«AMUL–HAZAR 2018»: ÄLEME ÝAŇ SALAN SPORT WAKASY


Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen guralan «Amul — Hazar 2018» halkara eko-ralli-reýdi «Türkmenistan ― Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip şöhratlandyrylan ýylymyzyň ajaýyp sport wakasy bolup taryhyň sahypasyna ýazyldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň halkara giňişligindäki sport abraýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu ýaryş ata Watanymyzyň sport döwleti hökmünde ykrar edilýändigini nobatdaky gezek dünýä ýaýdy.

Altyn güýzüň başynda ýurdumyzda «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi geçirildi. Oňa dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 80-den gowrak topar gatnaşdy. Türkmenistandan dürli toparlarda ekipažlaryň 15-si çykyş etdi.

10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde baýramçylyk şowhuny — ýaryşa gatnaşjak ulaglaryň dabaraly ýörişi guraldy. 11-nji sentýabrda Gadymy Amuldan halkara awtoýaryşyna badalga berildi. Şol gün türgenler ýaryşyň birinji tapgyryny (247 km) geçip, «Mary düşelgesine» geldiler. 12-nji sentýabrda ralli-reýdiň baş gahrymanlary ýaryşyň ikinji tapgyryny (228 km) geçip, Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Garagum ýalkymy» düşelgesinde düşlediler. 13-nji sentýabrda awtosportuň ýyldyzlary ýaryşyň üçünji tapgyryny (236 km) geçip, Garagumuň merkezindäki «Altyn asyr» Türkmen köli» düşelgesine bardylar. 14-nji sentýabrda ýaryşyň dördünji tapgyry boýunça güýç synanşyldy, şol gün awtosport gahrymanlary 244 kilometre barabar ýol geçip, iň soňky «Sport Meýdançasy» diýip atlandyrylan düşelgä geldiler. 15-nji sentýabrda ýaryşa gatnaşyjylar eko-ralli-reýdiň bäşinji tapgyry (203 km) boýunça ýaryşyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda pellehanadan geçdiler. Balkan welaýatynyň baş baýdak sütüni oturdylan meýdanda ralliniň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy geçirildi. Şol gün agşamara bolsa deňziň kenarynda bu halkara awtoýaryşynyň üstünlikli jemlenmegi mynasybetli guralan baýramçylyk şowhunynda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň ýörite baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz hem-de «Africa Eco Race» ralli ýaryşynyň ýolbaşçysy Žan-Lui Şlesser bilelikde ýaryşyň ýeňijilerine ýörite baýraklary we «Amul — Hazar 2018» ýadygärlik teňňeleriň toplumyny hem-de sowgatlyk türkmen milli lybaslaryny — içmekleri we silkme telpekleri gowşurdylar.

Şeýlelikde, altyn baýragyň eýeleri: özleriniň «MINI» awtoulagynda ýoly hemmelerden tiz geçen ispanlar Hoan Roma we Aleks Haro, Belarusuň «MAZ» topary — sürüjisi Sergeý Wýazowiç, şturmany Pawel Garanin hem-de mehanigi Andreý Žigulin, Gazagystandan «NISSAN» awtoulagynyň topary Kirill Çernenkow we Alekseý Mun, fransuz toparlary Týerri Pitawi we Jillis Kolombe, Iwan-Pýerre we Weronika Dard dagy boldular.

Kümüş baýraklara: Çehiýadan Miroslaw Zapletal we Marek Sikora, Russiýadan «KAMAZ» ýük ulagynyň sürüjileri Aýrat Mardeýew, Dmitriý Swistunow we Ahmet Gilýautdinow, fransuz topary Herwe Dirs we Alan Brýus, gazagystanlylar Marat we Nursultan Abikaýewler, britaniýaly sürüji Garri Hant öz şturmany Wouter Rozegaar bilen mynasyp boldular.

Hormat münberiniň üçünji basgançagyna, ozal agzalyp geçilişi ýaly, türkmen toparlarynyň ikisi: sürüji Hojaguly Annamämmedow — Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň awtoulag kärhanasynyň sürüjisi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkeziniň türgeni hem-de şturman Gaýgysyz Akmyradow — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň awtoulag müdirliginiň serkerdesi, şeýle hem sürüji Guwanç Hommadow, Türkmenistanyň IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni hem-de şturman Rejepnyýaz Annaberdiýew çykdylar.

Bürünç baýrak eýeleriniň arasynda şeýle hem «KAMAZ-masteriň» wekilleri Dmitriý Sotnikow, Ruslan Ahmadeýew, Ilgiz Ahmetzýanow, fransuzlar Žan-Klod Rufýe we Jerom Bos, gollandlar Gert Žan wan der Walk hem-de Branko da Lange bar.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde geçen awtoýaryş arkaly bütin dünýä ýurtlaryna, halklaryna biziň ýurdumyzy dürli künjeginden synlamaga, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny, ekologiýasyny, taryhy we arheologiýa ýadygärliklerini, saglyga we syýahatçylyga iň oňaýly ýerlerini, halkymyzyň baý mirasyny, medeniýetini, myhmansöýerlik däplerini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleri başdan geçirendigini, ylmy-tehniki ösüşleriniň netijelerini, ýurdumyzyň sebitleriniň senagat taýdan näderejede ösendigini görmäge, bular barada has içgin öwrenmäge, bilmäge, tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Bu ýaryş elektromobilleriň biziň ýurdumyzyň şertlerinde, özlerini alyp barşyny synlamak üçin hem özboluşly ylmy-tehnologik barlag bolmak bilen birlikde, milli Liderimiziň Garagumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakyndaky öňe süren başlangyçlary bilen baglylykda hem möhüm ähmiýetldir.


^