Gurulmagy ýa-da durkunyň täzelenmegi meýilleşdirilýän önümçilik obýektleriniň hem-de hereket edýän önümçilik kärhanalarynyň (desgalarynyň) tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan tehnologiki … Tertibi


“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2018-nji ýylyň 30-njy iýulynda çykaran 170-iş belgili buýrugy bilen tassyklandy

  Gurulmagy ýa-da durkunyň täzelenmegi meýilleşdirilýän önümçilik obýektleriniň hem-de hereket edýän önümçilik kärhanalarynyň (desgalarynyň) tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan tehnologiki prosesleriň we ornaşdyrylýan enjamlaryň taslamalarynyň zähmeti goramagyň talaplaryna laýyk gelmegine tehniki seljermäni geçirmegiň

Tertibi

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Gurulmagy ýa-da durkunyň täzelenmegi meýilleşdirilýän önümçilik obýektleriniň hem-de hereket edýän önümçilik kärhanalarynyň (desgalarynyň) tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan tehnologiki prosesleriň we ornaşdyrylýan enjamlaryň taslamalarynyň zähmeti goramagyň talaplaryna laýyk gelmegine tehniki seljermäni geçirmegiň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 183-nji we 198-nji maddalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de Gurulmagy ýa-da durkunyň täzelenmegi meýilleşdirilýän önümçilik obýektleriniň hem-de hereket edýän önümçilik kärhanalarynyň (desgalarynyň) tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan tehnologiki prosesleriň we ornaşdyrylýan enjamlaryň taslamalarynyň zähmeti goramagyň talaplaryna laýyk gelmegine tehniki seljermäni geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

2. Tehniki seljerme guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan, bellenilen tertipde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan fiziki şahslarda hökmany tertipde geçirilýär.

3. Tehniki seljermäniň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybarat:

1) zähmeti goramak boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň şeýle hem kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelmegine baha bermek;

2) gurulmagy ýa-da durkunyň täzelenmegi meýilleşdirilýän önümçilik obýektlerinde tehnologiki prosesleriň taslamalary işlenilip taýýarlanylanda we ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan maşynlaryň, mehanizmleriň we beýleki önümçilik enjamlarynyň zähmeti goramagyň standartlarynyň, düzgünleriniň we kadalarynyň talaplaryny üpjün edýän çäreleriň göz öňünde tutulşyny kesgitlemek; 

3) zähmetiň amatly şertlerini üpjün etmek maksady bilen kabul edilen taslama çözgütleriniň, şol sanda işgärlere zyýanly ýa-da howply önümçilik ýagdaýlarynyň täsiriniň, betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak üçin niýetlenen köpçülikleýin we hususy gorag serişdeleriniň döwrebaplygyny seljermek.

II bap. Tehniki seljermäni geçirmegiň tertibi

 

4. Tehniki seljerme şu Tertibiň talaplaryna laýyklykda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň tabynlygyndaky edaralar tarapyndan geçirilýär. Tehniki seljermäni geçirmek üçin beýleki guramalaryň hünärmenleri degişli şertnamalar esasynda çekilip bilner.

5. Tehniki seljermäni geçirmek üçin buýrujy ýa-da onuň tarapyndan  ygtyýarly edilen wekili, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň tabynlygyndaky edarasyna resmi arzasy bilen ýüz tutýar. Arza, gurulmagy ýa-da durkunyň täzelenmegi meýilleşdirilýän önümçilik obýektleriniň hem-de hereket edýän önümçilik kärhanalarynyň (desgalarynyň) ýerleşýän ýerindäki «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ygtyýarly wekili bolup çykyş edýän edarasyna berilýär.

6. Gurulmagy ýa-da durkunyň täzelenmegi meýilleşdirilýän önümçilik obýektleriniň taslamalarynyň zähmeti goramak boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryna şeýle hem kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyklygyny seljermek maksady bilen, buýrujy şu aşakdakylary tabşyrýar:

1) tehniki seljermäni geçirmek baradaky arzany;

2) gurulmagy ýa-da durkunyň täzelenmegi meýilleşdirilýän önümçilik obýektleriniň meýilnamasynyň binagärlik we tehnologik (tehnologik prosesleriň howpsuzlygynyň üpjün edilşiniň beýany) bölümini, obýektiň gurluşygynyň baş meýilnamasyny we önümçilik işleriniň taslama resminamalary we olara degişli çözgütleri (olary işläp düzmek üçin zähmeti goramak boýunça Türkmenistanyň kanunlarynda we beyleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda şeýle hem kadalaşdyryjy resminamalarda göz öňünde tutulan möçberlerde),  şol sanda:

a)  umumy düşündiriş haty (zähmet howpsuzlygynyň şertleriniň beýan edilşi);

b)  binagärlik boýunça çözgütleri;

ç)  tehnologiki çözgütleri;

d) işgärleriň zähmetini guramak we onuň şertleri, kärhanany we önümçiligi dolandyrmak barada maglumat;

e)  inženerçilik enjamlary, ulgamlary we gurluşlary barada maglumat. 

7. Hereket edýän önümçilik kärhanalary (desgalary) tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan tehnologiki prosesleriň we enjamlaryň  taslamalarynyň zähmeti goramak boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryna şeýle hem, kadalaşdyryjy resminamalara laýyklygyny seljermek maksady bilen buýrujy şu aşakdakylary tabşyrýar:

1) tehniki seljermäni geçirmek baradaky arzany;

2) hereket edýän önümçilik kärhanalary (desgalary) tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan tehnologiki prosesleriň we enjamlaryň taslamalarynyň resminamalary we olara degişli çözgütleri (olary işläp düzmek üçin zähmeti goramak boýunça Türkmenistanyň kanunlarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda şeýle hem, kadalaşdyryjy resminamalarda göz öňünde tutulan möçberlerde), şol sanda:

a) düşündiriş hatyny (tehniki beýany, maksady we ulanylýan ugry, gurluşy we zähmet howpsuzlygynyň şertleriniň beýan edilşi);

b)  tehniki taslamanyň sanawnamasyny (tehnologiki beýany);

ç) taslamada göz öňünde tutulan zähmeti goramagyň we howpsuzlygynyň talaplary boýunça çözgütleri.

8. Taslamalar we olara degişli resminamalar bilen bilelikde buýrujy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň netijeleriniň nusgalaryny berýär.

9. Tehniki seljermesi geçirilende delillendirilen esaslanma boýunça, zerur bolan ýagdaýynda, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň tabynlygyndaky edarasynyň beýleki resminamalary talap etmäge hukugy bardyr.

10. Tehniki seljerme geçirlende berlen resminamalaryň toplumynyň doludygy we şu aşakdaky talaplaryň berjaý edilendigi seljerilýär, ýagny:

1) resminamalaryň bellenen tertipde tassyklanandygy, möhürlenendigi we gol çekilendigi;

2) resminamalaryň ýazgysy düşnükli ýazylandygy, gysgaldylan, bozulan, öçürlen sözleriň we beýleki ylalaşylmadyk düzedişleriň girizilmändigi.

11. Şu aşakdaky ýagdaýlar tehniki seljermäni geçirmekden ýüz döndürmek üçin esas bolup biler:

1) buýrujy tarapyndan resminamalaryň doly bolmadyk toplumynyň ýa-da şu Tertibiň talaplaryna laýyk gelmeýän resminamalaryň berilmegi;

2) tehniki seljermäniň talap edilen görnüşiniň we «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ygtyýaryna we wezipesine  degişli bolmadyk ýagdaýynda.

12. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň tabynlygyndaky edaralar tarapyndan 5 (bäş) iş gününiň dowamynda berlen resminamalaryň ýeterlikdigine, toplumlaýyndygyna seredilýär.

Tehniki seljermäni geçirmek üçin ýuridik şahs bolup durýan buýruja      hasap-fakturasy, fiziki şahs bolup durýan buýruja bolsa, degişli töleg maglumatlary (rekwizitleri) ýazylyp berilýär. Buýrujylar  tölegiň tölenilendigini tassyklaýan töleg resminamany berýärler. Şu Tertibiň on ýedinji böleginde görkezilen ýagdaýlarda töleg gaýtadan alynmaýar.

13. Tabşyrylan taslamalara we olara degişli resminamalara «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň tabynlygyndaky edara 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda tehniki seljermesini geçirýär. Şu Tertibiň on ýedinji böleginde görkezilen ýagdaýlarda, taslama we oňa degişli resminamalar düzedilip buýrujy tarapyndan berlen gününden başlap, bu möhlet 30 (otuz) senenama gününe çenli uzaldylyp bilner.

Tehniki seljermäni geçirmegiň 30 (otuz) senenama gün möhleti buýrujy tarapyndan tölegiň tölenilendigini tassyklaýan töleg resminamany beren gününden başlap hasaplanýar.

14. Geçirilen tehniki seljermäniň netijesi boýunça degişli çözgüt çykarylýar. Degişli çözgüt Tehniki seljermäniň Netijenamasy (şu Tertibe 1-nji goşundy) görnüşinde resmileşdirilýär. Bu barada buýruja hat üsti bilen habar berilýär. Netijenama «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň tabynlygyndaky edarasynyň başlygy ýa-da onuň orunbasary hem-de ýerine ýetiriji gol çekýär.

III bap. Tehniki seljermäniň netijelerini resmileşdirmek

15. Taslamanyň we oňa degişli resminamalaryň şu Tertibiň üçünji böleginde göz öňünde tutulan talaplara laýyk gelen halatynda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň tabynlygyndaky edarasy tarapyndan oňyn Tehniki seljermäniň Netijenamasy berilýär.

16. Berlen Tehniki seljermäniň Netijenamalary «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň tabynlygyndaky edarasy tarapyndan «Tehniki seljermäniň Netijenamalaryny hasaba alyş  Kitabynda» (şu Tertibe 2-nji goşundy) hasaba alynýar.

17. Taslamanyň we oňa degişli resminamalaryň şu Tertibiň üçünji böleginde göz öňünde tutulan talaplara laýyk gelmedik halatynda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň tabynlygyndaky edarasy tarapyndan laýyk gelmeýän ýagdaýlary beýan edilip, taslama we oňa degişli resminamalar hat üsti bilen buýruja düzetmek üçin gaýtarylýar.  Buýrujy tarapyndan hatyň  alnan  gününden başlap 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda görkezilen bellikler buýrujy tarapyndan düzedilen halatynda, taslama we oňa degişli resminamalar «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň tabynlygyndaky edara gaýtadan seretmek üçin berilýär.

18. Buýrujy düzülen Tehniki seljermäniň Netijenamasy bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda, 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Şikaýat toparyna ýüz tutmaga hukugy bardyr. Şikaýat toparyň çözgüdi resmi görnüşde Arza berijilere 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda  berilýär.

 

IV bap. Tehniki seljerme boýunça işleriň nyrhy

 

 19. Tehniki seljermäni geçirmek bilen baglanyşykly bolan işleriň nyrhnamasy «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan tassyklanylýar.

 

 

 

 

 

Gurulmagy ýa-da durkunyň täzelenmegi meýilleşdirilýän önümçilik obýektleriniň  hem-de hereket edýän önümçilik kärhanalarynyň (desgalarynyň) tehniki taýdan täzeden  enjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan  tehnologiki prosesleriň we enjamlaryň  taslamalarynyň zähmeti goramagyň talaplaryna laýyk gelmegine tehniki seljermäni geçirmegiň Tertibine 1-nji goşundy

 

 

 

TEHNIKI SELJERMÄNIŇ NETIJENAMASY №

 

“TÜRKMENSTANDARTLARY” BAŞ DÖWLET GULLUGY

 

(ýerli edaranyň ady)

 

                                                                                      “___”________20__ý.

 

(taslamanyň ady,

 

önümçilik obýektleriniň hem-de hereket edýän önümçilik kärhanalarynyň (desgalarynyň) ady)

 

 ýerleşýän ýeriniň salgysy)

işläp taýýarlady –

 

(taslama edarasynyň ady,

 

onuň salgysy)

taslamany berdi –

 

(taslamany seljermä beren buýrujy)

 

 

Tehniki seljermäniň Netijenamasy 20__ý. “__” _________ №_____ belgili arza esasynda düzüldi.

 

1.    ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ (DESGALARYNYŇ) UMUMY HÄSIÝETNAMALARY

 

(desganyň maksady, onuň kuwwady, esasy tehniki çözgütleri,

 

önümi almagyň usullary (tapgyrlary), önümçiligiň galyndylary,

 

olary arassalama, ýygnama görkezilýär)

 

 

2.    ZÄHMETI GORAMAGYŇ MESELELERI BOÝUNÇA TASLAMANYŇ ÇÖZGÜTLERINI BAHALANDYRMA

 

Berlen resminamalara laýyklykda

 

(“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň tabynlygyndaky edarasynyň, şeýle hem

 

gatnaşan edaralaryň ady, hünärmenleriň familiýasy, ady we atasynyň ady)

 

hünärmenler tarapyndan barlanan wagtynda, zähmeti goramak boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryň şeýle hem, kadalaşdyryjy resminamalaryň aşakda görkezilen kemçilikleri ýüze çykaryldy:

 

(kemçilikli taslamanyň bölümi, çyzgynyň belgisi,

 

kadalaşdyryjy hukuk namalaryň şeýle hem kadalaşdyryjy resminamalaryň ady we onuň düzüm birliginiň belgisi)

3.  TASLAMA BOÝUNÇA UMUMY NETIJE

 

Berlen resminamalary öwrenmegiň esasynda

 

(“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň edarasynyň ady)

 

(taslamanyň ady)

taslama resminamasy, zähmeti goramak boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryň şeýle hem, kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryny

 ________________________________________________________________

(berjaý edýär ýa-da berjaý etmeýär)

Önümçilik desgalaryny gurmak we durkuny täzelemek 

 

(rugsat edilýär, gadagan edilýär,

 

görkezilen çäreleri ýerine ýetirmek şerti bilen başlanyp bilinýär – gereklilerini görkezmeli)

 

 

Gullugyň başlygy (orunbasary) – (goly)                   _______________________________

                                                                                                                                                      (Familiýsay, ady, atasynyň ady)

 

Ýerine ýetiriji -    (goly)                                                                          ________________________________________________       

                                                                                                                                                      (Familiýsay, ady, atasynyň ady)

 

 M.Ý.

                                                                                                   

 

Gurulmagy ýa-da durkunyň täzelenmegi meýilleşdirilýän önümçilik obýektleriniň hem-de hereket edýän önümçilik kärhanalarynyň (desgalarynyň) tehniki taýdan täzeden  enjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan  tehnologiki prosesleriň we enjamlaryň  taslamalarynyň zähmeti goramagyň talaplaryna laýyk gelmegine tehniki seljermäni geçirmegiň Tertibine 2-nji goşundy

 

 

 

 

 

Tehniki seljermäniň Netijenamalaryny hasaba alyş kitaby

 

 

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň

___________ welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugy

 

 

 

 

t/b

Taslamanyň ady

Buýrujynyň

ady

Taslamany işläp taýýarlaýjysy

Taslamany işläp taýýarlaýjynyň ygtyýarnamasynyň belgisi, hereket edýän möhleti

Berlen Netijenamanyň belgisi we senesi

Ýerine ýetiriji Döwlet inspektory

Tölemäge degişli bolan pul möçberi (manatda)

Netijenamany alanyň goly

Bellik

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10




 

 

 


^