Düzgünleriň, düzgünnamalaryň, gollanmalaryň, usulyýet görkezmeleriniň, kadalaryň we maslahatlaryň işlenilip düzülmeginiň, kabul edilmeginiň, bellige alynmagynyň, şeýle hem üýtgedilmeginiň we ýatyrylmagynyň Tertibi


«TÜRKMENSTANDARTLARY»
BAŞ DÖWLET GULLUGY

BUÝRUK
  MAIN
STATE SERVICE
«TURKMENSTANDARTLARY»

ORDER
 
«27.04.2020 ý.»   «№133-iş»

Düzgünleriň, düzgünnamalaryň, gollanmalaryň, usulyýet görkezmeleriniň, kadalaryň we maslahatlaryň işlenilip düzülmeginiň, kabul edilmeginiň, bellige alynmagynyň, şeýle hem üýtgedilmeginiň we ýatyrylmagynyň Tertibini tassyklamak hakynda


«Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynyň ikinji böleginiň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Düzgünleriň, düzgünnamalaryň, gollanmalaryň, usulyýet görkezmeleriniň, kadalaryň we maslahatlaryň işlenilip düzülmeginiň, kabul edilmeginiň, bellige alynmagynyň, şeýle hem üýtgedilmeginiň we ýatyrylmagynyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni, bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary gözegçilik etmeli.



Başlyk   M.Hojagulyýew