Döwlet etalon merkeziniň
esasy wezipeleri

- ölçegleriň birligini we takyklygyny, döwlet etalonlarynyň hem-de ölçeg serişdeleriniň degişli metrologik derejede saklanyp galmagyny gazanmak, olaryň aýawly saklanyşyny üpjün etmek;

-ölçegleriň häzirki zaman usullaryny we serişdelerini, şol sanda halkara derejede maglumat-ölçeg toplumlaryny we ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça maslahatlary işläp taýýarlamak;

- standartlaşdyryş, metrologiýa we önümleri (işleri, hyzmatlary) sertifikatlaşdyryş boýunça kadalaşdyryjy tehniki resmi namalaryň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmak;

- ýurdumyzda ölçegleriň bitewiligini üpjün etmegiň meseleleri we ulanmaga ýol berilýän ölçegleriň birlikleri boýunça teklipleri taýýarlamak;

- döwlet etalonlaryndan fiziki ululyklaryň birlikleriniň möçberlerini ölçegleriň ähli serişdelerine bolan talaplary bilen bermegiň ýeke-täk tertibine gözegçiligi amala aşyrmak;

- döwlet etalonlary boýunça täze kadalaşdyryjy resminamalary herekete girizmek boýunça işleri geçirmek.

- ýuridik we fiziki şahslaryň ýüztutmalary boýunça ýokary takyklykdaky ölçegleri geçirmek;

- metrologiýa, şol sanda barlaglaryň usulyýetleri, ölçegleri ýerine ýetirmegiň usulyýetleri babatda döwlet standartlarynyň, maslahatlarynyň we kadalaşdyryjy resminamalarynyň metrologik seljermesini geçirmek;

Döwlet etalon merkeziniň
esasy amala aşyrýan işleri

- tehniki synaglary we seljermeleri geçirmek;

- tehniki synaglary we seljermeleri amala aşyrýan beýleki edaralaryň işlerine döwlet gözegçiligini amala aşyrmak;

- barlag enjamlaryny abatlamak işlerini ýerine ýetirmek;

- tebigy we tehniki ylymlarda barlaglar we işläp taýýarlamalar;

- gurallary we abzallary abatlamak işlerini ýerine ýetirmek.


"Türkmenstandartlary" baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2014-nji ýylyň 27-nji martynda çykaran1/60 belgili bilen tassyklanan Önümi sertifikatlaşdyrmagyň Tertibine laýyklykda

Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümi (ölçeg serişdeleri) sertifikatlaşdyrmak üçin:

14. Sertifikatlaşdyrmak boýunça barlaghana synaglaryny geçirmek üçin önümden (ölçeg serişdelerden), kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda synaglary geçirmek mümkinçiligini üpjün edýän, ýeterlik mukdary seçilip alynýar.

Barlaghana synaglaryny geçirmek üçin nusgalyklary seçip alyş delilnamasy üç nusgada düzülýär, olaryň biri Arza berijä berilýär, ikinjisi önümiň nusgalyklary bilen bilelikde synaglary geçirmek üçin akkreditirlenen synag barlaghanasyna (Döwlet etalon merkezine) iberilýär, üçünjisi sertifikatlaşdyrmak boýunça edarada galýar.

15. Seçilip alnan önümiň nusgalyklarynyň sertifikatlaşdyrmak boýunça synaglary akkreditirlenen barlaghanada geçirilýär. Synaglaryň netijeleri teswirnama bilen resmileşdirilýär.


Ölçegleriň serişdeleriniň deňeşdirme barlagy ýa-da kalibrlemegiň geçirilmegi üçin Arza beriji tarapyndan şu aşakdakylaryň hödürlenmegi zerurdyr:

a) arza;

b) ölçegleriň serişdesi;

ç) zerur bolan ýagdaýlarda ölçegleriň serişdesiniň tehniki resminamasy (tehniki beýany, ulanyş gözükdirmesi, pasporty).


Ölçegleriň serişdeleriniň Türkmenistanyň çäginde öndürilen halatynda synag geçirmek üçin Arza beriji arza bilen bilelikde şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalar hödürlenmeli:

a) Arza berijiniň doly ady we salgysy;

b) ölçegleriň serişdeleriniň ady;

ç) synaga tabşyrylýan ölçegleriň serişdeleriniň öndürijiniň doly ady we salgysy;

d) ölçegleriň serişdeleriniň ulanyljak maksady we ugry baradaky maglumatlar;

e) ölçegleriň serişdeleriniň öndüriji resminamalar baradaky maglumatlar;

ä) synagdan geçirilýän ölçegleriň serişdeleriniň metrlogik we tehniki häsiýetnamalary barada maglumatlar;

f) ölçeme işleriň netijelerini gazanmak üçin gerek bolan programmalaýyn üpjünçiligiň bardygy baradaky maglumatlar;

g) deňeşdirip barlamagyň usulyýeti boýunça maglumatlar;

h) ölçegleriň serişdeleriniň synaglary geçendigi barada teswirnama;

i) ölçegleriň serişdeleriniň suraty.


Ölçegleriň serişdeleriniň daşary ýurtlardan Türkmenistanyň çägine getirilende, synaglary geçirmek üçin Arza beriji arza bilen bilelikde şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalar hödürlenmeli:

a) ölçegleriň serişdelerini ulanmak boýunça gollanmalary;

b) ölçegleriň serişdeleriniň pasportlary;

ç) deňeşdirme usulyýeti (bar bolanda).


Ölçeg serişdeleriň görnüşini tasyyklamak üçin geçirilmeli döwlet synaglary (Türkmenistanyň Ölçeg serişdeleriň döwlet sanawyna (reýestra) girizmek maksady bilen)

Döwlet Etalon merkeziniň
başlygy ______________

Arza

“___________________________________________________________________________”
hususy kärhanasy, aşakda görkezilen ölçeg serişdeleri ölçeg serişdeleriň Döwlet sanawyna hasaba goýmak üçin synaglary geçirip bermegiňizi Sizden haýyş edýäris. (Ölçeg serişdäniň ady, görnüşi, ölçeg çägi we sany).

1. .

2. .

3. .

Tölegini kepillendirýäris.

Başlyk Ady we familiýasy

Ölçeg serişdeleriň abatlama işlerini geçirmek üçin

Döwlet Etalon Merkeziniň
başlygy ______________

Arza

“___________________________________________________________________________”
hususy kärhanasy, aşakdaky görkezilen ölçeg serişdeleri abatlama işlerini geçirmegi Sizden haýyş edýär. (Ölçeg serişdäniň ady, görnüşi, ölçeg çägi we sany).

1. .

2. .

3. .

Tölegini kepillendirýäris.

Başlyk Ady we familiýasy



  Döwlet etalon merkeziniň saýty  


^