Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň
Döwlet synag barlaghanasy




Döwlet synag barlaghanasynyň
Mebel önümlerini synagdan geçiriş bölümi

Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynyň Mebel önümlerini synagdan geçiriş bölüminde ýatak jaýlary üçin mebel toplumlarynyň (Krowatlar, şifonerler, tumbalar, trýumolar, komodlar), düşekçeleriň (matras), ýumşak mebelleriň (diwanlar, kürsüler), çaga krowatlarynyň, ofis kürsüleriniň, oturgyçlaryň, stollaryň (ýazuw stoly, aşhana stoly, žurnal stoly, çaga stoly, tualet stoly, okuwçy we mugallym stollary we ş.m.), şkaflaryň (öý, ofis we bilim edaralary üçin niýetlenen), oturgyçlaryň we taburetleriň çydamlylygy hem-de uzak möhletliligi synagdan geçirilýär.



Döwlet synag barlaghanasynyň
Gurluşyk we metal önümleri bölümi

Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynyň Gurluşyk we metal önümleri bölüminde gurluşyk önümlerine degişli synaglaryň dürli görnüşleri geçirilýär. Şol sanda agaç materiallar (agaç ýonuşga we süýümli plitalar), ýere düşelýän we diwara ýelmenýän keramiki plitalar, tebigy daşlardan kesilip taýýarlanylýan örtgi plitalar (mermer, granit), portlandsement we sulfata durnukly portlandsement, lak-boýag önümler (boýagy, syrça, lak we eredijiler), ýylylyk izolýasiýa materiallar (aýna süýümli plitalar, mineral süýümli plitalar, penopolistirol plitalar, penopoliuretan plitalar we ş.m.) gidroizolýasiýa (owradylan çagyl, owradylan çäge we çagyl-çäge garyndysy) we başga materiallar. Bölümde bulardan başgada demir önümlerine degişli synaglar geçirilýär.



Döwlet synag barlaghanasynyň
Radiodozimetriýa ölçegleri geçiriş bölümi

Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynyň Radiodozimetriýa ölçegleri geçiriş bölüminde ýurdyň çägine getirilýän we çykarylýan, ýurdyň çäginde öndürilýän ähli görnüşli önümleriň we harytlaryň, daşky gamma şöhlelenmäniň EDK derejesiniň barlagynyň tertibi materiallarda we önümlerde tehnogen ýa-da tebigy radionuklidleriň ýoklugyny ýüze çykarmak üçin niýetlenendir. Ölçeýji signalizator gözleýji göçme enjamy, ýurdumyza getirilýän önümleriň daşky gamma şöhlelenmesiniň ekspozision dozasynyň kuwwatlylyk derejesini hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda, ýagny sertifikatlaşdyrylýan önümleriň radiologiýa barlagyny mkR/sag we mkZ/sag ölçeg birliklerinde kesgitlemek üçin niýetlenendir. Organiki däl ürgün gurluşyk materiallaryna daş owuntygy, çagyl, çäge, sement, gips we ýüzüni örtmek plitalary, dekoratiw we tebigy daşdan başga önümleri, kerpiç we diwar daşlary we başgalar şeýle hem gurluşyk materiallary hökmünde göni ulanylýan ýa-da olary öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylýan senagat önümçiliginiň galyndylaryny talaplara laýyklykda gurluşyk materiallaryna we önümlerine baha beriş üçin tebigy radionuklidleriň udel işjeňligini kesgitlemegiň usulyýetlerini gözegçiligiň tertibini anyklaýar.



Döwlet synag barlaghanasynyň
Fiziki-himiki synaglary geçiriş bölümi

Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynyň Fiziki-himiki synaglary geçiriş bölümi daşary ýurtdan gelýän we öz ýurdumyzda öndürilýän durmuş himiýa we parfýumer kosmetiki harytlary, kagyz önümleri, çotga önümleri, kombinirlenen iýmler şeýlede sanitar-keramiki önümleri hil taýdan synagdan geçirilýär. Parfýumer-kosmetiki harytlaryna – şampunlar, kremler, dekoratiw kosmetiki önümleri, suwuk sabyn, saç üçin ýapgylar, kondisionerler, balzamlar we boýaglar girýär. Durmuş-himiýa harytlaryna ýuwujy, arassalaýjy serişdeleri, suwuk, gel we toz görnüşli serişdeleri, hajathana we kir ýuwujy sabynlary girýär. Ähli önümler döwlet inspektorlar tarapyndan barlaghana nusga seçip alyş akty esasynda synag üçin tabşyrylýar. Ähli önümler kadalaşdyryjy resminamalar esasynda kabul edilýär we olar organoleptiki hem-de fiziki himiki taýdan synagdan geçirilýär. Barlaglaryň netijeleri resmileşdirilýär we netijede teswirnama berilýär. Synagdan soň galan önümlere bolsa nusgalyklary gaýtaryp beriş haty esasynda gaýtarylýar. Şeýle-de barlaghananyň işgärleriniň içinde aýda iki gezek synaglar boýunça tehniki okuwy geçirilýär we žurnala ýazylýar. Barlaghanada çärýekde bir gezek içki we daşky barlagy geçirilip žurnal ýöredilýär. Barlaghana häzirki zaman döwrebap enjamlar we ölçeg serişdeler bilen ornaşdyrylan we himiki reaktiwler bilen üpjün edilendir.



Döwlet synag barlaghanasynyň
Pagta süýüminiň we pagta önümleriniň hilini kesgitleýän bölümi

Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynyň Pagta süýüminiň we pagta önümleriniň hilini kesgitleýän bölüminde pagta süýüminde, nah galyndylarynda, süýümli ulýukda, tehniki pagta çigidinde, pagta lintinde synaglary geçirýärler. Bölüm dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň täze, döwrebap synag enjamlary bilen üpjün edilen.



Döwlet synag barlaghanasynyň
Ýeňil we dokma senagat önümleri synagdan geçiriş bölümi

Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynyň Ýeňil we dokma senagat önümleri synagdan geçiriş bölüminde matalaryň dürli görnüşlerinden öndürilen dokma we ýeňil senagat önümlerinde synaglary geçirýärler. Bölüm dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň täze, döwrebap synag enjamlary bilen üpjün edilen.



Döwlet synag barlaghanasynyň
Elektortehniki önümleri synagdan geçiriş bölümi

Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynyň Elektortehniki önümleri synagdan geçiriş bölüminde durmuşda ulanylýan elektrotehniki önümlerinde synaglary geçirýärler. Bölüm dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň täze, döwrebap synag enjamlary bilen üpjün edilen.



Döwlet synag barlaghanasynyň
Iş ýerlerini barlaýan we awtoulag ätiýaçlyk şaýlaryny synagdan geçiriş bölümi

Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynyň Iş ýerlerini barlaýan we awtoulag ätiýaçlyk şaýlaryny synagdan geçiriş bölümi tarapyndan ýüz tutmalar esasynda zähmet şertleri boýunça iş ýerlerinde ölçemeler geçirilýär, şeýle hem bölümde şahsy goranyş serişdelerinde synaglary geçirýärler. Hem-de awtoulaglaryň ätiýäçlyk şaýlaryny synagdan geçirmek işlerini alyp barýar. Bölüm dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň täze, döwrebap synag enjamlary bilen üpjün edilen.



Döwlet synag barlaghanasynyň
Aýakgap we dokma senagaty önümleri synagdan geçiriş bölümi

Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynyň Aýakgap we dokma senagaty önümleri synagdan geçiriş bölüminde dürli görnüşli materiallaryndan öndürilen aýakgap önümlerinde hem-de dürli maksatlar üçin ulanylýan rezin, poliwinilhlorid şeýle hem gön önümlerinde synaglary geçirýärler. Bulardan daşary hem dokma senagatyna degişli önümlerde synaglary geçirýärler. Bölüm dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň täze, döwrebap synag enjamlary bilen üpjün edilen.