Ölçeg serişdeleri taýýarlamak, abatlamak, deňeşdirip barlamak we kalibrleme işleri amala aşyrýan synag barlaghanalaryny attestatlaşdyrmagyň TERTIBI


«TÜRKMENSTANDARTLARY»
BAŞ DÖWLET GULLUGY

BUÝRUK
  MAIN
STATE SERVICE
«TURKMENSTANDARTLARY»

ORDER
 
«03» aprel 2018ý.   №74-iş

Ölçeg serişdeleri taýýarlamak, abatlamak, deňeşdirip barlamak
we kalibrleme işleri amala aşyrýan synag barlaghanalaryny attestatlaşdyrmagyň Teribini tassyklamak barada

«Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 3-nji iýulynda çykaran 10501-nji karary bilen tassyklanan Standartizasiýa we metrologiýa, şeýle hem senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işleri ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamanyň sekizinji böleginiň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 20-nji noýabrynda çykaran 11357-nji karary bilen tassyklanan, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy hakynda Düzgünnamanyň bäşinji we altynjy bölekleriniň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Ölçeg serişdeleri taýýarlamak, abatlamak, deňeşdirip barlamak we kalibrleme işleri amala aşyrýan synag barlaghanalaryny attestatlaşdyrmagyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugy döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyñ başlygynyň orunbasary gözegçilik etmeli.

Gullugyň başlygy   M.Kakabaýew





«Türkmenstandartlary»
baş döwlet gullugynyň başlygynyň
2018-nji ýylyň 3-nji aprelinde çykaran
74–iş belgili buýrugy bilen
TASSYKLANYLDY

Ölçeg serişdeleri taýýarlamak, abatlamak, deňeşdirip barlamak we kalibrleme işleri amala aşyrýan synag barlaghanalaryny attestatlaşdyrmagyň
TERTIBI

I. Umumy düzgünler

1. Şu Ölçeg serişdeleri taýýarlamak, abatlamak, deňeşdirip barlamak we kalibrleme işleri amala aşyrýan synag barlaghanalaryny attestatlaşdyrmagyň Tertibi (mundan beýläk – Tertip) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 3-nji iýulynda çykaran 10501-nji karary bilen tassyklanan, Standartizasiýa we metrologiýa, şeýle hem senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işleri ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamanyň sekizinji bölegine, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 20-nji noýabrynda çykaran 11357-nji karary bilen tassyklanan, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy hakynda Düzgünnamanyň bäşinji we altynjy böleklerine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de ölçeg serişdeleri taýýarlamak, abatlamak, deňeşdirip barlamak we kalibrleme işleri amala aşyrýan synag barlaghanalarynyň attestatlaşdyrmagyň tertibini kesgitleýär.

2. Şu Tertibiň talaplaryny «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň (mundan beýläk – Gulluk) garamagyndaky edaralary hem-de ölçeg serişdeleri taýýarlamak, abatlamak, deňeşdirip barlamak we kalibrleme işleri amala aşyrýan synag barlaghanalary attestatlaşdyrmak üçin Gullugyň garamagyndaky edaralaryna ýüz tutýan eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalar, edaralar, guramalar hem-de hususy telekeçiler (mundan beýläk – Arza beriji) tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.

3. Ölçeg serişdeleri taýýarlamak, abatlamak, deňeşdirip barlamak we kalibrleme işleri amala aşyrýan synag barlaghanalary attestatlaşdyrmagyň (mundan beýläk – attestatlaşdyrmak) oňyn netijeleri - belli bir metrologik işiň görnüşini ýerine ýetirmekde geçirilýän tehnologik amallarda ölçegleriň bitewiligini kanagatlanarlydygyny kepillendirýär.

4. Şu Tertipde «Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda» we «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda düşünjeler ulanylýar.

II. Attestatlaşdyrmak boýunça
hödürlenilmäge degişli resminamalar

5. Attestatlaşdyrmak Gullugyň garamagyndaky edaralary tarapyndan Arza berijiniň resmi ýüz tutmasy esasynda amala aşyrylýar.

6. Attestatlaşdyrmak üçin Arza berijiler Gullugyň garamagyndaky edaralaryna şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalar tabşyrylýar:

1) arza;

2) ölçeg serişdeleri taýýarlamak, abatlamak, deňeşdirme barlaglaryny we kalibrleme işlerini geçirmek üçin şu Tertibiň 1-6-njy goşundylarynda beýan edilen maglumatlar;

3) Arza berijiniň esaslandyryjy resminamalary:

ýuridik şahs üçin - esaslandyryjy resminamalaryň we Türkmenistanyň Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgalary;

fiziki şahs üçin - hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy we onuň pasportynyň nusgasy;

4) eýeçilik, kärende hukugy ýa-da başga bir kanuny esasda Arza berijä degişli bolan jaýlaryň we binalaryň bardygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgalary;

5) howpsuzlyk sertifikatynyň göçürmesi;

6) ölçeg serişdeler boýunça jogapkär adamyň bellenendigi hakynda buýruk;

7) tagma şekilleriň nusgalary (deňeşdirip barlamak we kalibrleme işleri üçin);

8) deňeşdirip barlamak we kalibrleme işleri boýunça ýörite okuwlary geçirlendigini tassyklaýan resminamanyň göçürmesi (deňeşdirip barlamak we kalibrleme işleri üçin).

III. Resminamalara garamagyň tertibi

7. Arza beriji bellenilen görnüşde arza we degişli resminamalar toplumyny tabşyrandan soň, Gullugyň garamagyndaky edaranyň degişli bölüm başlygy 3 (üç) iş gününiň dowamynda berlen resminamalaryň toplumlaýynlygyny seljerýär. Seljerişiň netijesi oňyn bolan ýagdaýynda, arza bellenen tertipde hasaba alynýar we bölüm başlygy tarapyndan arzada ýerine ýetiriji Döwlet inspektoryny belleýär.

Eger-de, berlen resminamalaryň toplumy talabalaýyk doly bolmadyk ýagdaýynda, berlen arza boýunça, Gullugyň garamagyndaky edarasy tarapyndan anyk sebäpler görkezilip, attestatlaşdyrmaga mümkinçiliginiň ýokdugy barada Arza berijä resmi habar berilýär.

8. Şu Tertibiň altynjy böleginde bellenen resminamalaryň toplumy boýunça seljerme geçirilip attestatlaşdyrmak boýunça metrologik barlag işleri başlanmazdan öň, döwlet inspektory tarapyndan Arza berijä attestatlaşdyrmak üçin hasap faktura berilýär. Onuň tölegi Arza beriji tarapyndan töleg resminamasy bilen tassyklanylýar.

Attestatlaşdyrmak üçin töleg geçirlenden soň, Döwlet inspektory 10 (on) iş gününiň dowamynda metrologik barlag işlerini kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda geçirýär we geçirlen barlagyň netijesi boýunça Delilnama düzýär.

9. Attestatlaşdyrmak boýunça geçirilýän barlagyň netijesinde synag barlaghananyň kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelmeýändigi barada netijä gelnen halatynda, ykrarnamada degişli bellikler we teklipler edilip, Arza berijä bu barada 30 (otuz) senenama gün möhletli görkezme berilýär. Bellenen möhletde synag barlaghananyň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk getirilmegini üpjün edilen halatynda, Arza beriji gaýtadan attestatlaşdyrmagy geçirmek barada ýüz tutýar. Gaýtadan attestatlaşdyrmak geçirlen halatynda, arzanyň seredilmeginiň möhleti 10 (on) iş gününe çenli uzaldylýar.

Eger-de berlen teklipler we bellikler bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmese attestatlaşdyrmagy geçirmegiň mümkinçiliginiň ýokdugy sebäpli ýüz dönderilendigi barada ykrarnama iki nusgada düzülýär hem-de onuň bir nusgasy 3 (üç) iş gününiň dowamynda Arza berijä iberilýär. Gaýtadan geçirlen barlagyň netijeleri gutarnykly diýip hasaplanylýar.

10. Geçirlen barlagyň netijesi oňyn bolan ýagdaýynda 5 (bäş) iş gününiň dowamynda attestat şahadatnama resmileşdirilýär we ýörite kitapda hasaba alynýar.

11. Attestat şahadatnama 2 (iki) nusgada resmileşdirilýär, bir nusgasy Arza berijä berilýär, ikinji nusgasy Gullugyň garamagyndaky edaranyň degişli bölüminde saklanylýar.

Attestat şahadatnamanyň hereket edýän wagty 3 (üç) ýyl möhlet bilen kesgitlenilýär.

IV. Attestatlaşdyrlan taraplary gözegçilik barlaglardan geçirmegiň tertibi

12. Gullugyň garamagyndaky edaralary tarapyndan berlen attestat şahadatnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda azyndan ýylda bir gezek meýilnamalaýyn tertipde synag barlaghanalaryň metrologik gözegçilik barlagy geçirilýär. Şeýle hem, bellenilen düzgünleriň bozulmagy bilen baglanşykly ýagdaýlarda ýa-da «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ýolbaşçylarynyň tabşyrygy esasynda meýilnamadan daşary barlaglar geçirilip bilner.

13. Gözegçilik barlaglary Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2015-nji ýylyň 2-nji fewralynda 833 san bilen döwlet bellige alnan, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky 1/07 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Metrologik gözegçiligi we döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrmagyň Tertibiniň talaplaryna laýylykda geçirilýär we resmileşdirilýär.

14. Meýilnama laýyklykda ilkinji gezek geçirlen gözegçilik barlagynyň (mundan beýläk- ilkinji gözegçilik barlagy) netijesinde ýüze çykarlan düzgün bozulmalar arza beriji tarapyndan 10 (on) senenama gününiň dowamynda aradan aýrylmalydyr we netijesi boýunça gözegçilik barlagyny geçiren Gullugyň garamagyndaky edarasyna resmi görnüşde habar berilmelidir.

15. Ilkinji gözegçilik barlagy geçiren Gullugyň garamagyndaky edarasy tarapyndan gaýtadan gözegçilik barlagy geçirilýär. Gaýtadan geçirlen gözegçilik barlagynyň netijeleri oňyn bolan halatynda, ykrarnamada Arza berijiniň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklygy hakynda netije çykarylýar.

16. Gaýtadan geçirlen gözegçilik barlagynda Arza beriji tarapyndan ýeterlik derejede işler geçirilmän, ilkinji gözegçilik barlagynyň netijeleri boýunça ýüze çykarlan düzgün bozulmalary aradan aýyrmak barada teklipler we görkezmeler kesgitlenen möhletde ýerine ýetirilmändigi ýüze çykarlan halatynda, Ykrarnamada Arza berijiniň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýändigi hakynda netije çykarylýar.

Gaýtadan gözegçilik barlagyny geçiren Gullugyň garamagyndaky edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan attestat şahadatnamanyň güýjüni ýatyrmak barada çözgüt kabul edilýär we şahadatnama şol pursatdan güýjüni ýitiren diýip hasap edilýär. Attestat şahadatnamanyň güýjüniň ýitirlendigi barada degişli tertipde ýörite kitapda bellik edilýär.

Gaýtadan geçirlen barlagyň netijeleri gutarnykly diýip hasap edilýär. Çözgüt 3 (üç) iş gününiň dowamynda resmi görnüşde Arza berijiniň dykgatyna ýetirilýär.

V. Attestatlaşdyrmak boýunça işleriň tölegleri

17. Attestatlaşdyrmak boýunça işleriň nyrhnamasy Gulluk tarapyndan bellenilýär.

18. Attestatlaşdyrmak boýunça barlag bilen bagly geçirilýän işleriň netijesine bagly bolmazdan, geçirlen töleg attestasiýa boýunça harajatlara degişli edilip, gaýtarylyp berilmegine degişli däldir.

VI. Jemleýji düzgünler

19. Şu Tertipde göz öňünde tutulan synag barlaghanalary attestatlaşdyrmak boýunça işleriň geçirilmegi we olaryň netijeleriniň resmileşdirilmegi Gullugyň kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

20. Şu Tertipde kesgitlenmedik ýagdaýlar ýüze çykan halatynda,


Ölçeg serişdeleri taýýarlamak,
abatlamak, deňeşdirip barlamak
we kalibrleme işleri amala
aşyrýan synag barlaghanalaryny
attestatlaşdyrmagyň Tertibine
1-nji goşundy

Taýýarlanylýan, abatlanylýan, deňeşdirip barlanylýan, kalibrlenilýän ölçeg serişdeleriniň
NOMENKLATURASY

________________________________________________________________________
Kärhananyň ady we degişli pudagy

T/B№

Işiň görnüşiniň kody (ady)
1 – taýýarlamak
2–ilkinji deňeşdirme barlag
3–döwürleýin deňeşdirme barlagy
4 – kalibrleme

5 – abatlamak

Ölçeg serişdeleri

Ölçeg serişdeleriniň kody

Ölçeg serişdeleriniň ady

Ölçeg serişdeleriniň metrologik häsiýetnamalary

Taýarlanylýan, deňeşdirip barlanylýan, kalibrlenilýän, abatlanylýan ölçeg serişdeleriniň takmynan sany (ýyldaky sany)

Ölçegleriň çäkleri

klasy, razrýady, san bölünmesi, ýalňyşlygy

hususy

beýleki kärhanalar

1

2

3

4

5

6

7

8


Gullugyň garamagyndaky edarasynyň    
metrologiýa bölüminiň başlygy ____________ ___________________________
M.Ý. (goly) (familiýasy, ady, atasynyň ady)


Ölçeg serişdeleri taýýarlamak,
abatlamak, deňeşdirip barlamak
we kalibrleme işleri amala
aşyrýan synag barlaghanalaryny
attestatlaşdyrmagyň Tertibine
2-nji goşundy


Ölçeg serişdelerini taýýarlaýan, deňeşdirip barlama, kalibrleme we abatlama işlerini amala aşyrýan metrologik gulluk birlikleri barada
MAGLUMAT

T/B № Metrologik gulluk birlikleriniň ady Ölçeg serişdeleriniň taýýarlama, deňeşdirip barlama, kalibrleme we abatlama işlerini geçirýän işgärleriň sany Bellik
1 2 3 4

Kärhananyň ýolbaşçysy (Arza beriji) ____________ ___________________________
M.Ý. (goly) (familiýasy, ady, atasynyň ady)




Ölçeg serişdeleri taýýarlamak,
abatlamak, deňeşdirip barlamak
we kalibrleme işleri amala
aşyrýan synag barlaghanalaryny
attestatlaşdyrmagyň Tertibine
3-nji goşundy


Ölçeg serişdelerini taýýarlamak, deňeşdirip barlamak, kalibrlemek we abatlamak işleriniň geçiriljek otaglar barada
MAGLUMAT

T/B № Düzüm birlikleriniň ady (bölüm, barlaghana, ammar) Otag (meýdany, inedördül m) Jaýyň laýyklyk kadalaşdyryjy resminamasy
1 2 3 4

Kärhananyň ýolbaşçysy (Arza beriji) ____________ ___________________________
M.Ý. (goly) (familiýasy, ady, atasynyň ady)




Ölçeg serişdeleri taýýarlamak,
abatlamak, deňeşdirip barlamak
we kalibrleme işleri amala
aşyrýan synag barlaghanalaryny
attestatlaşdyrmagyň Tertibine
4-nji goşundy


Ölçeg serişdeleri taýýarlama, deňeşdirip barlama, kalibrleme we abatlama işlerini ýerine ýetirýän metrologik gullugynyň hünärmenleri hakynda
MAGLUMAT

T/B № Familiýasy, ady, atasynyň ady Bilimi, hünäri Eýeleýän wezipesi Eýeleýän wezipesinde iş döwri Deňeşdirme barlaglary geçirýän hünärmenleriň şahadatnamalary barada maglumat
1 2 3 4 5 6

Kärhananyň ýolbaşçysy (Arza beriji) ____________ ___________________________
M.Ý. (goly) (familiýasy, ady, atasynyň ady)




Ölçeg serişdeleri taýýarlamak,
abatlamak, deňeşdirip barlamak
we kalibrleme işleri amala
aşyrýan synag barlaghanalaryny
attestatlaşdyrmagyň Tertibine
5-nji goşundy


Ölçeg serişdeleri taýýarlamak, deňeşdirip barlama, kalibrleme we abatlama işleri boýunça kadalaşdyryjy resminamalar bilen üpjünçilik barada
MAGLUMAT

T/B № Taýýarlanylýan, deňeşdirip barlanylýan, kalibrlenýän we abatlanylýan ölçeg serişdeleriň kodlary Taýýarlanylýan, deňeşdirip barlanylýan, kalibrlenýän we abatlanylýan ölçeg serişdeleriň ady Standartlar, tehniki şertler, abatlama boýunça gollanmalar, synag, deňeşdirme barlag we kalibrleme usulyýet görkezmeleri
1 2 3 4

Kärhananyň ýolbaşçysy (Arza beriji) ____________ ___________________________
M.Ý. (goly) (familiýasy, ady, atasynyň ady)




Ölçeg serişdeleri taýýarlamak,
abatlamak, deňeşdirip barlamak
we kalibrleme işleri amala
aşyrýan synag barlaghanalaryny
attestatlaşdyrmagyň Tertibine
6-nji goşundy


Nusgalyk ölçeg serişdeleriň we deňeşdirme barlag enjamlar bilen üpjünçiligi, ölçeg serişdeleri taýarlamak, deňeşdirip barlamak, kalibrlemek hem-de abatlamak işleri amala aşyrlanda olaryň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklygy barada
MAGLUMAT

T/B № Taýarlanylýan, deňeşdirip barlanylýan, kalibrlenilýän, abatlanylýan ölçeg serişdeleriň kodlary Taýarlanylýan, deňeşdirip barlanylýan, kalibrlenilýän, abatlanylýan ölçeg serişdeleriň ady Deňeşdirme barlag usulýetlerine we enjamlaryna degişli resminamalar Deňeşdirme barlag serişdeleriň toplumlaýynlygy (toplumyň elementiniň ady, görnüşi, zawod belgisi, metrologik häsiýetnamalary) Deňeşdirme barlag we attestat şahadatnamalary barada maglumatlar
1 2 3 4 5 6

Kärhananyň ýolbaşçysy (Arza beriji) ____________ ___________________________
M.Ý. (goly) (familiýasy, ady, atasynyň ady)







^