Daşoguz welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň
Merkezi barlaghanasy




Merkezi barlaghananyň
Gurluşyk we nebit önümleriniň synaglary bölümi

Daşoguz welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Merkezi barlaghanasynyň Gurluşyk we nebit önümleriniň synaglary bölüminde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň hiline synag geçirmekden ybarat. Barlaghanada dürli görnüşli awtomobil ýaglaryny synag geçirmek işleri ýola goýuldy. Bulardan başgada gurluşyk önümleriniň synaglary geçirilýär. Şol sanda agaç materiallar (agaç ýonuşga we süýümli plitalar), ýere düşelýän we diwara ýelmenýän keramiki plitalar, tebigy daşlardan kesilip taýýarlanylýan örtgi plitalar (mermer, granit), portlandsement we sulfata durnukly portlandsement, lak-boýag önümler (boýagy, syrça, lak we eredijiler), ýylylyk izolýasiýa materiallar (aýna süýümli plitalar, mineral süýümli plitalar, penopolistirol plitalar, penopoliuretan plitalar we ş.m.) gidroizolýasiýa (owradylan çagyl, owradylan çäge we çagyl-çäge garyndysy) we başga materiallar. Barlaghanada daşary ýurtlarda öndürilen enjamlar ulanylýar.



Merkezi barlaghananyň
Fiziki-himiki synag bölümi

Daşoguz welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Merkezi barlaghanasynyň Fiziki-himiki synag bölümi daşary ýurtdan gelýän we öz ýurdumyzda öndürilýän durmuş himiýa we parfýumer kosmetiki harytlary, kagyz önümleri, çotga önümleri, kombinirlenen iýmler şeýlede sanitar-keramiki önümleri hil taýdan synagdan geçirilýär. Parfýumer-kosmetiki harytlaryna – şampunlar, kremler, dekoratiw kosmetiki önümleri, suwuk sabyn, saç üçin ýapgylar, kondisionerler, balzamlar we boýaglar girýär. Durmuş-himiýa harytlaryna ýuwujy, arassalaýjy serişdeleri, suwuk, gel we toz görnüşli serişdeleri, hajathana we kir ýuwujy sabynlary girýär. Ähli önümler döwlet inspektorlar tarapyndan barlaghana nusga seçip alyş akty esasynda synag üçin tabşyrylýar. Ähli önümler kadalaşdyryjy resminamalar esasynda kabul edilýär we olar organoleptiki hem-de fiziki himiki taýdan synagdan geçirilýär. Barlaglaryň netijeleri resmileşdirilýär we netijede teswirnama berilýär. Synagdan soň galan önümlere bolsa nusgalyklary gaýtaryp beriş haty esasynda gaýtarylýar. Şeýle-de barlaghananyň işgärleriniň içinde aýda iki gezek synaglar boýunça tehniki okuwy geçirilýär we žurnala ýazylýar. Barlaghanada çärýekde bir gezek içki we daşky barlagy geçirilip žurnal ýöredilýär. Barlaghana häzirki zaman döwrebap enjamlar we ölçeg serişdeler bilen ornaşdyrylan we himiki reaktiwler bilen üpjün edilendir.



Merkezi barlaghananyň
Pagta süýüminiň we pagta önümleriniň hilini kesgitleýän bölümi

Daşoguz welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Merkezi barlaghanasynyň Pagta süýüminiň we pagta önümleriniň hilini kesgitleýän bölüminde pagta süýüminde, nah galyndylarynda, süýümli ulýukda, tehniki pagta çigidinde, pagta lintinde synaglary geçirýärler. Bölüm dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň täze, döwrebap synag enjamlary bilen üpjün edilen.