Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikatlaşdyryş bölüminiň esasy wezipeleri we amala aşyrýan işleri


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 30-njy awgustyndaky 1872 belgili karary bilen «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň düzüminde Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikatlaşdyryş bölümi döredildi we öz işine 2020-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda başlady.

Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikatlaşdyryş bölümi şu aşakdaky hyzmatlary ýerine ýetirýär:

Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän kiberhowpsuzlygyň üpjünçiliginde ulanyljak tehniki serişdeleri we programma üpjünçiliklerini sertifikalaşdyrmak işlerini ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň çäginde ýazylan programma üpjünçiliklerini sertifikalaşdyrmak işlerini ýerine ýetirýär.