«TÜRKMENSTANDARTLARY»
baş döwlet gullugy

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň
esasy wezipeleri

- önümleriň (işleriň, hyzmatlaryň) hiline, metrologiýa üpjünçiligine, zähmetiň we ýerasty baýlyklaryň goralyşyna, senagat howpsuzlygyna, standartlaryň we standartlaşdyryş boýunça beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrmak;

- standartlaşdyryş, sertifikatlaşdyryş, metrologiýa, zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak, senagat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamak hem-de bu babatda ýeke-täk tehniki syýasaty alyp barmak;

- ölçegleriň birligini üpjün ediş ulgamynyň ösüşini üpjün etmek, bu babatda ylmy-tehniki syýasaty ýöretmek, şeýle hem bu ulgamyň işini halkara (sebitara) we daşary ýurt ulgamlarynyň işi bilen sazlaşdyrmak;

- döwlet standartlaşdyryş we metrologiýa ulgamyny döretmek, önümleri (işleri, hyzmatlary) sertifikatlaşdyryş, sertifikatlaşdyryş edaralaryny we synag barlaghanalaryny attestatlaşdyrmak hem-de akkreditirlemek;

- senagat howpsuzlygy we önümiň hili babatda sarp edijileriň bähbitlerini we hukuklaryny goramak;

- ýerasty baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna we goralyşyna, ýerasty baýlyklardan peýdalanmagyň bellenen tertibiniň ähli peýdalanyjylar tarapyndan ýerine ýetirilişine, standartlaşdyryş boýunça kanunçylygyň, şeýle hem standartlaryň (düzgünleriň, kadalaryň) berjaý edilişine gözegçilik etmek;

- dag we dag-magdan işleriniň howpsuz alnyp barylmagyna, olaryň ilata, daşky gurşawa, binalara we desgalara zyýanly täsiriniň öňüniň alynmagyna we aradan aýrylmagyna gözegçilik etmek;

- partlaýjy maddalaryň we ionizirleýji şöhleleriň çeşmeleriniň saklanylyşynyň hasaba alnyşyna gözegçilik etmek;

- zähmeti goramagyň döwlet tarapyndan dolandyrylyşynda önümçilik serişdelerine, tilsimatlaryna we zähmeti guramaga bildirilýän, işgärleriň saglygyny we zähmetiň howpsuz şertlerini kepillendirýän talaplary işläp taýýarlamak.

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň
esasy amala aşyrýan işleri

- standartlaşdyryş, sertifikatlaşdyryş, metrologiýa, ýerasty baýlyklary we zähmeti goramak, senagat howpsuzlygy babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

- eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edaralar, kärhanalar, guramalar hem-de hususy telekeçiler üçin hökmany bolan standartlaşdyryş boýunça kadalaşdyryjy resminamalary tassyklaýar we olaryň döwlet tarapyndan hasabyny ýöredýär;

- eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň hem-de hususy telekeçileriň maliýeleşdirmeginde standartlaşdyryş boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň işlenip taýýarlanmagyny guraýar;

- standartlaşdyryş, sertifikatlaşdyryş, akkreditirleýiş, metrologiýa, zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak, senagat howpsuzlygy babatda öňdebaryjy innowasion tilsimatlary girizýär, bu ugurlar boýunça kadalaşdyryjy-usulyýet resminamalarynyň ýeke-täk maglumat gaznasyny döredýär we reýestrleri ýöredýär;

- sanawlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýan işleriň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga bellenen tertipde ygtyýarnamalar berýär;

- geçirilýän işleriň we hyzmatlaryň nyrhnamalaryny, şol sanda döwlet eýeçiligindäki edaralara, kärhanalara we guramalara sertifikatlaşdyrylýan önümleriň bahalarynyň 0,5 göteriminden ýokary bolmadyk möçberde laýyklyk sertifikatynyň berilmegi üçin tölegleri bellenen tertipde işläp taýýarlaýar hem-de tassyklaýar;

- kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýar;

- öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde halkara guramalarynda we daşary ýurtlaryň degişli döwlet edaralarynda Türkmenistana wekilçilik edýär;

- standartlaşdyryş boýunça ekspert-auditorlyk gulluklaryny döredýär;

- standartlaşdyryş, metrologiýa, sertifikatlaşdyryş boýunça beýleki resmi namalary we olara üýtgetmeleri tassyklaýar, olary halkara standartlaryna laýyk getirmek boýunça işleri geçirýär, halkara we sebitara standartlary hem-de beýleki döwletleriň standartlaryny ulanmagyň kadalaryny belleýär;

- ölçegleriň talap edilýän takyklygyny we birligini üpjün etmek boýunça işleriň guralmagyny we olaryň tertibini kesgitleýän bitewi düzgünleri we kadalary işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

- fiziki ululyklaryň birlikleriniň döwlet etalonlaryny tassyklaýar we olaryň saklanylyşyny, deňeşdirilmegini üpjün edýär hem-de döwlet etalon binýadyny kämilleşdirýär;

- döwlet (milli) etalonlaryny we nusgalyk ölçeg serişdeleriniň halkara etalonlaryna laýyklygyny üpjün edýär;

- fiziki ululyklaryň birliklerini tassyklamak boýunça teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürleýär;

- sertifikatlaşdyryşyň esasy düzgünlerini we kadalaryny, onuň esaslaryny we gurluşyny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

- sertifikatlaşdyryş edaralaryny we synag barlaghanalaryny (merkezlerini) akkreditirlemegiň talaplaryny belleýär; sertifikatlaşdyryş edaralaryny, synag barlaghanalaryny (merkezlerini) attestatlaşdyrmagyň we akkreditirlemegiň tertibini, önümçilik desgalaryny attestatlaşdyrmagyň we önümleri (işleri, hyzmatlary) sertifikatlaşdyrmagyň usulyýetini hem-de beýleki kadalaryny kesgitleýär;

- akkreditirlenen sertifikatlaşdyryş edaralarynyň, synag barlaghanalarynyň (merkezleriniň) işine, sertifikatlaşdyrylan önümlerine (işlere, hyzmatlara), önümçiligiň hil ulgamyna barlag gözegçiligini amala aşyrýar;

- sertifikatlaşdyrylyşyň laýyklyk belgileriniň döwlet reýestrini ýöredýär;

- önümleriň (işleriň, hyzmatlaryň) hili hakynda daşary ýurt sertifikatlaryny, laýyklyk belgilerini we synaglaryň netijelerini ykrar etmegiň kadalaryny belleýär;

- ylmy taýdan esaslandyrylan standartlaryň, düzgünleriň we tehniki kadalaryň esasynda zähmetiň sagdyn we howpsuz şertleriniň üpjün edilmegi üçin zerur talaplary belleýär;

- aýratyn gözegçilige we barlaga degişli bolan ýokary töwekgelçilikli we howply işleriň sanawyny kesgitleýär we tassyklaýar;

- gaz gözegçiligine degişli desgalary, basyş astynda işleýän bug we suw gyzdyryjy gazanlary, gaplary, bug we gyzgyn suw üçin turba geçirijileri, ýük galdyryjy desgalary hasaba alýar, gazanlaryň hem-de ýük galdyryjy desgalaryň öz wagtynda barlanmagyna gözegçilik edýär;

- gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary çykarmaga we ulanmaga, känleri özleşdirmäge toplumlaýyn gözegçilik edýär;

- gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary özleşdirmek üçin (umumy ýaýranlardan başga) dag-magdan we magdan işleriniň delilnamasyny berýär we ony hasaba alýar;

- gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary çykarmagy, olary çykarýan we gaýtadan işleýän kärhanalary gurmagyň we olaryň durkuny täzelemegiň taslamalaryny we taslama tabşyryklaryny, şol kärhanalaryň hem-de nebit, gaz we gidromineral guýularyň işiniň ýatyrylmagyny we işiniň togtadylmagyny (konserwasiýa) ylalaşýar.

Döwlet etalon merkeziniň
esasy wezipeleri

- ölçegleriň birligini we takyklygyny, döwlet etalonlarynyň hem-de ölçeg serişdeleriniň degişli metrologik derejede saklanyp galmagyny gazanmak, olaryň aýawly saklanyşyny üpjün etmek;

-ölçegleriň häzirki zaman usullaryny we serişdelerini, şol sanda halkara derejede maglumat-ölçeg toplumlaryny we ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça maslahatlary işläp taýýarlamak;

- standartlaşdyryş, metrologiýa we önümleri (işleri, hyzmatlary) sertifikatlaşdyryş boýunça kadalaşdyryjy tehniki resmi namalaryň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmak;

- ýurdumyzda ölçegleriň bitewiligini üpjün etmegiň meseleleri we ulanmaga ýol berilýän ölçegleriň birlikleri boýunça teklipleri taýýarlamak;

- döwlet etalonlaryndan fiziki ululyklaryň birlikleriniň möçberlerini ölçegleriň ähli serişdelerine bolan talaplary bilen bermegiň ýeke-täk tertibine gözegçiligi amala aşyrmak;

- döwlet etalonlary boýunça täze kadalaşdyryjy resminamalary herekete girizmek boýunça işleri geçirmek.

- ýuridik we fiziki şahslaryň ýüztutmalary boýunça ýokary takyklykdaky ölçegleri geçirmek;

- metrologiýa, şol sanda barlaglaryň usulyýetleri, ölçegleri ýerine ýetirmegiň usulyýetleri babatda döwlet standartlarynyň, maslahatlarynyň we kadalaşdyryjy resminamalarynyň metrologik seljermesini geçirmek;

Döwlet etalon merkeziniň
esasy amala aşyrýan işleri

- tehniki synaglary we seljermeleri geçirmek;

- tehniki synaglary we seljermeleri amala aşyrýan beýleki edaralaryň işlerine döwlet gözegçiligini amala aşyrmak;

- barlag enjamlaryny abatlamak işlerini ýerine ýetirmek;

- tebigy we tehniki ylymlarda barlaglar we işläp taýýarlamalar;

- gurallary we abzallary abatlamak işlerini ýerine ýetirmek.

Türkmen standartlar maglumat merkeziniň
esasy wezipeleri

- standartlaşdyryş, metrologiýa, sertifikatlaşdyryş, zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak ugurlarynda döwlet maksatnamalaryny işläp düzmeklige gatnaşmak;

- «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň edaralarynda ýeke-täk ylmy-tehniki syýasaty geçirmek, olara usuly maslahatlary we beýleki kömekleri bermek;

- «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň edaralary bilen bilelikde işgärleriň sagdyn we howpsuz zähmet şertlerini kepillendirýän önümçiligiň serişdelerine, tehnologiýalaryna we zähmeti guramaklyga talaplary işläp düzmeklige gatnaşmak;

- standartlaşdyryş, metrologiýa, sertifikatlaşdyryş, zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak boýunça standartlary we beýleki kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmekligi guramak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek.

Türkmen standartlar maglumat merkeziniň
esasy amala aşyrýan işleri

- isleg bildirýän ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we kärhanalar tarapyndan meýilleşdirilýän işçi toparlar tarapyndan standartlary we kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmekligi, ylmy-tejribe işlerini geçirmekligi guraýar;

- standartlaryň we beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň döwlet gaznasyny ýöredýär, olaryň saklanylmagyny amala aşyrýar, olar bilen ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny we kärhanalary üpjün edýär;

- «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ygtyýarlygyndaky meseleler boýunça welaýatlardaky döwlet gulluklarynyň, şeýle hem ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we kärhanalaryň hünärmenleriniň okuwyny guraýar;

- işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmek we olary gaýtadan taýýarlamak;

- synag barlaghanalaryny akkreditirlemek boýunça işleri geçirýär, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we kärhanalara tehniki häsiýetdäki hyzmatlary edýär we beýleki guramalaryň hünärmenlerini seljeriji hökmünde işlere çekýär;

- kärhanalarda we edaralarda hil ulgamyny sertifikatlaşdyrmak boýunça taýýarlaýyş we ornaşdyryş işlerini geçirýär.

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň «Türkmenstandartlary» döwlet gulluklary we olaryň synag barlaghanalary

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ygtyýarlyklaryna girýän meseleler babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny ýerlerde amala aşyrylmagy boýunça 5 sany welaýat döwlet gulluklary bar.
Gulluklaryň synag barlaghanalary oba hojalyk, nebitgaz we himiýa senagatlarynda önümleriň, durmuş tehnikasynyň, maddalaryň we materiallaryň sertifikatlaşdyryş synaglaryny geçirmeklik üçin akkreditirlenen.

Esasy wezipeleri

- önümleriň (işleriň, hyzmatlaryň) hiline, metrologiýa üpjünçiligine, zähmetiň we ýerasty baýlyklaryň goralyşyna, senagat howpsuzlygyna, standartlaryň we standartlaşdyryş boýunça beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrmak;

- ýerasty baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna we goralyşyna, ýerasty baýlyklardan peýdalanmagyň bellenen tertibiniň ähli peýdalanyjylar tarapyndan ýerine ýetirilişine, standartlaşdyryş boýunça kanunçylygyň, şeýle hem standartlaryň (düzgünleriň, kadalaryň) berjaý edilişine gözegçilik etmek;

- dag we dag-magdan işleriniň howpsuz alnyp barylmagyna, olaryň ilata, daşky gurşawa, binalara we desgalara zyýanly täsiriniň öňüniň alynmagyna we aradan aýrylmagyna gözegçilik etmek;

- önümleri we hyzmatlary sertifikatlaşdyrmak boýunça işleri guramak we geçirmek;

- standartlaşdyryş, metrologiýa, önümleri (işleri, hyzmatlary) sertifikatlaşdyryş, ýerasty baýlyklary we zähmeti goramak we senagat howpsuzlygy boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmak;

- önümleriň we harytlaryň synaglaryny geçirýär, synaglaryň öňdebaryjy usulyýetlerini özleşdirmek boýunça işleri guraýar, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň we harytlaryň radiasiýa howpsuzlygynyň synaglaryny geçirýär, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde arza-şikaýatlara garaýar.


Geljekki sahypa: Saýtyň kartasy
Öňkii sahypa: Esasy wezipeler we işler