HALKARA ZENANLAR GÜNÜNE WE MILLI BAHAR BAÝRAMYNA


HALKARA ZENANLAR GÜNÜNE WE MILLI BAHAR BAÝRAMYNA

Nowruz baýramy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, tutuş adamzat jemgyýetçiliginiň, dünýä halklarynyň umumy baýramy. Birleşen Milletler Guramasynyň 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmegi bilen, baharyň gelendigini buşlap, tebigatyň janlanýandygyny alamatlandyrýan, halklaryň arasyndaky dostluk-doganlygy pugtalandyryp, parahatçylygy dabaralandyrýan baýram hökmünde dünýä ýüzünde her ýyl uludan bellenilýär. Güneşli ülkämizde Nowruz baýramy şatlyk-şowhuna, aýdym-saza beslenip, uly ruhubelentlik bilen garşylanýar.

Türkmençilikde Nowruz adatça semene bilen garşylanýar. Munuň aňyrsynda uly many bar. Semene baharyň buşlukçysy bolup, gök maýsadan taýýarlanýar. Ol ýurdumyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize ýagşy arzuwlar, dogaýy dilegler edilip, geljek ýyllaryň hem rysgal-bereketli bolmagy üçin goňşy-golama paýlanýar. Semene ynsan saglygyna peýdaly bolup, düzümi dürli witaminlere baýdyr.

Päk arzuwlaryň, ýagşy umytlaryň sakasy hökmünde bellenilýän Nowruz baýramy dünýä halklarynyň, şeýle-de türkmen halkynyň medeniýetini, milli däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemläp, umumadamzadyň medeni ösüşine uly goşant goşýar. Şu sebäpli Nowruzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, onuň dünýä halklaryny jebisleşdirýändiginiň subutnamasydyr.

Nowruz baýramy parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ynsanperwerligiň halkara baýramy bolup, öz taryhy köklerini has gadymyýetden alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyz Nowruzyň türkmenleriň gadymdan gelýän milli baýramydygyny belläp, halkymyzyň kalbynda we hakydasynda ýaşap gelen bu baýramyň ata-babalarymyz tarapyndan täze ýylyň başlanmagy hökmünde baýram edilendigini nygtap geçýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda bu milli bahar baýramy täze mazmuna eýe bolup, mähriban halkymyzy döredijilikli zähmet çekip, ýurdumyzyň abraýyny has-da belende götermäge ruhlandyrýar. Bilşimiz ýaly, Nowruzyň öňüsyrasynda ýurdumyzda ak saçly enelerimiziň, eziz uýalarymyzyň, bägül dek görkana gelin-gyzlarymyzyň ajaýyp bahar baýramy bolan 8-nji mart — Halkara zenanlar güni bellenilýär. Bu baýramda mähriban zenanlarymyza tüýs ýürekden çykýan gutlaglar aýdylyp, süýji arzuwlar edilýär. Olaryň şanyna baýramçylyk duşuşyklary, aýdym-sazly konsertler guralýar. Şahyrlarymyz türkmen zenanlaryny taryplap goşgy goşsa, bagşylarymyz aýdym joşýar.

Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen zenanlaryna goýulýan hormat-sarpa täze röwşe eýe bolup, olaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň kämilleşdirilmegine, döwrebap bilim alyp, önjeýli zähmet çekmegine hem-de döwletimiziň ösüşine goşant goşmagyna uly ähmiýet berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda baky bagta ýeten türkmen gelin-gyzlaryny Zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň her bir gününiň uly üstünliklere we rowaçlyklara beslenmegini, ýürek arzuwlarynyň, maksat-myratlarynyň Nowruz baýramynda hasyl bolmagyny arzuw edýäris! Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hak howandary milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Welmyrat AMANOW,
Türkmenistanyň halk artisti.