Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugy




Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň
Sertifikatlaşdyryş bölüminiň esasy wezipeleri we amala aşyrýan işleri

Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümi sertifikatlaşdyrmagyň tertibi

1. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümi sertifikatlaşdyrmak üçin Arza beriji sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalary tabşyrylmaly: arza;

gümrük edaralary tarapyndan berilýän delilnamanyň nusgasy (gümrük barlagynyň namasynyň ýa-da harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ýere ýerleşdirilendigi hakynda delilnamanyň nusgasy);

gümrük deklarasiýasynyň nusgasy;

şertnamanyň nusgasy (önüm Türkmenistana şertnama boýunça getirilen ýagdaýynda);

inwoýsyň nusgasy ýa-da hasap-faktura;

önüm şertnama boýunça getirilende, şertnama esasynda (satyjydan, potratçydan) talap edilýän önümiň hilini tassyklaýan resminamalaryň nusgasy;

eger Arza beriji ýuridiki şahs bolsa, onuň wekili üçin kärhananyň (guramanyň, firmanyň) möhri we ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan ynanç haty;

eger Arza beriji fiziki şahs bolsa, Arza berijiniň wekili üçin kepillendiriş tertibinde ýa-da şahsy möhür bilen tassyklanan ynanç haty.

2. Sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän önümler bir atdan köp bolan halatynda ýa-da önüm barada maglumat uly möçberde bolanda arzanyň ýany bilen ýöriteleşme (goşundy) goýulýar, onda önümiň aýratynlygyna baglylykda şu aşakdaky maglumatlar görkezilýär:

önümiň ady, hil, sorty, markasy we başgalar, mukdary ýa-da göwrümi;

önümiň düzümi (toplumy, kompleksi), düzüm bölekleri.

ýöriteleşmäniň her sahypasynda Arza beriji gol çekýär, şonda Arza beriji ýuridiki şahs bolan ýagdaýynda möhürini hem goýýar. ýöriteleşme resmileşdirilýän laýyklyk sertifikatynyň her bir nusgasynyň ýanyna goşulmaly.

3. Sertifikatlaşdyrylmaga hödürlenýän önüm ölçeg serişdesi (ýa-da gurluşynda ölçeg serişdesi bolan enjam) bolsa, onda Arza beriji önümiň Türkmenistanyň ölçeg serişdeleri baradaky Döwlet sanawyna (reýestrine) girizilendigini tassyklaýan resminamany bermeli.

4. Arza beriji tarapyndan berilýän resminamalar döwlet dilinde bolmalydyr ýa-da bellenen tertipde döwlet diline terjime edilmelidir. Şol bir wagtda berilýän resminamalaryň mukdary köp bolan halatynda sertifikatlaşdyrmak boýunça edara bilen ylalaşylan tertipde olar başga daşary ýurt dilinde kabul elilip biliner.

Arza beriji, sertifikatlaşdyrmak üçin arzada talap edilýän maglumaty dolylygyna beýan edýär, şeýle hem arzada Arza berijiniň adyndan başga adamyň gol çekmegine ýol berilmeýär.

5. Zerur bolan ýagdaýynda, sertifikatlaşdyrmak boýunça edara Arza berijiden önümiň kadalaşdyryjy resminamasyny we (ýa-da) önümiň kadalaşdyryjy resminamanyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklamak üçin gerek bolan goşmaça resminamalary talap edip biler.

 

Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň
Metrologiýa bölüminiň esasy wezipeleri we amala aşyrýan işleri

1.Ýuridiki şahs üçin- esaslandyryjy resminamalaryň we Türkmenistanyň edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň bellenilen tertipde tassyklanan nusgasy.

2.Fiziki şahs üçin- hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy we onuň pasportynyň nusgasy.

3.Eýeçilik, kärende hukugy ýa-da başga bir kanuny esasynda Arza berijä degişli bolan jaýlaryň we binalaryň, tehniki serişdeleriň bardygyny tasyklaýan resminamalaryň nusgalary.

4.Ulanylýan ölçeg serişdeleriniň deňeşdirip barlamak hakyndaky şahadatnamanyň ýa-da kalibirleme hakyndaky güwanamanyň nusgalary (eger-de ölçeg serişdeler kärende alynýan bolsa, kärende şertnamasynyň nusgasy goşulýar).

5.Hünärmenler bilen üpjünçiligi we metrologiýa boýunça iş ugruna we şertlerine laýyk gelýändigini tassyklaýan hünär derejesi baradaky maglumatlar.

Bellik: Metrologiki üpjünçilik üçin iş ugrlarynyň aýratynlygyny nazara alyp, Arza berijilerden zerur bolan goşmaça resminamalary hem alynyp biliner.

Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň
Zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň esasy wezipeleri we amala aşyrýan işleri

1. Kärhananyň esaslandyryjy resminamalarynyň göçürme nusgalary (tertipnamasy, şahadatnamasy, hasaba alyş resminamasy) (kärhananyň möhri bilen tassyklanan);

2. Işleriň şol görnüşini ýerine ýetirmek üçin gerek bolan maşynlaryň, mehanizimleriň, abzallaryň we gurallaryň bardygy baradaky maglumat (kärhananyň möhri bilen tassyklanan); Goşundy № 2

3. Inžener tehniki işgärleriň sanawy (kärhananyň möhri bilen tassyklanan) (eger-de bar bolsa ýötite orta ýa-da ýokary bilim derejesini kesgitleýän diplomlarynyň nusgalaryny goşmaly); Goşundy № 1

4. Inžener tehniki işgärleriň we hünärmenleriň zähmeti goramak boýunça bilimleriniň barlaglary baradaky materiallar (teswirnamanyň nusgasyny goşmaly)

5. Işleriň şol görnüşini ýerine ýetirmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň bardygy baradaky maglumat (kärhananyň möhri bilen tassyklanan) Goşundy № 3

6. Işleriň görnüşleri bilen baglanşykly beýleki goşmaça resminamalar (ýyl boýunça edilen işler boýunça kepilnama, işgärleriň ýokary töwekgelçiliklerden ätiýaçlandyrylşy barada maglumat, iş ýerinde zähmeti goramak çäreleriň maliýeleşdirilşi boýunça maglumat, kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan howpsuzlyk sertifikatyny almak üçun ynamdar wekile berilen ynanç haty)

1. Esaslandyryjy resminamalarynyň göçürme nusgalary (patent, bellige alnan şahadatnama);

2. Işleriň şol görnüşini ýerine ýetirmek üçin gerek bolan maşynlaryň, mehanizmleriň, abzallaryň we gurallaryň bardygy baradaky maglumat; Goşundy№ 2

3. Hünärmenleriň sanawy (eger-de bar bolsa ýötite orta ýa-da ýokary bilim derejesini kesgitleýän diplomlarynyň nusgalaryny goşmaly); Goşundy № 1

4. Hünärmenleriň zähmeti goramak boýunça bilimleriniň barlaglary baradaky materiallar (teswirnamanyň nusgasyny goşmaly);

5. Işleriň şol görnüşini ýerine ýetirmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň bardygy baradaky maglumat; Goşundy№ 3

6. Işleriň görnüşleri bilen baglanşykly beýleki goşmaça resminamalar (ýyl boýunça edilen işler boýunça kepilnama, işgärleriň ýokary töwekgelçiliklerden ätiýaçlandyrylşy barada maglumat, iş ýerinde zähmeti goramak çäreleriň maliýeleşdirilşi boýunça maglumat, Telekeçi tarapyndan howpsuzlyk sertifikatyny almak üçun ynamdar wekile berilen ynanç haty)

Goşundy №1

Kärhananyň işgärleriň sanawy:

A.A.F. Bilimi, haýsy ýokary okuw jaýy, hünäri. Wezipesi Umumy Iş stažy Kärhanadaky iş stažy
1 M.Döwletow Ýokary bilimli Politehniki institut Inžener gurluşykçy Başlyk 28 ýyl 4 ýyl
2          
3          
4          
5          
6          

Başlygyň goly möhri _______________ A.A.F



Goşundy №2

Kärhananyň tehnikalarynyň we enjamlarynyň sanawy:

Tehnikalaryň ady Çykarylan ýyly Ulanyşa berlen ýyly Öndürilen ýurdy Sany
1 Kamaz 2010ý 2011ý Rossiýa 3
2          
3          
4          
5          
6          

Başlygyň goly möhri _______________ A.A.F



Goşundy №3

Kärhanadaky kadalaşdyryjy- tehniki resminamalaryň sanawy.

1. Türkmenistanyň Zähmet kodeksi.

2. Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň TERTIBI 20.05.2016-njy ýyl. Karar № 14780.

3. Türkmenistanyň halk hojalygynda zähmeti goramagy dolandyrmagyň ýeke-täk ulgamy.

4. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryň ýygyndysy.

5. TGK 3.01.03-06 “Gurluşykda howpsuzlyk tehnikasy” işleri geçirmegiň we kabul etmegiň düzgünleri.

6. Zähmeti goramak barada gözükdirmeler.

Başlygyň goly möhri _______________ A.A.F




Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň
Döwlet gözegçilik bölüminiň esasy wezipeleri we amala aşyrýan işleri

Önümiň tapgyryny sertifikatlaşdyrmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy:

1. Arza;

2. Ýöriteleşme (1 atdan köp bolanda 1 bahaly, 2 bahasyz gerek);

3. Ammar we hil delilnamalary;

4. Kärhananyň Tertipnamasynyň (Ustaw) nusgasy;

5. Esaslandyryjy resminamalaryň (EGRPO we ş.m.) nusgasy;

6. Ölçeg serişdeleriniň şahadatnamalarynyň nusgasy;

7. Howpsuzlyk sertifikatynyň nusgasy;

8. Kärende şertnamasynyň ýa-da döwletnamanyň nusgasy;

9. Tehnologiki reglamentiň nusgasy;

10. Önümleriň nyrhnamasynyň (kalkulýasiýasynyň) nusgasy;

11. Önümiň tassyklanan düzüminiň nusgasy (Beton önümleri üçin);

12. Enjamlaryň sanawy (Ady, markasy, ýyly, ýurdy, mukdary);

13. Kadalaşdyryjy resminamalaryň sanawy;

14. Işgärleriň sanawy (F.A.Aa, wezipesi, bilimi, iş tejribesi);

15. Çig mallaryň şertnamasynyň we hil resminamalarynyň nusgasy;

Hyzmatlary sertifikatlaşdyrmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy:

1. Arza;

2. Arza berijiniň esaslandyryjy resminamalary:

Ýuridik şahs üçin – esaslandyryjy resminamalaryň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgalary, Türkmenistanyň Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şahadatnama;

Fiziki şahs üçin – hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamalaryň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy;

3. Arza berijiniň işgärleri barada maglumat (ady we familiýasy, doglan ýyly, wezipesi, iş tejribesi, bilimi, hünär bilen baglanyşykly başga alan bilimleri barada maglumat);

4. Degişli hyzmaty ýerine ýetirmek boýunça ulanylýan enjamlar, serişdeler, gurallar barada maglumat;

5. Ölçeg serişdeleri ulanylýan bolsa, bellenen tertipde döwlet deňeşdirmesinden geçirilendigini tassyklaýan resminamanyň nusgasy;

6. Ýerine ýetirilýän hyzmatlary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryň we kadalaşdyryjy resminamalaryň sanawy;

7. Hyzmatynyň pul dolanyşygy barada Arza berijiniň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan maglumat;

8. Howpsuzlyk sertifikatynyň nusgasy;

9. Kärende şertnamasynyň ýa-da döwletnamanyň nusgasy;

10. Arassaçylyk gullugyndan kepilnamanyň nusgasy;

11. Hyzmatlaryň bahalary barada maglumat (Preýskurant)



Merkezi barlaghana












^