Türkmen standartlar maglumat merkeziniň esasy wezipeleri

- standartlaşdyryş, metrologiýa, sertifikatlaşdyryş, zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak ugurlarynda döwlet maksatnamalaryny işläp düzmeklige gatnaşmak;

- «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň edaralarynda ýeke-täk ylmy-tehniki syýasaty geçirmek, olara usuly maslahatlary we beýleki kömekleri bermek;

- «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň edaralary bilen bilelikde işgärleriň sagdyn we howpsuz zähmet şertlerini kepillendirýän önümçiligiň serişdelerine, tehnologiýalaryna we zähmeti guramaklyga talaplary işläp düzmeklige gatnaşmak;

- standartlaşdyryş, metrologiýa, sertifikatlaşdyryş, zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak boýunça standartlary we beýleki kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmekligi guramak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek.

Türkmen standartlar maglumat merkeziniň
esasy amala aşyrýan işleri

- isleg bildirýän ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we kärhanalar tarapyndan meýilleşdirilýän işçi toparlar tarapyndan standartlary we kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmekligi, ylmy-tejribe işlerini geçirmekligi guraýar;

- standartlaryň we beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň döwlet gaznasyny ýöredýär, olaryň saklanylmagyny amala aşyrýar, olar bilen ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny we kärhanalary üpjün edýär;

- «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ygtyýarlygyndaky meseleler boýunça welaýatlardaky döwlet gulluklarynyň, şeýle hem ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we kärhanalaryň hünärmenleriniň okuwyny guraýar;

- işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmek we olary gaýtadan taýýarlamak;

- synag barlaghanalaryny akkreditirlemek boýunça işleri geçirýär, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we kärhanalara tehniki häsiýetdäki hyzmatlary edýär we beýleki guramalaryň hünärmenlerini seljeriji hökmünde işlere çekýär;

- kärhanalarda we edaralarda hil ulgamyny sertifikatlaşdyrmak boýunça taýýarlaýyş we ornaşdyryş işlerini geçirýär.




Hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän okuwlar

Standartlaşdyryş, önümleriň hili we standartlaryň ýerine ýetirilişine döwlet gözegçiligi

Metrologiýanyň esaslary we metrologik üpjünçiligi

Önümleri (hyzmatlary), önümçiligi we hil ulgamyny sertifikatlaşdyrmak, synag barlaghanalaryny (merkezlerini) akkreditirlemek we attestatlaşdyrmak

Zähmeti goramak we senagat howpsuzlygy

Pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hünärmenlerinden barlagçylary aýratynlykda taýýarlamak

Pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň barlagçylaryny gaýtadan attestatlaşdyrmak

Türkmenistanyň halk hojalygynda zähmeti goramagy dolandyrmagyň ýeke-täk ulgamy

Bellik:

Hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän okuwlar barada «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Türkmen standartlar maglumat merkeziniň Guramaçylyk-metodiki bölümine ýüz tutup bilersiňiz.

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri , 1995-nji köçäniň 12-nji jaýy.

Telefon: 49-13-62, 49-01-18


^