HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZYŇ 25 ÝYLLYGYNA


PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ BINÝADY

Bitaraplyk — bu parahatçylyk, asudalyk, ählumumy howpsuzlyk. Bitaraplyk — hoşniýetli gatnaşyklaryň, ykdysady hyzmatdaşlyklaryň sakasy. 2015-nji ýylda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ikinji gezek kabul edildi. Bu Kararnamada ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ýöredýändigi, sebitde we dünýäde möhüm orna eýedigi baradaky jümleler öz beýanyny tapýar. Mundan başga- da, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň 2017- nji ýylyň 2-nji fewralyndaky mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi bellärliklidir.

BMG-niň ynamdar hyzmatdaşy, öz üstüne alan borçnamalaryny birkemsiz berjaý edýän ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan sebitde, yklymda parahatçylygy, abadançylygy pugtalandyrmak ugrundaky ählumumy tagallalara işjeň gatnaşýar. «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly » atly Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň bu ugurda toplan baý tejribesiniň, gazanan üstünliginiň nobatdaky subutnamasydyr. Türkmenistanyň BMG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy täze röwşe eýe bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde ähmiýeti uludyr. Häzirki döwürde Türkmenistanyň seçip alan ýolunyň ygtybarlydygyny, daşary diplomatiýasynyň özara bähbitlidigini, dünýä bileleşiginiň hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryna laýyk gelýändigini ynam bilen aýtsa bolar.

2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagy, milli Liderimiziň alyp barýan özara düşünişmek, birek- birege hormat goýmak, parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ýokary abraýa eýediginiň ykrarnamasydyr. Biziň ýurdumyz eýýäm BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň başlygynyň orunbasarlygyna altynjy gezek saýlanylýar. Mundan ozal Türkmenistan 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji sessiýalaryň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanypdy. Şu ýyl eziz Diýarymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyny belleýär. Biz hem bu şanly baýramçylygy mynasyp sowgatlar bilen garşylap, ýaş nesliň ylymly- bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli tagallalarymyzy gaýgyrmarys.



Tirkişmyrat DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly