýyklykda ölçegleriň bitewiligini gazanmaga we saklamaga gönükdirilen iş;

3) ululyklaryň birlikleri– özleri bilen birmeňzeş ululyklaryň mukdar taýdan aňladylmagy üçin ulanylýan berlen ululyklaryň bitewiligi hökmünde kabul edilen ululyklaryň bellenilen görkezijileri;

4) ölçegleriň serişdeleriniň deňeşdirilip barlanylmagy(mundan beýläk – deňeşdirip barlamak)– ölçegleriň serişdeleriniň metrologik talaplara laýyk gelmegini tassyklamak maksady bilen ýerine ýetirilýän amallaryň jemi;

5) ölçegleriň serişdeleriniň kalibrlenmegi (mundan beýläk – kalibrlemek)–ölçegleriň serişdeleriniň metrologik häsiýetnamalarynyň hakyky manylaryny kesgitlemek üçin ýerine ýetirilýän amallaryň jemi;

6) ölçegleriň serişdeleriniň we standart nusgalaryň metrologik synagy–ölçegleriň serişdeleriniň we standart nusgalaryň ulanylmaga ýaramlylygynyň kesgitlenilmegi üçin barlagdan geçirilmegi.

2-nji madda. Türkmenistanyň ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda kanunçylygy

1. Türkmenistanyň ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň düzgünleri ulanylýar.

3-nji madda. Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalar

1.Ölçegleriňbitewiligini üpjün etmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalar (mundan beýläk - kadalaşdyryjy resminamalar)Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işlenip düzülýär we tassyklanylýar.

2. Metrologik kadalary we düzgünleri belleýän kadalaşdyryjy resminamalar Türkmenistanyň çäginde hökmanylyk güýjüne eýedir.

4-nji madda. Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda işiň maliýeleşdirilmegi

Şu aşakdakylar ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda işiň maliýeleşdirilmeginiň çeşmeleri bolup durýarlar:
1) fiziki we ýuridik şahslaryň, ygtyýarly edara tarapyndan tölegli hyzmatlaryň edilmeginden gelip gowuşýan serişdeleri;
2) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik başga serişdeler.

2-nji BAP. ÖLÇEGLERIŇ BITEWILIGINI ÜPJÜN ETMEKBABATDA DÖWLET GÖZEGÇILIGI WE GÖZEGÇILIK BARLAGY

5-nji madda. Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralar

Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda döwlet gözegçiligi we gözegçilik barlagy (mundan beýläk – metrologik gözegçilik we gözegçilik barlagy) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarly edara, beýleki döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary tarapyndan olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ygtyýarlylygynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;
3) ygtyýarly edarany kesgitleýär;
4) ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda ygtyýarly edaranyň, beýleki döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň özara işlemeklerini guraýar;
5) ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda halkara hyzmatdaşlygynyň maksatnamalaryny tassyklaýar;
6) Türkmenistanyň ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

7-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

Ygtyýarly edara:
1) ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) metrologik gözegçiligi we gözegçilik barlagyny amala aşyrýar;
3) ölçegleriň serişdeleriniň Döwlet sanawyny ýöredýär;
4) kadalaşdyryjy resminamalaryň maglumat gaznasyny döredýär;
5) ölçegleriň serişdelerine, usullaryna we netijelerine bildirilýän umumy metrologik talaplary kesgitleýär;
6) ýuridik şahslar, hususy telekeçiler tarapyndan kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilişi boýunça barlaglary muzdsuz esasda amala aşyrýar we olaryň bozulmalary ýüze çykarylan mahalynda olar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan degişli çäreleri ulanýar;
7) Türkmenistanda ulanylmagyna rugsat berilýän ululyklaryň birliklerini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tassyklamagyna berýär;
8) ululyklaryň birlikleriniň döwlet etalonlaryny, ölçegleriň serişdeleriniň kysymlaryny, standart nusgalaryň görnüşlerini tassyklaýar;
9) ululyklaryň birlikleriniň döwlet etalonlaryny döretmegiň, tassyklamagyň, saklamagyň we ulanmagyň düzgünlerini belleýär;
10) ölçegleri ýerine ýetirmegiň we deňeşdirip barlamagyň usulyýetini işläp düzmegiň tertibini belleýär;
11) ölçegleriň serişdelerini we standart nusgalarydeňeşdirip barlamagyň, kalibrlemegiň wedöwlet metrologik synagynyň geçirilmeginiň tertibini belleýär;
12) ölçegleriň serişdelerini we standart nusgalarykalibrlemegi, deňeşdirip barlamagy we metrologik synagy amala aşyrýar;
13) ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda ygtyýarlylandyrmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýar;
14) ölçegleriň serişdeleriniň, standart nusgalaryň synaglaryny geçirmegiň tertibini, şeýle hem ölçegleriň serişdeleriniň kysymyny, standart nusgalaryň kysymyny tassyklamagyň tertibini belleýär;
15) metrologik gözegçiligi we gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň hukuklaryny we borçlaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitleýär;
16) metrologik gulluklarynyň döredilmegi hökmany bolup durýan ýuridik şahslaryň sanawyny kesgitleýär, şeýle hem şol metrologik gulluklary döretmegiň we işini guramagyň tertibini belleýär;
17) metrologik gözegçiligi we gözegçilik barlagyny amala aşyranda gümrük, sanitariýa, weterinariýa, hukuk goraýjy we beýleki döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen arkalaşykly hereket edýär;
18) Türkmenistanda ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda işiň sebitara we pudagara utgaşdyrylmagyny amala aşyrýar;
19) ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda işi amala aşyrýan halkara guramalarynda Türkmenistana wekilçilik edýär;
20) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

8-nji madda. Beýleki döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

Beýleki döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde:
1) ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;
2) ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda beýleki wezipeleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýarlar.

3-nji BAP. ÖLÇEGLERIŇ BITEWILIGINI ÜPJÜN ETMEGIŇESASLARY

9-njy madda. Ululyklaryň birlikleri

1. Türkmenistanda Ölçegler we agramlar boýunça baş konferensiýa tarapyndan kabul edilen Ululyklaryň birlikleriniň halkara ulgamyna girýän ululyklaryň birlikleriniň ulanylmagyna rugsat berilýär.

2. Ululyklaryň birlikleriniň adyny, aňladylyşyny we ýazylyş kadalaryny we olardan ulanylmagyna rugsat berilýän esse we bölek ululyklary, şeýle hem ululyklaryň birlikleriniň şkalalaryny ygtyýarly edara belleýär.

3. Türkmenistanda ulanylmagyna rugsat berlen ululyklaryň birlikleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

4. Aýratyn halatlarda ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, Türkmenistanda Ululyklaryň birlikleriniň halkara ulgamyna girmeýän ululyklaryň birlikleriniň ulanylmagyna rugsat berlip bilner.

10-njy madda. Ululyklaryň birlikleriniň döwlet etalonlary

1. Ululyklaryň birlikleriniň döwlet etalonlary Türkmenistanyň çäginde berlen ululyklaryň ölçegleriniň ähli serişdelerine olaryň ölçeglerini bermek maksady bilen ululyklaryň birlikleriniň (ululyklaryň birlikleriniň esse ýa-da bölek belgileriniň) gaýtadan döredilmegi we saklanylmagy (saklanylyşy) üçin başlangyçlary hökmünde ulanylýar.

2. Ululyklaryň birlikleriniň döwlet etalonlarynyň saklanylmagy (saklanylyşy), ululyklaryň birlikleriniň gaýtadan döredilmegi we ölçegleriniň döwlet etalonlaryndan ölçemegiň nusgalyk we iş serişdelerine geçirilmegi, ululyklaryň birlikleriniň etalonlarynyň binýadynyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi, şeýle hem ululyklaryň birlikleriniň döwlet etalonlarynyň ululyklaryň birlikleriniň halkara etalonlary bilen deňeşdirilip barlanylmagyny ygtyýarly edara üpjün edýär.

3. Ululyklaryň birlikleriniň döwlet etalonlary ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylmaga degişlidir.

11-nji madda. Ölçegleriň serişdeleri

1. Kadalaşdyrylan metrologik häsiýetnamalary bolan ululyklaryň ölçelmegi üçin niýetlenilen tehniki gurluşlar ölçemegiň serişdeleri bolup durýarlar.

2. Ölçegleriň serişdeleri ölçegleriň zerur takyklygyny üpjün etmelidirler we metrologik talaplara laýyk gelmelidirler.

3. Tehniki gurluşlaryň ölçegleriň serişdelerine degişli edilmegi hakyndaky karar ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilýär.

12-nji madda. Ölçegleriň ýerine ýetirilmeginiň usulyýetleri

1. Ululyklaryň ölçegleri ölçegleriň ýerine ýetirilmeginiň synagdan geçen usulyýetlerine laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

2. Ölçegleriň ýerine ýetirilmeginiň usulyýetiniň synagynyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

13-nji madda. Maddalaryň we materiallaryň standart nusgalary

1. Maddalaryň we materiallaryň standart nusgalary (mundan beýläk – standart nusgalar) Türkmenistanda ulanylmagyna rugsat berlen ululyklaryň birlikleriniň manylarynda aňladylan maddalaryň (materiallaryň) düzüminiň we häsiýetnamalarynyň gaýtadan döredilmegi, saklanylmagy (saklanylyşy) we berilmegi üçin niýetlenendir.

2. Standart nusgalar metrologik gözegçilik we gözegçilik barlagy amala aşyrylanda ulanylýar.

3. Standart nusgalar ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

4-nji BAP. METROLOGIK GÖZEGÇILIK WE GÖZEGÇILIK BARLAGY

14-nji madda. Metrologik gözegçiligiň we gözegçilik barlagynyň ýaýraýyş çygry

Şu ýagdaýlarda ulanylýan ölçegleriňnetijeleri metrologik gözegçilige we gözegçilik barlagynadegişlidir:
1) adamyň keseli anyklanylanda we bejerilende;
2) dermanlar öndürilende;
3) ylmy-barlag işleri geçirilende;
4) harytlaryň gaplanylmagy boýunça işler ýerine ýetirilende;
5) ölçegleriň serişdeleriniň we standart nusgalaryň synaglary, deňeşdirilip barlanmagy we metrologik synagy geçirilende;
6) zähmetiň howpsuzşertleri, güwälendirilýän önümiň hili üpjün edilende;
7) ulagyň ähli görnüşlerinde hereketiniň howpsuzlygy üpjün edilende;
8) sport rekordlary bellige alnanda;
9) söwda, gümrük, hasaba alyş-hasaplaşyk, poçta we salgyt amallary geçirilende;
10) geodeziýa we gidrometeorologiýa işleri geçirilende;
11) gazylyp alynýan peýdaly zatlar çykarylanda;
12) zäherli, tiz ot alýan, partlaýjy we radioaktiw maddalar saklanylanda, daşalanda we ýok edilende;
13) daşky gurşawyň ýagdaýynyň monitoringi geçirilende;
14) kazyýet, arbitraž, derňew bilermenler seljermeleri geçirilende.

15-nji madda. Metrologik gözegçiligiň we gözegçilik barlagynyň görnüşleri

Metrologik gözegçilik we gözegçilik barlagy şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylýar:
1) ölçegleriň serişdeleriniň kysymyny ýa-da standart nusgalaryň kysymyny tassyklamak;
2) ölçegleriň serişdeleriniň we standart nusgalaryň metrologik synagy;
3) deňeşdirip barlamak we kalibrlemek;
4) ölçegleriň serişdeleri çykarylanda, ulanylanda, saklanylanda, harytlaryň söwda amallary amala aşyrylan mahalynda ýerlenilen sany bilen, şeýle hem harytlar gabyndan çykarylanda, satylanda we import edilende gaplanan harytlaryň sany bilen barlamak;
5) ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda işiň ygtyýarlylandyrylmagy.

16-njy madda. Ölçeg leriň serişdeleriniň kysymynyň, standart nusgalaryň kysymynyň tassyklanylmagy

1. Ölçegleriň serişdeleriniň kysymynyň, standart nusgalaryň kysymynyň tassyklanylmagy ygtyýarly edaranyň ölçegleriň serişdeleriniň, standart nusgalaryň synaglarynyň netijeleri esasynda ölçeg serişdeleriniň kysymynyň, standart nusgalaryň kysymynyň metrologik talaplara laýyk gelmeginiň ykrar edilmegi hakyndaky karary boýunça geçirilýär.

2. Ölçegleriň serişdeleriniň we standart nusgalaryň synaglary ygtyýarly edara tarapyndan geçirilýär.

3. Ýuridik şahslar we fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistana getirilýän ölçegleriň serişdeleriniň we standart nusgalaryň synaglarynyň geçirilmegi üçin esas bolmadyk mahalynda, olar synaglaryň geçirilmegi üçinmetrologik enjam satyn almaga borçludyrlar.Synaglar aýratyn halatlarda ygtyýarly edaranyň wekiliniň ölçegleriň serişdelerini we standart nusgalary taýýarlaýjy kärhana gitmegi bilen geçirilip bilner.

4. Ölçegleriň serişdeleriniň tassyklanan kysymlary – Ölçegleriň serişdeleriniň döwletsanawyna, standart nusgalaryň tassyklanan kysymlary - Standart nusgalaryň döwlet sanawyna girizilýär.

5. Ölçegleriň serişdeleriniň döwlet sanawyna ýa-da Standart nusgalaryň döwlet sanawyna girizilmedik ölçegleriň serişdeleriniň we standart nusgalaryň ulanylmagyna, satylmagyna we mahabat edilmegine rugsat berilmeýär, durmuşda ýa-da okuw maksatlarynda ulanylmaga niýetlenilen ölçegleriň serişdeleri we standart nusgalary muňa degişli däldir.

6. Ölçegleriň serişdeleriniň, standart nusgalaryň synaglarynyň geçiriliş tertibi, ölçeg serişdeleriniň kysymynyň, standart nusgalaryň kysymynyň tassyklanylyş tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

7. Aýratyn halatlarda ygtyýarly edara Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, ölçegleriň serişdeleriniň kysymynyň, standart nusgalaryň kysymynyň tassyklanylmagy üçin beýleki şertleri göz öňünde tutup biler.

17-nji madda. Ölçegleriň serişdeleriniň, standart nusgalaryň metrologik synagy

1. Türkmenistanyň çäginden daşarda taýýarlanylan ýa-da ýeke-täk nusgalykda Türkmenistana getirilýän ölçegleriň serişdeleri we standart nusgalary metrologik synaga degişlidir.

2. Ölçegleriň serişdeleriniň, standart nusgalaryň metrologik synagy ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Ölçegleriň serişdeleriniň we standart nusgalaryň metrologik synagy ýuridik şahslaryň metrologik gulluklary tarapyndan hem geçirilip bilner. Standart nusgalaryň metrologik synagy degişli ygtyýarnama bolan mahalynda geçirilýär.

4. Ölçegleriň serişdeleriniň we standart nusgalaryň metrologik synagy bellenilen nusgadaky ygtyýarnama bilen tassyk edilýär, onun hereket edýän möhleti berlen mahalynda kesgitlenilýär.

5. Metrologik synagy geçen ölçeg serişdeleri we standart nusgalary degişlilikde Ölçegleriň serişdeleriniň döwlet sanawyna we Standart nusgalaryň döwlet sanawyna girizilýär.

6. Ölçegleriň serişdeleriniň we standart nusgalaryň metrologik synagynyň netijelerini resmileşdirmegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

18-nji madda. Deňeşdirip barlamak

1. Şu Kanunyň 14-nji maddasyna laýyklykda metrologik gözegçilige we gözegçilik barlagyna degişli bolan ölçegleriň serişdeleri, olar ulanylyp (peýdalanylyp) başlanmazyndanöň, şeýle hem abatlanylandan soň - ilkinji barlaga, ulanmagyň barşynda bolsa, yzygiderli barlaga degişlidir.

2. Deňeşdirip barlamak ygtyýarlyedaranyň deňeşdirip barlaýjylary ýa-da degişli ygtyýarnamasy bolan ýuridik şahslaryň metrologik gulluklarynyň deňeşdirip barlaýjylary tarapyndan amala aşyrylýar.

Deňeşdirip barlaýjylaryň synagynyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

3. Deňeşdirip barlamagyň netijeleri ynanyş tagma nyşany bilen ýa-da deňeşdirip barlamak hakyndaky şahadatnama bilen tassyklanylýar.

Ynanyş tagma nyşany ölçeg serişdesine we (ýa-da) ulanylyş resminamasyna geçirilýär.

Tagmanyň görnüşi, ony geçirmegiň tertibi we deňeşdirip barlamak hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

4. Deňeşdirip barlamak hakyndaky şahadatnama ýitirilende ýa-da döwlet ynanyş tagmasyna zeper ýetende ölçeg serişdesi ulanylmak üçin ýaramsyz diýlip ykrar edilýär.

Deňeşdirip barlamak hakyndaky şahadatnamanyň öwezlikleri berilmeýär.

5. Ululyklaryň üýtgemegine gözegçilik edilmegi üçin ulanylýan ölçegleriň serişdeleri, olaryň ähmiýetine kadalaşdyrylan takyklygy bolan ululyklaryň birliklerinde baha berilmezden, barlaga degişli däldir.

Görkezilen ölçegleriň serişdeleriniň abatlygyna gözegçilik etmegi olary peýdalanyjylar amala aşyrýarlar.

6. Deňeşdirip barlamaga degişli ölçegleriň serişdeleriniň sanawy, deňeşdirip barlamagyň döwürleýinligi, ony geçirmegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

19-njy madda. Kalibrlemek

1. Metrologik gözegçilige we gözegçilik barlagyna degişli bolmadyk ölçegleriň serişdeleri,olarşol serişdeleriň öndürijisitarapyndan öndürilen mahalynda bellenilen tertipde kalibrlenilýär.

2. Kalibrlemegiň ölçegleriň serişdeleri ulanylýan mahalynda, şeýle hem olar abatlanandan soň geçirilmeginiň zerurlygyny olary peýdalanyjylar kesgitleýärler.

3. Kalibrlemek ygtyýarly edara tarapyndan geçirilýär.

4. Kalibrlemäge bolan hukuk, ululyklaryň birlikleriniň döwlet etalonlaryna laýyk gelýän ululyk birlikleriniň ulanylmagy bilen, degişli ygtyýarnamasy bolan ýuridik şahslaryň metrologik gulluklaryna hem berlip bilner.

5. Kalibrlemegiň netijeleri ölçegleriň serişdelerine geçirilýän kalibrleýji nyşan bilen ýa-da kalibrleme hakyndaky güwänama bilen tassyklanylýar, onda metrologik häsiýetnamalaryň hakyky manylary görkezilýär. Kalibrlemegiň netijeleri ulanylyş resminamalaryna hem ýazylýar.

6. Ygtyýarly edara ýuridik şahslaryň metrologik gulluklarynyň geçirýän kalibrlemegine gözegçilik edýär.

7. Kalibrlemäge degişli ölçegleriň serişdeleriniň sanawy, kalibrlemegiň döwürleýinligi, ony geçirmegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

20-nji madda. Ölçegleriň serişdeleri çykarylanda, ulanylanda, aklanylanda, söwda amallary geçirilýänmahalynda ýerlenilýän harytlaryň sanynyň, şeýle hem olar gabyndan çykarylanda, ýerlenilende we import edilende geçirilýän barlaglar

1. Ölçegleriň serişdeleri çykarylanda, ulanylanda, saklanylanda geçirilýän barlaglar olaryň bellenilen metrologik düzgünlere we kadalara laýyk gelýändiklerini barlamak maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Söwda amallary amala aşyrylan mahalynda ýerlenilýän harytlaryň sanyny barlamak olaryň agramynyň, möçberiniň, harajatynyň ýa-da bu harytlaryň mukdaryny häsiýetlendirýän beýleki ululyklarynyň dogrulygyny kesgitlemek maksady bilen amala aşyrylýar.

3. Islendik görnüşdäki gaplara gaplanan harytlaryň sanynyň olar gabyndan çykarylanda, ýerlenilende we import edilende barlanylmagy gapdaky harydyň sanynyň gabyň daş ýüzünde bellenilen sanyna gabat gelýändigini barlamak maksady bilen amala aşyrylýar.

21-nji madda. Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda ygtyýarlylandyrmak

Ýuridik şahslaryňölçegleriň serişdelerini ýasamagy, olary deňeşdirip barlamagy, kalibrlemegi, abatlamagy, öndürmegi, metrologik synagy ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilýän ygtyýarnamanyň esasynda amala aşyrýarlar.

5-nji BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

22-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçinjogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

23-nji madda. Jedelleriň çözülişi

Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatda ýüze çykýan jedeller kazyýet tertibinde çözülýär.

24-nji mada. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunyň güýje giren gününden başlap üç aý möhletde oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.
2012-nji ýylyň 19-njy oktýabry.
№ 342-IV.
 




^