ZÄHMET GORAGLYLYGY


HOWPSUZ ÖNÜMÇILIK — ÜSTÜNLIGIŇ GIREWI

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy senagatlaşdyrmak hemde ilaty iş orunlary bilen üpjün etmek babatynda alyp barýan tagallalary netijesinde welaýatlarymyzyň ählisinde köp sanly önümçilik kärhanalary gurulýar. Öňki bar bolanlary täze döwrebap abzallar bilen üpjün edilýär. Bu kärhanalarda bäsleşige ukyply, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän harytlar öndürilip, içerki we daşarky bazarlara ugradylýar. Kämil tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Tagtabazar pagta egirme fabrigi hem Garaşsyzlyk ýyllarynda işe goýberilen şeýle kärhanalaryň biridir. Fabrikde Türkmenistanyň Zähmet kodeksine we howpsuzlyk iş şertleri boýunça beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hünärmenleriň zähmet goraglylygyna uly üns berilýär.

Tagtabazar pagta egirme fabriginde zähmetiň goralyşyny dolandyrmagyň esasy ýörelgeleriniň käbirleri şulardan ybaratdyr:

— önümçilik işiniň netijelerine garamazdan, adamyň janynyň we saglygynyň ilkinji ýerde goýulmagy;

— işiň dowamynda işgäriň şikes almagynyň, hünär keseli bilen kesellemeginiň ýa-da başga hili zeper sebäpli ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy;

— zähmeti goraýyş boýunça ýeke- täk kadalaryň kesgitlenmegi;

— önümçiligiň howpsuzlyk taýdan sertifikatlaşdyrylmagy;

— işleri howpsuz ýerine ýetirmegiň tärleri boýunça okuwlaryň guralmagy we beýlekiler.

Şeýle-de, zähmet howpsuzlygy bilen bir hatarda, önümçilik enjamlaryň abatlygy, bökdençsiz işlemegi üçin bildirilýän talaplar hem ýokarydyr. TDS-12.2.003-91«ZHSU. Önümçilik enjamlary. Howpsuzlygyň umumy talaplary» döwlet standartynda önümçilik enjamlaryň hereket edýän bölekleriniň gorag germewleri bilen üpjün edilmelidigi, gorag germewler hatardan çykanda, enjamlary işletmegi togtatmalydygy hakynda aýdylýar. Şonuň ýaly- da, fabrikde TDS- 1.2.09.2016 howpsuzlyk sertifikatyna we «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2014-nji ýylyň 11-nji aprelinde çykaran 1/75 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Senagat howpsuzlygyny sertifikatlaşdyrmagyň Tertibine» laýyklykda işler ýerine ýetirilýär.

Kärhanada alnyp barylýan şular ýaly toplumlaýyn işleriň netijesinde howpsuz önümçilik ýola goýulýar. Munuň özi pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde fabrikde işleriň has-da ileri gitmegine ýardam edýär.



Bazargeldi JÜMMIÝEW,
Mary welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Ýolöten bölüminiň uly döwlet inspektory.

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly