STANDARTA LAÝYKLYK


STANDARTA LAÝYKLYK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwerlige we dost-doganlyga ýugrulan daşary syýasaty dünýä döwletlerinden getirilýän ýa-da biziň ýurdumyzyň çäginden çykarylýan önümleriň ýokary hilli, adam saglygyna we daşky gurşawa howpsuz bolmagyny döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklamagy talap edýär. Ýurdumyzda bu işleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy resminamalar hereket edýär.

Şu babatda Balkan welaýatynyň «Türkmenstandartlary » döwlet gullugynyň Merkezi barlaghanasynyň Türkmenbaşy şäherindäki önümleriň hiline synag geçiriş bölüminde bellenilen talaplara laýyklykda ygtybarly we netijeli synag işleri alnyp barylýar.

Barlaghanamyzda gurluşyk, nebit, polipropilen we polietilen önümlere synag işleri geçirilip, polipropilen önümleriň süýnmesi, eremesi, saralmasy we berkligi anyklanýar. Nebit önümleriň ýalpyldama temperaturasynyň aýratynlygy, kinematik süýgeşikliginiň görkezijileri kesgitlenilýär.

Bölümimizde awtomobil benzininiň, dizel ýangyjynyň reňkini, kükürdini, fraksion düzümini anyklamak ýaly birnäçe synag işleri hem ýerine ýetirilip, olar döwrebap enjamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Häzirki döwürde barlaghananyň maddy enjamlaýyn we tehniki binýady has-da pugtalandyrylyp, Fransiýa, Ispaniýa, Türkiýe, Beýik Britaniýa, Awstriýa ýaly dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Olardan Ispaniýanyň «Crison » kompaniýasynyň «GLP 21» kysymly pH-metr enjamy nebit önümleriň turşulyk we aşgarlyk derejesini, wodorod ionlaryň işjeňligini kesgitlemekde ulanylyp, önümiň temperaturasy ölçenilýär. Magnitli garyjy bilen üpjün edilen bu enjam nebit önümlerinden başga- da oba hojalygy, himiýa we derman senagaty ýaly ulgamlarda hem giňden peýdalanylýar.

Fransiýa döwletinde öndürilen «Foundry- Master Pro» kysymly enjam arkaly polat we polat önümleriň himiki düzümi seljerilýär. Ýaponiýanyň «Mitsubishi » kompaniýasynda öndürilen, doly awtomatlaşdyrylan «CA-200» kysymly enjamyň kömegi bilen nebit we nebit önümleriň düzümindäki suwuň mukdary Karl Fişeriň usulynda anyklanýar. Geçirilen synagyň netijesiniň teswirnamasyny ýadynda saklap, olary çap etmek mümkinçiliginiň bolmagy bu enjamyň esasy aýratynlygydyr.

Şeýle enjamlaryň ýene biri Fransiýa döwletiniň «Normalab » kompaniýasynyň «NPM 450» kysymly enjamydyr. Onuň kömegi bilen nebit önümleriň hil görkezijisi bolan ýalpyldama temperaturasyny ýapyk tigelde ýokary takyklykda kesgitläp bolýar. Doly awtomatlaşdyrylan bu enjamyň gyzdyryş çägi 0o-410oC dereje aralygynda üýtgeýär. Ol ölçegleriň netijelerini, usullaryny ýadynda saklap, geçirilen synagyň teswirnamasyny çap etmäge we internet arkaly gerekli ýerlere ugratmaga mümkinçilik berýär.

Özleriniň ukyp-başarnyklaryny has-da artdyrmak, işlerine döredijilikli çemeleşmek maksady bilen barlaghanamyzda zähmet çekýän hünärmenlerimiz «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Türkmen standartlar maglumat merkezinde okuw maslahatlaryna gatnaşyp, hünär ussatlygyny barha kämilleşdirýärler. Çünki synag işleriniň öz wagtynda we takyk amala aşyrylmagy biziň baş maksadymyzdyr. Sabyr SABYROW, Balkan welaýatynyň «Türkmenstandartlary » döwlet gullugynyň Merkezi barlaghanasynyň Türkmenbaşy şäherindäki önümleriň hiline synag geçiriş bölüminiň başlygy.

Sabyr SABYROW,
Balkan welaýatynyň «Türkmenstandartlary » döwlet gullugynyň Merkezi barlaghanasynyň Türkmenbaşy şäherindäki önümleriň hiline synag geçiriş bölüminiň başlygy.