ŞANLY GARAŞSYZLYGYMYZYŇ 29 ÝYLLYK TOÝUNA


GARAŞSYZLYK — BAGTYÝARLYK

Döwletimiziň we halkymyzyň taryhynda 27-nji sentýabr ykbal çözüji senedir. Şol gün ata Watanymyz Garaşsyzlygyna eýe bolup, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşly nusgalyk ýoly saýlap aldy. Ýigrimi dokuz ýyldan bäri güneşli ülkämiz özüniň saýlap alan ýoly bilen özbaşdak we erkin syýasaty durmuşa geçirmekde, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni ösüşine mynasyp goşant goşmakda ygtybarly işleri amala aşyrdy. Garaşsyzlyk biziň köpasyrlyk milli ruhy gymmatlyklarymyzyň, asylly däp-dessurlarymyzyň dikeldilmegi üçin oňyn şertleri döretdi. Şonuň üçin hem türkmen halky özbaşdak döwlet bolan gününi baýram edýär.

Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň, parahatçylygyň we ösüşiň ýolunda uly maksatlara ruhlandyrýan, özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň amala aşandygyny buşlaýan milli baýramdyr. Her ýyl uly üstünlikler bilen garşy alnyp, dabaraly toýlanylýan Garaşsyzlyk gününi türkmen halky «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem şanly wakalar, şowhunly çäreler bilen uly ruhubelentlikde belläp geçdi. Ýurdumyz özygtyýarlylygyna eýe bolmagynyň şanly senesiniň uly baýramçylygyny dabaralandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň hem belleýşi ýaly, Garaşsyzlygyň yglan edilen güni türkmen halkynyň şöhratly taryhyna bolan bimöçber söýgini alamatlandyrýan milli baýram bolup durýar. Bu günki gün milli Liderimiziň başda durmagynda Diýarymyzy dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda ösýän döwletleriniň hataryna çykarmak üçin ykdysadyýetimiziň hemme pudaklary döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle- de pudaklarda sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň maksatlaryndan we ýörelgelerinden ugur alnyp, Garaşsyz Watanymyzyň abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Hemişelik Bitarap döwletimiz daşary syýasatda halkara hyzmatdaşlygyň täze, netijeli ýollaryny emele getirip, Ýer ýüzünde parahatçylygy we ylalaşygy pugtalandyrmak üçin möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyz innowasion taýdan ösmek, halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak we düýpli döwrebaplaşdyrmak ýörelgesine eýermek bilen daşary ykdysady gatnaşyklary hasda giňeltmek strategiýasyny ygtybarly durmuşa geçirýär. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar hem-de dünýäniň dürli ýurtlary bilen gatnaşyklaryny barha giňeldýär. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan belent halkara münberlerde parahatçylykly başlangyçlary öňe sürmek bilen, diňe sebitde däl, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmak işine mynasyp goşant goşýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içre ýurdumyz dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Geçen döwrüň içinde ýurduň durnuklylygyny üpjün etmegiň ýolunda umumy ykrar edilen üstünlikleri gazanmagy başardy. Diýarymyz milli gurluşynda, durmuş we ykdysady taýdan ösüşinde, halkara giňişliginde eýeleýän ornuny berkitmekde belent sepgitlere ýetdi. Ol dünýäniň has depginli ösýän döwletleriniň biri hökmünde halkara giňişliginde uly şöhrata eýe boldy, öz raýatlarynyň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün etdi, sebit durnuklylygyny saklady.

Ýurdumyzda öndürilýän we daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň, edilýän hyzmatlaryň hiliniň, bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarylygyny we howpsuzlygyny gazanmak, adamyň jan saglygyny we daşky gurşawy goramak ýaly aýdyň maksatlary bolan standartlaşdyryş ulgamynyň işgärleri hem Garaşsyzlyk gününi özleriniň zähmet üstünlikleri bilen mynasyp garşy aldylar.

Hormatly Prezidentimiziň hem nygtaýşy ýaly, biziň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýan ähli üstünliklerimiziň binýady Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyzdyr. Çünki Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk biziň eşretli durmuşymyzyň açary bolan mukaddesliklerdir. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda alyp barýan beýik işleri, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary, ynsanperwer ýörelgeleri üçin Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. Döwlet Baştutanymyzy we halkymyzy Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent, işleri rowaç bolsun!



Myrat GARAJAÝEW, «Türkmenstandartlary » baş döwlet gullugynyň metrologiýa bölüminiň başlygy.

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly