Türkmen standartlar maglumat merkezi



Türkmen standartlar maglumat merkeziniň
Akkreditasiýa bölüminiň esasy wezipeleri we amala aşyrýan işleri

-“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň garamagyndaky kärhanalaryň (guramalaryň), beýleki döwlet edaralarynyň synag barlaghanalarynyň sertifikatlaşdyrmak babatda anyk işleri ýerine ýetirmäge ygtyýarlylygyny tassyklamak maksady bilen döwlet akkreditasiýa işlerini geçirmek;

-“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň düzüm bölümlerine, ministrliklere, döwlet dolandyryş edaralaryna, guramalara, edaralara we kärhanalara akkreditasiýa meseleleri boýunça maslahat we usuly kömekleri bermek.

Synag barlaghanalarynyň döwlet akkreditasiýasyny geçirmegiň tertibi

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edilen “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň garamagyndaky synag barlaghanalar we beýleki döwlet edaralaryň synag barlaghanalary döwlet akkreditasiýadan geçmek üçin ýüz tutup bilerler.

Döwlet akkreditasiýasyny geçmek üçin şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalar tabşyrylmalydyr:

1) arza;

2) döwlet edaranyň esaslandyryjy resminamalarynyň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgalary, Türkmenistanyň Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şeýle hem ynanç haty ýa-da dalaşgäriň wekiliniň ygtyýarlaryny tassyklaýan buýruk.

3) synag barlaghananyň sertifikatlaşdyrmak boýunça anyk işleri ýerine ýetirmegi barada Düzgünnamanyň taslamasy;

4) akkreditasiýa çägini kesgitleýän resminamanyň taslamasy;

5) synag barlaghana barada esasy maglumatlary özünde jemleýän “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan kesgitlenen görnüşdäki degişli şekiller (synag barlaghananyň pasporty);

6) synag barlaghananyň hil boýunça Gollanmasy;

7) synag barlaghananyň ýerine ýetirýän işleriniň aýratynlyklaryny nazara almak bilen zerur bolan goşmaça resminamalar.

Döwlet akkreditasiýasyny geçirmek boýunça işler şu aşakdaky tapgyrlardan ybarat:

1-nji tapgyr:

-arzany kabul etmek;

-kabul edilen resminamalar boýunça seljerme geçirmek we synag barlaghana deslapky bahany bermek;

2-nji tapgyr:

-barlag iş toparyny bellemek barada Akkreditirleýiş edaranyň buýrugyny taýýarlamak we synag barlaghanany ýerinde barlamak;

-akkreditasiýa baradaky şahadatnamany resmileşdirmek;

3-nji tapgyr:

-akkreditirlenen synag barlaghananyň (merkeziň) döwürleýin gözegçilik barlagyny geçirmek.

Synag barlaghananyň akkreditasiýasyny geçirmek boýunça işleriň nyrhnamasy “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen ylalaşmak arkaly bellenilýär.

Akkreditasiýa baradaky şahadatnamany berilmekden ýüz dönderilen ýagdaýynda, geçirilen töleg akkreditasiýa boýunça harajatlara degişli edilip, gaýtarylyp berilmegine degişli däldir.


Türkmen standartlar maglumat merkeziniň
Guramaçylyk-metodiki bölüminiň esasy wezipeleri we amala aşyrýan işleri

Kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmek işleri

Döwlet standartyny işläp düzmek

Döwlet standartyny işläp düzmek hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň gazananlaryny hasaba almak bilen, döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek üçin gerek bolan resminamalaryň sanawy:

1) standarty işläp düzmäge teklip;

2) tehniki tabşyryk;

3) standarty işläp düzmek boýunça şertnama.

Tehniki şertleri işläp düzmek

Tehniki şertleri işläp düzmek hem-de önümleri (hyzmatlary) häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň gazananlaryny hasaba almak bilen, döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek üçin gerek bolan resminamalaryň sanawy:

1) ýüz tutýan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan arza;

2) tehniki tabşyryk;

3) ilkinji çeşme resminamalary;

4) tehniki şertleri işläp düzmek boýunça şertnama;

5) Türkmenistanyň Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesinden nusga;

6) haryt nyşanynyň bellige alynandygyny tassyklaýan resminamasyndan nusga. (bar bolsa).

Işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmek we olary gaýtadan taýýarlamak işleri

1. Türkmenistanyň halk hojalygynda zähmeti goramagy dolandyrmagyň ýeke-täk ulgamy

2. Standartlaşdyryş, önümleriň hili we standartlaryň ýerine ýetirilişine döwlet gözegçiligi

3. Metrologiýanyň esaslary we metrologik üpjünçiligine döwlet gözegçiligi

4. Önümleri (hyzmatlary), önümçiligi we hil ulgamyny sertifikatlaşdyrmak, synag barlaghanalary (merkezlerini) akkreditirlemek we attestatlaşdyrmak

5. Zähmeti goramak we senagat howpsuzlygy

6. Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerinden deňeşdirip barlaýjylary aýratynlykda taýýarlamak

7. Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň deňeşdirip barlaýjylary gaýtadan attestatlaşdyrmak

“Türkmenistanyň halk hojalygynda zähmeti goramagy dolandyrmagyň ýeke-täk ulgamy” dersi boýunça okuwa gatmaşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy:

Şahsy taraplar

1) Şahsy tarapdan arza;

2) pasportyň nusgasy;

3) ýokary ýa-da ýörite okuwy tamamlandygy barada diplomynyň nusgasy.

Edara-kärhanalar

1) edara-karhananyň ýüzlenmesi;

2) diňleýjiniň pasportynyň nusgasy.


Türkmen standartlar maglumat merkeziniň
Standartlary döwlet gaznasy bölüminiň
esasy wezipeleri we amala aşyrýan işleri

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Türkmen standartlar maglumat merkeziniň Standartlary döwlet gaznasy bölüminiň ministrlikleri, döwlet dolandyryş edalaryny we eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli beýleki gyzyklanýan taraplary standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalar, şeýle hem hereket edýän, täze tassyklanan, çalşyrylan, ýatyrylan kadalaşdyryjy resminamalar hakynda maglumat we olara girizilen üýtgetmeler saklanylýar we ähli gyzyklanýan taraplary bellenen tertipde üpjün edilmegi amala aşyrylýar.

Kadalaşdyryjy resminamalar bilen üpjün etmegiň tertibi:

1.Ähli gyzyklanýan taraplary kadalaşdyryjy resminamalar bilen üpjün etmek ýüz tutmalar (bir gezeklik haýyşnamalar, arzalar).

2.Kadalaşdyryjy resminamalara ýüz tutmalar (bir gezeklik haýyşnamalar,) kärhananyň ýolbaşçysy (ýolbaşçynyň orunbasary) tarapyndan gol çekilen kärhananyň resmi kagyzynda resmileşdirilmeli.

Ýüz tutmada (bir gezeklik haýyşnamda):

-olaryň belgilerinde bellige alyş belgileriniň ösüş tertibinde kadalaşdyryjy resminamalaryň belgileri;

-her kadalaşdyryjy resminamalaryň soralýan nusgalarynyň sany;

-kadalaşdyryjy resminamalaryň nusgasyny taýýarlamagyň bahasynyň tölegi hakynda kepil borjy;

-kärhänanyň hasap sanaw belgisi we poçtasynyň hökmany maglumatlary ýüz tutulýan hatlaryň belgileri bolmalydyr.

-ýüz tutmalaryň (bir gezeklik haýyşnamalaryň) esasynda soralýan kadalaşdyryjy resminamalara töleg hasap-faktura ýazylýar;

-soralýan kadalaşdyryjy resminamalara tölegini geçirilendigi barada töleg tabşyrygyny hem-de edaranyň tarapyndan ynanç haty talap edilýär.


^