STANDART WE ETALON


DÖWLET ETALON MERKEZINIŇ TEHNIKI KOMITETI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has-da kämilleşmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ilaty ýokary hilli, dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümler, işler we hyzmatlar bilen üpjün etmek ýaly aýdyň maksatlary bolan standartlaşdyryş ulgamynda hem netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Halkara tejribesinden ugur alnyp, standartlaryň we kadalaşdyryjy resminamalaryň girizilmegi işleri talaba laýyk ýola goýmakda esas bolup durýar.

Standart — taraplaryň ylalaşygy esasynda işlenip düzülen, ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanan kadalary, häsiýetleri ýa-da umumy ýörelgeleri özünde jemleýän kadalaşdyryjy resminamadyr. Standartlaşdyrmagyň birnäçe derejeleri bardyr:

Halkara standartlaşdyryş. Bu standartlar standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasy (mysal üçin, ISO) tarapyndan tassyklanýar.

Döwletara standartlaşdyryş. Bu standartlar döwletara (sebit) guramasy tarapyndan tassyklanýar.

Milli standartlaşdyryş. Bir döwletiň çäginde amala aşyrylýan standartlaşdyrmak işidir. Türkmenistanyň milli standarty hökmünde kadalaşdyryjy resminama diýlip TDS, Germaniýada DIN, Beýik Britaniýada BS we ş.m. bellenilendir.

— Bulardan başga-da, guramalaryň standarty, pudaklaryň standarty (PS), kärhanalaryň standarty we önümçilikdäki tehniki şertler, şeýle hem standartlaşdyryş boýunça kadalar, düzgünler we maslahatlar hereket edýär.

Döwletler milli standartlary halkara standartlar bilen utgaşdyrmaga ymtylýarlar. Ýurdumyzda milli standartlary halkara standartlary bilen sazlaşykly işläp taýýarlamak we döwrebaplaşdyrmak maksady bilen Standartlaşdyrmak boýunça milli tehniki komitetler döredilendir. Bu komitetler önümleri öndürmekde, işläp taýýarlamakda, saklamakda, daşamakda, ýerleşdirmekde we gaýtadan işlemekde esasy işleri ýöredýän pudaklarda esaslandyrylyp, olar önümçiligi standartlaşdyrmakda kadalary kesgitleýär.

2016-njy ýylyň 15-nji aprelinde «Türkmenstandartlary » baş döwlet gullugynyň başlygynyň 1/60 belgili buýrugy bilen «Tehniki komitetleri we onuň düzümini tassyklamak hakynda » Tertibi tassyklandy. Şeýle hem Döwlet etalon merkeziniň binýadynda TK TM 02 «Metrologiýa ugry boýunça » tehniki komiteti döredildi. Bu komitet metrologiýa ugruna degişli standartlary işläp taýýarlaýar we döwrebaplaşdyrýar. Şonuň ýaly- da, halkara, döwletara standartlary kabul etmegiň mümkinçiligini öwrenýär. Bu bolsa öz gezeginde halkara talaplaryna laýyklykda ölçegleri we synaglary geçirmäge mümkinçilik döredýär.



Aýna SÖÝÜNOWA,
Döwlet etalon merkeziniň Ylmy- usulyýet, marketing we halkara tejribäni öwreniş bölüminiň başlygy.

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly