Habarlar



2022-nji ýylyň 3-nji sentýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz sebitdäki işleriň ýagdaýy, bejergi alýan çagalaryň saglygyny berkitmek ugrunda welaýatyň çagalar hassahanasynda alnyp barylýan işler, täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidine baryp gördi...


Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy...

2022-nji ýylyň 27-nji awgustda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy...


Türkmenistanyň durnukly ykdysadyýeti — halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň binýady

2022-nji ýylyň 22-nji awgust. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly we depginli ösýär. Bu bolsa ýokary maýa goýum işjeňligi, içeri we daşarky islegiň artmagy, telekeçiligiň ösdürilmegi, ilatyň girdejilerini artdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler bilen baglanyşyklydyr...


Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty guraldy

2022-nji ýylyň 15-nji awgustda irden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat öz işine başlady...


Türkmenistanyň Prezidenti Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

2022-nji ýylyň 8-nji awgustda Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy...


30.07.2022

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, zähmetsöýer daýhanlaryna, edermen gallaçylaryna

Hormatly hasyl ussatlary!

Merdana gallaçy daýhanlar!

Sizi sahawatly türkmen topragyndan gallanyň bol hasylyny öndürip, Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý galla hasylyny tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý etmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn...


28.07.2022

Milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi — ata Watanymyzyň depginli ösüşiniň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli kanunçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň we kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň syýasy ulgamyny, ykdysadyýetini pugtalandyrmakda yzygiderli çäreleri amala aşyrmaga ýardam berer...


Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

2022-nji ýylyň 24-nji iýulda gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 16-njy iýulda geçirilen on dokuzynjy maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Mejlisiň işine köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy...

 << <   2 <==> 10  > >>