Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe


MILLI KANUNÇYLYK ÖZGERTMELERI

Ylym, tehnologiýa ösýär. Adamlaryň islegleri barha artýar. Döwür bilen aýakdaş gidip, adamlaryň isleglerini kanagatlandyryp biljek kanunlar toplumynyň zerurlygy öň hatara çykýar. Munuň şeýledigini bilýän öňdengörüji döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizip, Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça başlangyjy öňe sürdi. 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Konstitusion topar döredildi. Bu toparyň düzüminiň tassyklanmagy, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berýär.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna giriziljek üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň, esasan, döwletimiziň demokratik hukuk gurluşynyň esaslaryny has hem berkitmeklik bilen bagly bolup, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ösüş ýoluny häsiýetlendirýän ynsanperwerlik hemde adalatlylyk ýörelgelerine eýerýändigini belleýär. Şeýle hem bu möhüm Konstitusion özgertmeleriň kanun çykaryjy edarany iki palataly ulgama geçirmek baradaky dünýä döwletleriniň öňdebaryjy tejribesini öz içine aljakdygyny nygtaýar.

Konstitusion toparyň döredilenine kän wagt geçmänkä, 2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda, 4-nji dekabrynda hem-de 2020-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň mejlisigeçirilip, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda » Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasytaýýarlandy. Şeýle hem Konstitusion toparyň 3-nji mejlisinde bu toparyň öňünde durýan wezipeler anyk kesgitlendi. Bu wezipeleri ýerine ýetirmekde geçirilýän işler, amala aşyrylýan kanunçylyk- hukuk özgertmeleri jemgyýetiň hem döwletiň baş baýlygy bolan adamyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilendir. Konstitusion özgertmeler hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ilki bilen, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini has gowy guramaga, parlamentiň ornuny ýokarlandyrmaga we ygtyýarlyklaryny giňeltmäge ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz Konstitusion toparyň 3-nji mejlisinde Konstitusion topara gelip gowuşýan teklipleri we iki palataly parlamenti bolan ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, Milli Parlamenti — Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň kanun çykaryjy palatasyny — Mejlis, wekilçilikli palatasyny — Halk Maslahaty diýip atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle hem Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň 56 adamdan ybarat bolup, her welaýatdan we Aşgabat şäherinden deň derejede 8 adamyň Halk Maslahatynyň düzümine gizlin ses bermek arkaly welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň degişli mejlislerinde saýlanylmalydygyny aýtdy. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz baý durmuş tejribesi bolan, döwlet we jemgyýetçilik işleriniň dürli ugurlarynda aýratyn hyzmatlary bitiren, uly abraýly raýatlaryň arasyndan bu düzüme 8 agzany Türkmenistanyň Prezidentiniň bellemelidigini, Halk Maslahatynyň agzalygyna 30 ýaşy dolan, ýokary bilimli, soňky on ýylyň dowamynda ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty 5 ýyl möhlet bilen saýlansa hem bellense, maksada laýyk boljakdygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň Konstitusion hukuklaryny kämilleşdirmekde, milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işini döwrebaplaşdyrmakda alyp barýan beýik işlerihemişe rowaç bolsun!

Sähetmyrat BEGENJOW,
«Standart, hil we howpsuzlyk».