Merkezi edarasy


Standartlaşdyryş we sertifikatlaşdyryş bölümi


Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümi sertifikatlaşdyrmagyň tertibi

1. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümi sertifikatlaşdyrmak üçin Arza beriji sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalary tabşyrylmaly: arza;

gümrük edaralary tarapyndan berilýän delilnamanyň nusgasy (gümrük barlagynyň namasynyň ýa-da harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ýere ýerleşdirilendigi hakynda delilnamanyň nusgasy);

gümrük deklarasiýasynyň nusgasy;

şertnamanyň nusgasy (önüm Türkmenistana şertnama boýunça getirilen ýagdaýynda);

inwoýsyň nusgasy ýa-da hasap-faktura;

önüm şertnama boýunça getirilende, şertnama esasynda (satyjydan, potratçydan) talap edilýän önümiň hilini tassyklaýan resminamalaryň nusgasy;

eger Arza beriji ýuridiki şahs bolsa, onuň wekili üçin kärhananyň (guramanyň, firmanyň) möhri we ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan ynanç haty;

eger Arza beriji fiziki şahs bolsa, Arza berijiniň wekili üçin kepillendiriş tertibinde ýa-da şahsy möhür bilen tassyklanan ynanç haty.

2. Sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän önümler bir atdan köp bolan halatynda ýa-da önüm barada maglumat uly möçberde bolanda arzanyň ýany bilen ýöriteleşme (goşundy) goýulýar, onda önümiň aýratynlygyna baglylykda şu aşakdaky maglumatlar görkezilýär:

önümiň ady, hil, sorty, markasy we başgalar, mukdary ýa-da göwrümi;

önümiň düzümi (toplumy, kompleksi), düzüm bölekleri.

ýöriteleşmäniň her sahypasynda Arza beriji gol çekýär, şonda Arza beriji ýuridiki şahs bolan ýagdaýynda möhürini hem goýýar. ýöriteleşme resmileşdirilýän laýyklyk sertifikatynyň her bir nusgasynyň ýanyna goşulmaly.

3. Sertifikatlaşdyrylmaga hödürlenýän önüm ölçeg serişdesi (ýa-da gurluşynda ölçeg serişdesi bolan enjam) bolsa, onda Arza beriji önümiň Türkmenistanyň ölçeg serişdeleri baradaky Döwlet sanawyna (reýestrine) girizilendigini tassyklaýan resminamany bermeli.

4. Arza beriji tarapyndan berilýän resminamalar döwlet dilinde bolmalydyr ýa-da bellenen tertipde döwlet diline terjime edilmelidir. Şol bir wagtda berilýän resminamalaryň mukdary köp bolan halatynda sertifikatlaşdyrmak boýunça edara bilen ylalaşylan tertipde olar başga daşary ýurt dilinde kabul elilip biliner.

Arza beriji, sertifikatlaşdyrmak üçin arzada talap edilýän maglumaty dolylygyna beýan edýär, şeýle hem arzada Arza berijiniň adyndan başga adamyň gol çekmegine ýol berilmeýär.

5. Zerur bolan ýagdaýynda, sertifikatlaşdyrmak boýunça edara Arza berijiden önümiň kadalaşdyryjy resminamasyny we (ýa-da) önümiň kadalaşdyryjy resminamanyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklamak üçin gerek bolan goşmaça resminamalary talap edip biler.

 




Jemleýji-seljeriş we halkara hyzmatdaşlygy bölümi


"Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda standartlaşdyrma, metrologiýa we sertifikatlaşdyrma boýunça gol çekilen ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň
SANAWY

Gol çekilen ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň ady Senesi
1 СОГЛАШЕНИЕ между Главной Государственной Инспекцией Туркменистана и Государственной инспекцией по стандартизации и метрологии при Правительстве Кыргызской Республики (Кыргызстандарт) о сотрудничестве в области стандартизации, метрологии, сертификации 13.03.1992г.
2 СОГЛАШЕНИЕ между Правительством Туркменистана и Правительством Республики Узбекистан о сотрудничестве в области стандартизации, метрологии, сертификации 16.01.1996г.
3 СОГЛАШЕНИЕ между Правительством Грузии и Правительством Туркменистана о сотрудничестве в области стандартизации, метрологии, сертификации 05.12.1997г.
4 СОГЛАШЕНИЕ между Правительством Туркменистана и Правительством Республики Армения о сотрудничестве в области стандартизации, метрологии, сертификации 05.06.1997г.
5 СОГЛАШЕНИЕ между Правительством Туркменистана и Кабинетом Министров Украины о сотрудничестве в области стандартизации, метрологии, сертификации и аккредитации 28.01.1998г.
6 СОГЛАШЕНИЕ между Правительством Туркменистана и Правительством Республики Казахстан о сотрудничестве в области стандартизации, метрологии, сертификации и аккредитации 28.05.2007г.
7 СОГЛАШЕНИЕ между Правительством Туркменистана и Правительством Азербайджанской Республики о сотрудничестве в области стандартизации, метрологии, сертификации и аккредитации 19.05.2008г.
8 СОГЛАШЕНИЕ между Правительством Туркменистана и Правительством Республики Таджикистан о сотрудничестве в области стандартизации, метрологии, сертификации и аккредитации 18.03.2010г.
9 СОГЛАШЕНИЕ между Правительством Туркменистана и Правительством Республики Беларусь о сотрудничестве в области стандартизации, метрологии, сертификации и аккредитации 17.03.2011
10 «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň (Türkmenistan) we Awstriýanyň Standartlar institutynyň (ASI) arasynda standartlaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy (Türkmenistan) bilen Awstriýa Respublikasynyň Ykdysadyýet, maşgala we ýaşlar federal ministrliginiň arasynda ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK BARADA ÄHTNAMA 13.10.2011ý.
11 Standartlaşdyrmak, metrologiýa, güwälendirmek we akkreditirlemek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda YLALAŞYK 23.11.2011ý.
12 Standartlaşdyrmak, metrologiýa, güwälendirmek we akkreditirlemek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda YLALAŞYK 16.02.2013ý.
13 Standartlaşdyrmak, güwälendirmek we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bilen Koreýanyň Tehnologiýa standartlar boýunça agentliginiň arasynda ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK HAKYNDA ÄHTNAMA 20.06.2014ý.
14 "Standartlaşdyrmak, güwälendirmek, akkreditirlemek we metrologiýa, babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Standartlar we senagat barlaglary institutynyň arasynda ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK HAKYNDA ÄHTNAMA 22.11.2015ý.
27.03.2018ý.
15 Standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikatlaşdyrmak we akkreditirlemek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda YLALAŞYK 15.03.2017ý.
16 Standartlaşdyrmak we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy (Türkmenistan) bilen Tehniki kadalaşdyryş we metrologiýa boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK HAKYNDA ÄHTNAMA 02.10.2017ý.



Zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölümi


1. Kärhananyň esaslandyryjy resminamalarynyň göçürme nusgalary (tertipnamasy, şahadatnamasy, hasaba alyş resminamasy) (kärhananyň möhri bilen tassyklanan);

2. Işleriň şol görnüşini ýerine ýetirmek üçin gerek bolan maşynlaryň, mehanizimleriň, abzallaryň we gurallaryň bardygy baradaky maglumat (kärhananyň möhri bilen tassyklanan); Goşundy № 2

3. Inžener tehniki işgärleriň sanawy (kärhananyň möhri bilen tassyklanan) (eger-de bar bolsa ýötite orta ýa-da ýokary bilim derejesini kesgitleýän diplomlarynyň nusgalaryny goşmaly); Goşundy № 1

4. Inžener tehniki işgärleriň we hünärmenleriň zähmeti goramak boýunça bilimleriniň barlaglary baradaky materiallar (teswirnamanyň nusgasyny goşmaly)

5. Işleriň şol görnüşini ýerine ýetirmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň bardygy baradaky maglumat (kärhananyň möhri bilen tassyklanan) Goşundy № 3

6. Işleriň görnüşleri bilen baglanşykly beýleki goşmaça resminamalar (ýyl boýunça edilen işler boýunça kepilnama, işgärleriň ýokary töwekgelçiliklerden ätiýaçlandyrylşy barada maglumat, iş ýerinde zähmeti goramak çäreleriň maliýeleşdirilşi boýunça maglumat, kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan howpsuzlyk sertifikatyny almak üçun ynamdar wekile berilen ynanç haty)


1. Esaslandyryjy resminamalarynyň göçürme nusgalary (patent, bellige alnan şahadatnama);

2. Işleriň şol görnüşini ýerine ýetirmek üçin gerek bolan maşynlaryň, mehanizmleriň, abzallaryň we gurallaryň bardygy baradaky maglumat; Goşundy № 2

3. Hünärmenleriň sanawy (eger-de bar bolsa ýötite orta ýa-da ýokary bilim derejesini kesgitleýän diplomlarynyň nusgalaryny goşmaly); Goşundy № 1

4. Hünärmenleriň zähmeti goramak boýunça bilimleriniň barlaglary baradaky materiallar (teswirnamanyň nusgasyny goşmaly);

5. Işleriň şol görnüşini ýerine ýetirmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň bardygy baradaky maglumat; Goşundy № 3

6. Işleriň görnüşleri bilen baglanşykly beýleki goşmaça resminamalar (ýyl boýunça edilen işler boýunça kepilnama, işgärleriň ýokary töwekgelçiliklerden ätiýaçlandyrylşy barada maglumat, iş ýerinde zähmeti goramak çäreleriň maliýeleşdirilşi boýunça maglumat, Telekeçi tarapyndan howpsuzlyk sertifikatyny almak üçun ynamdar wekile berilen ynanç haty)

Goşundy №1

Kärhananyň işgärleriň sanawy:

A.A.F. Bilimi, haýsy ýokary okuw jaýy, hünäri. Wezipesi Umumy Iş stažy Kärhanadaky iş stažy
1 M.Döwletow Ýokary bilimli Politehniki institut Inžener gurluşykçy Başlyk 28 ýyl 4 ýyl
2          
3          
4          
5          
6          

Başlygyň goly möhri _______________ A.A.F



Goşundy №2

Kärhananyň tehnikalarynyň we enjamlarynyň sanawy:

Tehnikalaryň ady Çykarylan ýyly Ulanyşa berlen ýyly Öndürilen ýurdy Sany
1 Kamaz 2010ý 2011ý Rossiýa 3
2          
3          
4          
5          
6          

Başlygyň goly möhri _______________ A.A.F



Goşundy №3

Kärhanadaky kadalaşdyryjy- tehniki resminamalaryň sanawy.

1. Türkmenistanyň Zähmet kodeksi.

2. Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň TERTIBI 20.05.2016-njy ýyl. Karar № 14780.

3. Türkmenistanyň halk hojalygynda zähmeti goramagy dolandyrmagyň ýeke-täk ulgamy.

4. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryň ýygyndysy.

5. TGK 3.01.03-06 “Gurluşykda howpsuzlyk tehnikasy” işleri geçirmegiň we kabul etmegiň düzgünleri.

6. Zähmeti goramak barada gözükdirmeler.

Başlygyň goly möhri _______________ A.A.F





Metrologiýa bölüminiň esasy wezipeleri we amala aşyrýan işleri


1.Ýuridiki şahs üçin- esaslandyryjy resminamalaryň we Türkmenistanyň edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň bellenilen tertipde tassyklanan nusgasy.

2.Fiziki şahs üçin- hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy we onuň pasportynyň nusgasy.

3.Eýeçilik, kärende hukugy ýa-da başga bir kanuny esasynda Arza berijä degişli bolan jaýlaryň we binalaryň, tehniki serişdeleriň bardygyny tasyklaýan resminamalaryň nusgalary.

4.Ulanylýan ölçeg serişdeleriniň deňeşdirip barlamak hakyndaky şahadatnamanyň ýa-da kalibirleme hakyndaky güwanamanyň nusgalary (eger-de ölçeg serişdeler kärende alynýan bolsa, kärende şertnamasynyň nusgasy goşulýar).

5.Hünärmenler bilen üpjünçiligi we metrologiýa boýunça iş ugruna we şertlerine laýyk gelýändigini tassyklaýan hünär derejesi baradaky maglumatlar.

Bellik: Metrologiki üpjünçilik üçin iş ugrlarynyň aýratynlygyny nazara alyp, Arza berijilerden zerur bolan goşmaça resminamalary hem alynyp biliner.



^