Halkara hyzmatdaşlyk


Standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasy (ISO) barada

1946-njy ýylyň oktýabr aýynyň 14-ne Londonda 25 döwletiň standartlaşdyrmak boýunça milli guramalarynyň gatnaşmaklarynda halkara konferensiýa geçirilýär. Onda işini 1947-nji ýyldan başlaýan (Düzgünnamasy tassyklanandan soňra) Standartlaşdyrmak boýunça halkara guramany (ISO) döretmek barada karar kabul edilýär.

Dürli dillerde guramanyň adynyň abbrewiaturasy dürli görnüşlerde bolmaz ýaly, halkara standartlaşdyryş ulgamynyň niýetlenişine has laýyk gelýän söz “isos”- “deň” grek sözüni ulanmak köpçülikleýin kabul edilýär.

ISO-nyň resmi dili iňlis, fransuz we rus dilleridir.

ISO tehniki sorag boýunça BMG-niň esasy (birinji derejeli) konsultatiw edarasy we standartlaşdyryş boýunça ýöriteleşdirilen halkara guramasy bolup durýar.

ISO-nyň tehniki işleriniň çägine ylalaşyk boýunça Halkara elektrotehniki komissiýanyň (IEC) işleriniň çygry bolup durýan elektrotehnikadan we elektronikadan özge standartlaşdyryşyň ähli ugurlary girýär.

ISO-nyň işi merkezleşmegi gowşadylan häsiýetlidir. Ähli işler ýurtlardaky tehniki sekretariatlar bilen gurnalan we goldanýan tehniki komitetleri we kiçi komitetleri bilen amala aşyrylýar. Ženewadaky merkezi sekretariat ISO-nyň işini utgaşdyrmaga gatnaşýar, onuň resminamalaryny tassyklamak işinde ses berlişine ýolbaşçylyk edýär, halkara standartlary çap edýär.

Häzirki wagtda 165 ýurduň standartlaşdyrmak boýunça milli guramalary ISO-nyň agzalary, habarçy agzalary we abonent agzalarydyr.

ISO-nyň agzalary onuň islendik tehniki komitetiniň işine gatnaşmaga, standartlaryň taslamalary boýunça ses bermäge, ISO-nyň Geňeşiniň düzümini saýlamaga we Baş Assambleýanyň mejlisinde wekilçilik etmäge hukugy bardyr.

ISO-nyň habarçy agzalarynyň ISO-da işlenip düzülýän standartlar barada maglumaty almaga hukuklary bardyr.

Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ISO-nyň habarçy agzasy bolup durýar. Bu bolsa iňlis dilinde hemme täze halkara standartlary muzdsuz almaga mümkinçilik döredýär.

Türkmen milli elipbiýi ISO 2375 halkara standartyna laýyklykda 2000-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Tokioda (INTERNET üsti bilen) Halkara registrinden (230 belgi bilen) geçirildi.

ISO-nyň saýty


Halkara elektrotehniki komissiýasy (IEС) barada

Standartlaşdyrmak boýunça halkara guramalarynyň esasylarynyň biri bolan IEС 1906-njy ýylda ISO-dan has öň döredilendir.

IEС-iň düzgünnamasynda görkezilişi ýaly halkara gatnaşyklarynda, şeýle hem halkara söwdasynda elektrotehniki, radioelektroniki we aragatnaşyk ulgamlarynda standartlaşdyrmak boýunça işleri alyp barýar.

IEС-iň agza ýurtlary ISO garanyňda azdyr, sebäbi ösüp barýan ýurtlarda elektrotehniki, radioelektroniki we aragatnaşyk ugurlarynyň ýoklugy ýa-da ösmänligi bilen düşündirilýär. Şonuň üçin IEС-iň işinde esasy orunda ykdysadyýeti ösen ýurtlar durýar.

IEС-iň ýokary ýolbaşçy guramasy bolup gatnaşýan hemme milli guramalardan ybarat bolan Geňeşdir. Geňeşe prezident (üç ýyl möhlet bilen saýlanýar), Wise- prezident, gaznaçy, baş sekretary saýlaw esasynda saýlanylýar. Geňeşiň işlerine IEС-iň hemme öňki prezidentleri gatnaşýar. Geňeşde hereket edýän komitet bolup, ol Geňeşiň tabşyrygy boýunça hemme tabşyrylan soraglara seredýär hem-de alyp barýan işleri boýunça Geňeşiň öňünde hasabat berýär we özüniň gelen çözüwini tassyklatmaga hödürleýär. Ol, esasan, tehniki komitetleriň arasyndaky sazlaşyk boýunça ýa-da guramanyň alyp barýan ähli işlerine degişli umumy soraglara seredýär.

Geňeş özüniň mejlisini her ýylda nobatma-nobat dürli ýurtlarda geçirýär we IEС-ň alyp barýan ugurlaryndaky tehniki, guramaçylyk we maliýe meseleleri boýunça hemme soraglara seredýär. Hemme çözgütler sesleriň köplügi bilen kabul edilýär.

IEС-iň standartlary iňlis we fransuz dillerinde çap edilýär.

IEС 1970-nji ýylda halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda elektrotehniki önümleriň sertifikatlaşdyryş ulgamyny döretdi. Elektrotehniki önümleri sertifikatlaşdyryş ulgamynda sertifikatlaşdyrmak, bu önümleriň howpsuzlygyny üpjün etmeklige ugrukdyrylandyr.

IEС-iň saýty

Standartlaşdyrmak boýunça sebitara assosiasiýasy (МАС) barada

1991-nji ýylyň sentýabr aýynyň 9-ndan 11-ne çenli Ankara şäherinde 10 sany standartlaşdyrmak boýunça guramanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen halkara seminaryň netijeleri boýunça tekliplere seredilip we ara alnyp maslahatlaşylandan soň, şol guramalaryň arasynda assosiasiýa döretmek barada çözgüt kabul edildi. Şunlukda, guramalaryň wekilleri tarapyndan 1991-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Standartlaşdyrmak boýunça sebitara assosiasiýasyny (МАС) döretmek barada protokola gol çekildi.

МАС-yň maksady standartlaşdyrmak meseleleri boýunça halkara we sebitara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

МАС-yň agzalary: Adigeýa Respublikasy (1997) synçy agzasy, Albaniýa (1992) synçy agzasy, Azerbaýjan Respublikasy (dörediji agzasy 1991) doly agzasy, Başgyrt Respublikasy (1992) synçy agzasy, Dagystan Respublikasy (1992) synçy agzasy, Gagauz Respublikasy (2009) synçy agzasy, Gruziýa (dörediji agzasy1991) doly agzasy, Kabardin- Balkar (1992) synçy agzasy, Gazagystan Respublikasy (dörediji agzasy1991) doly agzasy, Gyrgyzystan (dörediji agzasy1991) doly agzasy, Krasnodar (1998) synçy agzasy, Mongoliýa (dörediji agzasy1991) doly agzasy, Moldowa (dörediji agzasy1991) doly agzasy, Özbegistan Respublikasy (dörediji agzasy1991) doly agzasy, Russiýa Federasiýasy (2003) synçy agzasy, Täjigistan Respublikasy (1992) doly agzasy, Tatarystan Respublikasy (dörediji agzasy1991) doly agzasy, Türkiýe Respublikasy (dörediji agzasy1991) doly agzasy, Türkmenistan (1992) doly agzasy, Demirgazyk Kipr Türkiýe Respublikasy (dörediji agzasy1991) doly agzasy.

МАС-yň resmi dilleri türk we rus dilleridir.

Zerurlyk ýüze çykanda, sertifikatlar resmileşdirilende iňlis dili ulanylýar.

Assosiasiýanyň Baş Assambleýasy ýylda bir gezek oktýabr- noýabr aýlarynda, esasan, Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde ştab-öýüniň ýerleşýän ýeri boýunça geçirilýär.

МАС-yň 10-njy Baş Assambleýasynyň mejlisi 2000-nji ýylyň noýabr aýynyň 21 - 23-ne Aşgabat şäherinde (Türkmenistanda) geçirildi.

Baş Assambleýanyň işine Standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasynyň (ISO) Wise-prezidenti, Türkiýe Respublikasysynyň döwlet ministri we Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Demirgazyk Kipr Türkiýe Respublikasynyň, Türkmenistanyň milli guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Baş Assambleýada standartlaşdyrmak boýunça sebitara assosiasiýasynyň agza döwletleriniň standartlaşdyryş meseleleri boýunça iki taraplaýyn amatly gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

МАС-yň saýty

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyryş boýunça
Döwletara Geňeşi (MГС) barada

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) girýän ýurtlaryň Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Ukrainanyň, Moldowa Respublikasynyň Hökümetleri standartlaşdyryşyň, metrologiýanyň we sertifikatlaşdyryşyň halkara häsiýetini belläp, 1992-nji ýylyň 13-nji martynda “Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyryş ugurda ylalaşylan syýasaty geçirmek hakynda Ylalaşyga” gol çekdiler we Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyryş boýunça Döwletara Geňeşi (MГС) döretdiler.

MГС standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyryş boýunça ylalaşykly syýasaty düzmek we geçirmek boýunça GDA-nyň hökümetara edarasy bolup durýär.

MГС-iň ýokary edarasy МГС-iň agzalarynyň mejlisi bolup, ýylda iki gezek agza döwletlerde nobatma-nobat geçirilýär.

Mejlisleriň aralarynda Geňeşiň işine ýolbaşçylygy başlyk amala aşyrýar.

MГС-iň başlygynyň wezipesini standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyryş boýunça milli guramalaryň ýolbaşçylary nobatma-nobatyna amala aşyrýar.

MГС-iň işi “Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyryş boýunça Döwletara Geňeşi baradaky düzgünnamasyna” laýyklykda amala aşyrylýar.

Döwletara standartlaşdyrmak boýunça işleri guramak we geçirmek “Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyryş boýunça Döwletara Geňeşiniň prosedurasynyň düzgünlerine” laýyklykda amala aşyrylýar.

MГС-iň iş edarasy bilermenler toparyndan düzülen Standartlar boýunça býurodan we sebitleýin maglamat merkezinden ybarat bolup durýär.

MГС-iň Standartlar boýunça býurosynyň işi “Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyryş boýunça Döwletara Geňeşiniň Standartlar boýunça býurosynyň düzgünnamasyna” laýyklykda amala aşyrylýar.

MГС standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasy (ISO) tarapyndan Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyryş boýunça Ýewro-Aziýa Geňeşi (EASС) ýaly Standartlaşdyrmak boýunça sebitara gurama hökmünde ykrar edildi (Geňeşiň rezolýusiýasy ISO 26/1996).

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri MГС-iň doly agzasy bolup durýar.

Türkmenistan Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň (1996.01.16), Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň (1997.06.05), Gruziýa Hökümetiniň (1997.12.05), Ukraina Hökümetiniň (1998.01.28), Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň (2007.05.28), Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň (2008.05.19), Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň (2010.03.18), Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň (2011.03.17) aralarynda standartlaşdyrma, metrologiýa we sertifikatlaşdyrma hakynda ylalaşyklar baglanyşyldy.

Şeýle hem, Türkmenistan Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň (2011.11.23), Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň (2013.02.16), Polşa Respublikasynyň Hökümetiniň (2015.03.17) aralarynda standartlaşdyrma, metrologiýa we sertifikatlaşdyrma hakynda ylalaşyklar baglanyşyldy.

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy (Türkmenistan) bilen Awstriýanyň Standartlar institutynyň (ASI) (2011.10.13), Koreýanyň Tehnologiýa we standartlar boýunça agentliginiň (2014.06.20) arasynda ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK HAKYNDA ÄHTNAMA kabul edildi.

MГС-iň Döwletara Geňeşiniň 9-njy mejlisi 1996-njy ýylyň aprel aýynyň 10 – 13-i aralygynda Aşgabat şäherinde (Türkmenistanda) geçirildi.

MГС-iň Döwletara Geňeşiniň 39-njy mejlisi 2011-nji ýylyň maý aýynyň 11 – 13-i aralygynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda (Türkmenistanda) geçirildi.

MГС-yň saýty

Döwlet metrologiýa edaralarynyň Ýewro-Aziýa hyzmatdaşlygy
(KOOMET) barada

KOOMET – Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň döwlet metrologiýa edaralarynyň hyzmatdaşlyk guramasy bolup, ol 1991-nji ýylyň iýun aýynda döredildi we 2000-nji ýylyň maý aýynda “Döwlet metrologiýa edaralarynyň Ýewro-Aziýa hyzmatdaşlygy” diýlip atlandyryldy.

Häzirki wagtda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusýanyň, Bolgariýanyň, Germaniýanyň (assosirlenen agza), Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, KHDR-ň (assosirlenen agza), Kubanyň (assosirlenen agza), Litwanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Rumynyýanyň, Slowakiýanyň, Özbegistanyň we Ukrainanyň metrologiýa edaralary KOOMET-iň agzalary bolup durýarlar.

KOOMET-iň esasy işi şu ulgamlarda hyzmatdaşlykdan ybaratdyr: fiziki ululyklaryň etalonlary, kanun çykaryjy metrologiýa, akkreditasiýa we hil menejment ulgamy, maglumat we okatmak.

KOOMET-iň maksatlary:

- ölçegleriň birligi, bitewiligi we onuň netijeleriniň takyklygy baradaky soraglary çözmäge netijeli ýardam bermek;

- milli ykdysadyýetleriň hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we halkara söwdalarynda tehniki päsgelçilikleriň aradan aýrylmagyna ýardamçylyk etmek;

- Ýewro-Aziýa ýurtlarynyň metrologiýa gulluklarynyň işlerini beýleki sebitleriň ugurdaş gulluklarynyň işleri bilen ýakynlaşdyrmak.

KOOMET öz işinde Hyzmatdaşlyk we iş düzgünleri hakyndaky Memoranduma goldanýar.

KOOMET-iň hyzmatdaşlygynyň tematik ulgamlary: Akustika, ultrases, titreme; Elektrik we magnetizm; Rashodometriýa; Ionizirleýji şöhleleniş we radioişjeňlik; Uzynlyk we burç; Agram we onuň bilen baglanyşykly ululyklar; Fotometriýa we radiometriýa; Fiziko-himiýa; Termometriýa we teplofizika; Wagt we ýygylyk; Standart ölçegler; Ölçegleriň umumy soraglary (umumy metrologiýa); Kanun çykaryjy metrologiýa, Akkreditasiýa we hil ulgamy; Maglumat we maglumat tehnologiýalary; okatmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak.

KOOMET-iň ýokary edarasy KOOMET-iň Komiteti bolup, onuň düzümine KOOMET-iň agzalarynyň döwlet metrologiýa edaralarynyň ýolbaşçylary girýärler. Komitetiň Mejlisi ýylda azyndan bir gezek çagyrylýar.

Komitet öz agzalaryndan üç ýyl möhlet we bir gezek gaýtadan saýlanmak mümkinçiligi bilen KOOMET-iň prezidentini saýlaýar. Prezident öz milli edarasynyň güýji bilen Sekretariaty alyp barmaklygy üpjün edýär.

KOOMET-iň resmi dilleri rus we iňlis dilleridir.

KOOMET-iň öz hususy maliýe serişdeleri ýokdur.

KOOMET-iň işi 2005-nji ýylda makullanan KOOMET-iň hyzmatdaşlygynyň we işiniň baş ýörelgelerini we KOOMET-iň Komiteti tarapyndan tassyklanýan KOOMET-i ösdürmegiň iki, üç ýyllyk maksatnamasyny göz öňünde tutmak bilen amala aşyrylýar.

KOOMET-iň işiniň netijeliliginiň wajyp şertleriniň biri-de işleriň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlykdyr. Hyzmatdaşlygyň bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalary KOOMET-iň Iş maksatnamasyny emele getirýärler.

KOOMET-e gatnaşyjy ýurtlaryň kanun çykaryjy metrologiýa boýunça hyzmatdaşlygynyň tematikasy, ýurtlaryň kanun çykaryjy metrologiýa babatynda milli talaplaryny sazlaşdyrmakdan başlap, ölçeg serişdeleriniň programma üpjünçiliginiň synagy, gaplanan harytlaryň gözegçiligi ýaly meseleleriň uly gerimini öz içine alýar.

KOOMET Ýewro-Aziýa sebitiniň metrolog-hünärmenleriniň köpçülikleýin forumy bolmak bilen, öz öňünde goýlan meseleleri üstünlikli çözýän, durnukly we netijeli hereket edýän sebitleýin metrologiýa guramasydyr. KOOMET-de hyzmatdaşlyk we onuň netijeleri gatnaşýan döwletlere bazar şertlerinde milli ykdysadyýetiň öňünde ýüze çykýan metrologiki meseleleri üstünlikli çözmeklige ýardam edýär.

KOOMET-iň saýty




^