Türkmen standartlar maglumat merkeziniň
Akkreditasiýa bölümi

Synag barlaghanalarynyň döwlet akkreditasiýasyny geçirmegiň tertibi

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edilen “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň garamagyndaky synag barlaghanalar we beýleki döwlet edaralaryň synag barlaghanalary döwlet akkreditasiýadan geçmek üçin ýüz tutup bilerler.

Döwlet akkreditasiýasyny geçmek üçin şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalar tabşyrylmalydyr:

1) arza;

2) döwlet edaranyň esaslandyryjy resminamalarynyň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgalary, Türkmenistanyň Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şeýle hem ynanç haty ýa-da dalaşgäriň wekiliniň ygtyýarlaryny tassyklaýan buýruk.

3) synag barlaghananyň sertifikatlaşdyrmak boýunça anyk işleri ýerine ýetirmegi barada Düzgünnamanyň taslamasy;

4) akkreditasiýa çägini kesgitleýän resminamanyň taslamasy;

5) synag barlaghana barada esasy maglumatlary özünde jemleýän “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan kesgitlenen görnüşdäki degişli şekiller (synag barlaghananyň pasporty);

6) synag barlaghananyň hil boýunça Gollanmasy;

7) synag barlaghananyň ýerine ýetirýän işleriniň aýratynlyklaryny nazara almak bilen zerur bolan goşmaça resminamalar.

Döwlet akkreditasiýasyny geçirmek boýunça işler şu aşakdaky tapgyrlardan ybarat:

1-nji tapgyr:

-arzany kabul etmek;

-kabul edilen resminamalar boýunça seljerme geçirmek we synag barlaghana deslapky bahany bermek;

2-nji tapgyr:

-barlag iş toparyny bellemek barada Akkreditirleýiş edaranyň buýrugyny taýýarlamak we synag barlaghanany ýerinde barlamak;

-akkreditasiýa baradaky şahadatnamany resmileşdirmek;

3-nji tapgyr:

-akkreditirlenen synag barlaghananyň (merkeziň) döwürleýin gözegçilik barlagyny geçirmek.

Synag barlaghananyň akkreditasiýasyny geçirmek boýunça işleriň nyrhnamasy “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen ylalaşmak arkaly bellenilýär.

Akkreditasiýa baradaky şahadatnamany berilmekden ýüz dönderilen ýagdaýynda, geçirilen töleg akkreditasiýa boýunça harajatlara degişli edilip, gaýtarylyp berilmegine degişli däldir.


  Resminamanyň ady  
А goşundy. Akkreditasiýa çäginiň birinji sahypasynyň görnüşi Ýüklemek
E goşundy. Synag barlaghananyň (merkeziň) Düzgünnamasynyň baş sahypasynyň görnüşi Ýüklemek
F goşundy. Akkreditirlenen synag barlaghanada (merkezde) bolmaly resminamalaryň takmynan sanawy (synag barlaghananyň (merkeziň) düzüm bölümi hökmünde girýän guramanyň resmi kagyzlaryny goşmak bilen) Ýüklemek
G goşundy. Akkreditasiýa geçmek üçin arzanyň görnüşi Ýüklemek
H goşundy. Synag barlaghananyň (merkeziň) pasportynyň görnüşi Ýüklemek
H goşundynyň dowamy. Barlaga degişli maddalaryň sanawy. 1-nji görnüş Ýüklemek
H goşundynyň dowamy. Synag barlaghananyň (merkeziň) ýerine ýetirýän synaglary we olaryň usulyýetleri we synaglaryň we ölçegleriň esasy serişdeleri bilen üpjünçiligi. 2-nji görnüş Ýüklemek
H goşundynyň dowamy. Önümçilik jaýlarynyň ýagdaýy. 3-nji görnüş Ýüklemek
H goşundynyň dowamy. Synag barlaghananyň (merkeziň) akkreditasiýa çäginde synaglary geçirýän işgärleriniň düzümi. 4-nji görnüş Ýüklemek
H goşundynyň dowamy. Ölçegleriň netijeleriniň gözegçiliginiň ulgamy barada maglumatlar. 5-nji görnüş Ýüklemek
H goşundynyň dowamy. Analitik barlagda ulanylýan standart nusgalar barada maglumat. 6-nji görnüş Ýüklemek

Biziň salgymyz:
744013 ş.Aşgabat, Oguz-han, 201
e-mail: tsmm-akkred@turkmenstandartlary.gov.tm