DÖWREBAP BARLAGHANALAR


BUGDAÝYŇ HIL GÖRKEZIJILERI

Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy we öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen uly ösüşler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürip, ähli ulgamlarda, şeýle- de oba hojalygynda ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň Lebap welaýaty galla önümçiliginde ýokary ösüşlere eýe bolýar. Daýhanyň irginsiz yhlasy, döwletimiziň kömekgoldawy we ene topragyň sahawaty bilen şu ýyl welaýatda 130 müň gektar ýere bugdaý ekilip, bol hasyl ýetişdirildi.

Galla oragyny guramaçylykly geçirmekde welaýatyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugy hem uly goşant goşdy. Gullugyň Synag barlaghanasynda «Öndürijilerden bugdaýyň hili we möçberi boýunça kabul etmegiň hem-de hasaplaşyklary geçirmegiň» Tertibi we degişli kadalaşdyryjy resminamalar esasynda bugdaýyň çyglylygy, hapa- haşal we däne goşundylaryň, zyýan beriji mör-möjekleriň mukdary, tebigy aýratynlygy, ysy we reňki ýaly hil görkezijileriniň kada laýyk gelýändigini kesgitlemekde netijeli işler durmuşa geçirildi. Barlaghanada ornaşdyrylan döwrebap, innowasion enjamlar synaglary gysga wagtda we ýokary derejede geçirmäge ýardam edýär.

TDS 925-2017 «Däne. Çyglylygyň kesgitleniliş usuly» kadalaşdyryjy resminamanyň talaplaryna laýyklykda bugdaý dänesiniň çyglylygy PM-600 enjamy arkaly kesgitlenýär. Takyk bolmagy üçin synag üç gezek geçirilýär we ortaça netije hasaba alynýar. Bugdaýyň hapalygyny kesgitlemek üçin elekler, tagtajyk, elektron tereziler ulanylýar. Synaglar TDS 919-2017 «Däne. Hapa we däneli goşundylaryň umumy we fraksion düzümini; düzümindäki ownuk we iri däneleri; düzümindäki mör-möjekler bilen zaýalanan bugdaý däneleri; düzümindäki metal magnit goşundylary kesgitlemegiň usullary» kadalaşdyryjy resminama laýyklykda ýerine ýetirilýär.

Synaga getirilen 2 kilogramdan az bolmadyk nusgalyk bugdaý stoluň üstüne 1,5-2,0 santimetr galyňlykda ýaýradylýar. Ýaýradylan bugdaýyň bellenen tertipde (diagonal boýunça) 50 gramy alnyp, elege salynýar we 3 minutyň dowamynda 120 aýlawda elenýär. Şeýlelikde, däne goşundysy, hapa- haşal we döwük- ýenjikleri saýlanýar. Elekden geçen we geçmedik däne goşundylary, hapalar we arpa ýörite niýetlenen tagtajygyň üstünde aýratyn goýulýar. Däne goşunda degişli bolan döwük- ýenjik, arryk bugdaýlar elektron tereziniň kömegi bilen ölçenilýär we bellenen tertipde hasaba alynýar.

TDS 921-2017 «Däne. Ysynyň we reňkiniň kesgitleniliş usullary» kadalaşdyryjy resminamanyň talaplary boýunça bugdaýyň ysy we reňki organoleptiki usul (tagam biliş, ys alyş ýaly organlaryň kömegi) bilen kesgitlenilýär. Nusgalyk dänäniň 100 gram çemesindäki mukdary alnyp, demiň bilen gyzdyrylýar. Soňra ysgap, özüne mahsus ysynyň bardygyýa- da ýokdugyanyklanylýar. Bugdaý yslanan, çüýrük, heňlän bolmaly däl.

TDS 987-2017 «Däne. Zyýankeş mör-möjeklerden zäherlenmegiň we şikeslenmegiň kesgitleniş usullary» kadalaşdyryjy resminamanyň talaplaryna laýyklykda zyýan beriji mör-möjekleriň bardygy ýa-da ýokdugy kesgitlenilýär. Synag geçirmek üçin alnan bugdaýy diametri 2,5-1,5 millimetr elekden geçirip, 2 minutyň dowamynda elemeli. Soňra ýörite niýetlenen aýnanyň üstüne ýukajyk ýazyp, içindäki zyýan beriji mör-möjekleri aýyrmaly. Bugdaýyň keselleme derejesi zyýan berijileriň sany boýunça anyklanylýar.

Kärendeçiler tarapyndan tabşyrylan galla hasylyna hasaplaşyk geçirilende, barlaghana synagynyň netijesine esaslanylýar. Galla oragy möwsümi örän ýokary ünsi talap edýär. Welaýatymyzyň standartlaşdyryş ulgamynyň işgärleri hem bugdaýyň hilini anyklamakda ygtybarly işleri amal etdiler. Bu bolsa gullugymyzyň hasylyň ýokary hilli bolmagyna mynasyp goşant goşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.



Agageldi GULMYRADOW,
Lebap welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Synag barlaghanasynyň pagta süýüminiň we oba hojalyk önümleriniň hilini kesgitleýän bölüminiň esasy hünärmeni.

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly