YGTYBARLY SYNAG WE STANDARTLAŞDYRYŞ


ENJAMLARYŇ KÄMILLIGI — SYNAGLARYŇ TAKYKLYGY

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ynsanperwer syýasatyň özeninde raýatlaryň saglygy, halkyň bolelin ýaşaýşy hakdaky alada ýatyr. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda standartlaşdyryş ulgamynda döredilen mümkinçilikler Daşoguz welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň işini göwnejaý guramaga ýardam edýär. Daşary döwletlerden getirilýän hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hilini kesgitlemek biziň üçin möhüm we jogapkärli wezipedir.

Amatly we howpsuz zähmet şertleriniň döredilmegi baradaky syýasaty durmuşa geçirmek maksady bilen döwlet gullugynyň Merkezi barlaghanasy döwrebap innowasion enjamlar bilen üpjün edilendir. Bu bolsa synaglary ýokary derejede takyk geçirmäge şert döredýär. Biziň gurluşyk we nebit önümleriniň synag bölümimizde-de şeýle kämil enjamlar arkaly synag işleri talaba laýyk alnyp barylýar.

Penski Martinsiň usuly boýunça «Opti Flash» markaly awtomatiki analizatoryň kömegi bilen dizel ýangyjynyň uçgun temperaturasyny kesgitläp bolýar. «Walter Herzog HDA 620» enjamy Germaniýa döwletinde öndürilendir. Bu enjam nebit önümleriniň — sowadyjy suwuklyklaryň, awtomobil benzinleriň, dizel ýangyçlaryň fraksion maglumatlaryny anyklamaga niýetlenendir. «TV 7000» markaly ýedi orunlyk wiskozimetriki enjam Niderlandiýada öndürilip, ol nebit önümleriniň şepbeşikligini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bulardan başga- da, Sloweniýa döwletiniň önümi bolan «METREL MI3102H» kysymly elektrik abzallaryň aýratynlyklaryny ölçeýji enjam hem bellenmäge mynasypdyr. Enjamyň kömegi bilen abzallaryň güýjenmesini, ýygylygyny ölçemek mümkin. Takyk we tiz anyklamaga ukyply, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kämil barlaghanalarda zähmet çekmäge, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri üçin milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!



Yhlas HOJAKOW,
Daşoguz welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Merkezi barlaghanasynyň gurluşyk we nebit önümleriniň synag bölüminiň başlygy.

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly