Habarlar



21.11.2022 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda arap dünýäsiniň ýurtlary bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly, netijeli häsiýetini bellemek gerek. Bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy we baýlaşdyryldy...


Nobatdaky «STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK» žurnaly goýberildi.

Žurnalyň MAZMUNY:

Möhüm wakalar
Standartlaşdyrmak ulgamymyzdaky täzelikler
M.Meredow — Milli standartlaşdyrmak ulgamy ösüş ýolunda
G.Durdyýewa — Standartlaşdyryş we TDS
G.Babagulyýew — Türkmenistan we ISO
O.Gurbanowa, Ý.Babaýewa — «ISO 9000-üň» ilkinji üç standarty
G.Ataýewa — Ekologiýa ähmiýetli halkara standart
Ş.Meretamanow — Täze enjam — täze mümkinçilikler
M.Hojamuhammedow — Kagyzlar bilen bagly adalgalar
N.Rejepow — Howpsuzlyk ugrunda
G.Sawdarowa — Durmuş we gözellik maksatly keramiki önümlere synag
S.Kulyýew — Üstünligiň we öňe gidişligiň girew
...


11.11.2022 Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy...


02.11.2022 Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna dowam edýän resmi saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy...


14.10.2022 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşmak üçin, şeýle-de doganlyk ýurda döwlet saparyny amala aşyrmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna ugrady...


27.09.2022 türkmenistanlylar umumymilli ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny belleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar...


27.09.2022

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýokary watansöýüjilik duýgusyny döredýän bu milli baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gazanylýan üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna pugta ynanýaryn.

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp ýeňişler, ýetilen belent sepgitler mähriban halkymyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, halal we tutanýerli zähmeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi...


16.09.2022 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki çykyşy.

Hormatly döwlet we Hökümet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýetleriň agzalary, hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, şu günki duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisini mübäreklemäge hem-de onuň ýokary derejede guralandygy, myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejedäki mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Ýurdumyza bildirilen şeýle hormata hyzmatdaşlygymyzy ösdürmekde uly mümkinçiliklere we geljege düşünmegiň, ony uzak möhletleýin, maksada gönükdirilen derejä çykarmaga çalyşmagyň nyşany hökmünde garaýarys. Biziň ýurdumyz şeýle çemeleşmäni doly goldaýar. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine baha bermekde biz özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanýan, kuwwatly syýasy, ykdysady mümkinçilige, belent abraýa eýe bolan bu birleşigiň Ýewraziýada parahatçylygyň, abadançylygyň, özara bähbitli, durnukly hyzmatdaşlygyň giňişligini döretmegi maksat edinýän köp döwletler üçin özüne çekiji merkeze öwrülýändiginden ugur alýarys...

 1 <==> 10  > >>