Hemişelik bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna


BITARAPLYK — DÜNÝÄ IÇRE BUÝSANJYM

Garaşsyzlyk ýurdumyzyň bir ganaty bolsa, hemişelik Bitaraplyk hem beýleki ganatydyr. Goşa ganatly Diýarymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ähli pudaklary mundan buýana-da ösdürip, has ýokary netijeleri gazanmagy maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan başlangyçlary dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Bu günki günde türkmen Bitaraplygy Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy dörediji ýurtdugyny Ýer ýüzüne äşgär etdi.

Ýurdumyzyň daşary diplomatiýasy parahatsöýüjilikli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, birekbirege ynanyşmak, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýaly häsiýetleri özünde jemleýär. Şeýle syýasaty alyp barýan, BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen ýeketäk ýurt hasaplanýan Türkmenistan döwletimiz dünýäde uly abraýdan peýdalanýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty diňe bir goşulyşmazlyk, goranyş häsiýetli bolman, eýsem, sebitde, yklymda parahatsöýüjiligi, asudalygy döredip, halklaryň arasynda ýüze çykyp biljek islendik meseläni parasatly çözüp bilmek ýaly aýratynlyklara eýedir. Häzirki wagtda hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäniň ençeme döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary alyp barýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin oňyn şertleri açýan ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny jaýdar belleýär. Dogrudanda, häzirki wagta çenli güneşli ülkämiz daşary ýurtlaryň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Diýarymyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar we dünýäde asudalygy pugtalandyrmakda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde öz üstüne alan borçnamalaryny birkemsiz berjaý edýär.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry diňe bir ýurdumyzyň däl, Birleşen Milletler Guramasynyň, dünýä halklarynyň taryhynda möhüm senedir. Şu ýyl bu senä 25 ýyl dolýar. Çärýek asyryň dowamynda Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara giňişliginde uly ykrarnama gazandy. Şu sebäpli hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG tarapyndan her ýylyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi. Munuň özi hemişelik Bitaraplygyň uly mana eýediginiň, Türkmenistanyň daşary diplomatiýasynyň dünýäde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Altyngözel AMANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.


“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly