Türkmen standartlar maglumat merkeziniň
Guramaçylyk-metodiki bölümi

Kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmek işleri

Döwlet standartyny işläp düzmek

Döwlet standartyny işläp düzmek hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň gazananlaryny hasaba almak bilen, döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek üçin gerek bolan resminamalaryň sanawy:

1) standarty işläp düzmäge teklip;

2) tehniki tabşyryk;

3) standarty işläp düzmek boýunça şertnama.

Tehniki şertleri işläp düzmek

Tehniki şertleri işläp düzmek hem-de önümleri (hyzmatlary) häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň gazananlaryny hasaba almak bilen, döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek üçin gerek bolan resminamalaryň sanawy:

1) ýüz tutýan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan arza;

2) tehniki tabşyryk;

3) ilkinji çeşme resminamalary;

4) tehniki şertleri işläp düzmek boýunça şertnama;

5) Türkmenistanyň Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesinden nusga;

6) haryt nyşanynyň bellige alynandygyny tassyklaýan resminamasyndan nusga. (bar bolsa).


  Resminamanyň ady  
Arza. Kadalaşdyryjy resminamalary (KR) işläp düzmek üçin tehniki tabşyryk
Заявка. Техническое задание разработку нормативного документа
Ýüklemek
Arza. Resminamalary üýtgetmek
Заявка. Техническое задание разработку изменения нормативного документа
Ýüklemek

Biziň salgymyz:
744013 ş.Aşgabat, Oguz-han, 201
e-mail: tsmm-guram@turkmenstandartlary.gov.tm