«TÜRKMENSTANDARTLARY»
baş döwlet gullugy

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy barada


1929-njy ýyl – Türkmenistanda Ölçegler we agramlar palatasy döredildi.

1935-1936-njy ýyllar – Ölçegler we agramlar palatasynyň Çärjew (häzirki Türkmenabat); Mary we Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) şäher bölümleri açyldy.

1949-njy ýyl – Döwlet gözegçiliginiň ülke laboratoriýasynyň Daşhowuz (häzirki Daşoguz) şäher bölümi açyldy.

1968-nji ýyl – Senagatda we dag-magdan gözegçiligini etmek barada Türkmen iş dolandyryş edarasy döredildi.

1971-nji ýyl – Türkmen Ülke Döwletstandarty iş dolandyryş edarasy döredildi.

1977-nji ýyl – Ölçeg serişdelerini bejeriş zawody açyldy. Senagatda işleri howpsuz alyp barmak we dag-magdan gözegçiligi barada Türkmen Respublikan Döwlet Komiteti döredildi.

1978-nji ýyl – Türkmen Ülke Standartlaşdyryş we metrologiýa merkezi döredildi.

1993-nji ýyl – Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndaky Permany bilen Türkmenistanyň standartlaşdyryş, metrologiýa, ýerasty baýlyklary goramak we halk hojalygynda işleri howpsuz alyp barmak baradaky baş döwlet inspeksiýasy döredildi.

1999-njy ýyl – Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky Permany bilen baş döwlet inspeksiýasy «Türkmenstandartlary» baş döwlet inspeksiýasyna öwrüldi.

2000-nji ýyl – Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 8-nji sentýabryndaky Permany bilen «Türkmenstandartlary» baş döwlet inspeksiýasy «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugyna öwrüldi.

2013-nji ýyl – Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 9-njy sentýabryndaky 11824 belgili «Aşgabat şäherinde Döwlet etalon merkeziniň binasyny gurmak hakynda» karary esasynda Döwlet etalon merkezi açyldy.


Geljekki sahypa: Baş sahypa
Öňkii sahypa: Saýtyň kartasy