BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ ÝOLY


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ ÝOLY

2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagy ýöne ýerden däldir. Çünki Türkmenistan diýlende, hemişelik Bitaraplyk göz öňüne gelýär. Bitaraplyk diýlende, asuda asmanly, parahat ýurtly, halkyny uly ösüşler bilen hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllyk toýuna ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagly diýarymyz göz öňüne gelýär.

Mundan 25 ýyl owal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde 185 döwletiň biragyzdan ses bermegi bilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan güneşli ülkämiz bu günki gün özüni dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy döretmekde, durnukly we gülläp ösüşi üpjün etmekde, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn deňhukukly gatnaşyklary ösdürmekde ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen parasatly ýörelgesine eýerýän hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz dünýä halklary bilen özara bähbitli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, sebitde, dünýäde parahatçylygy üpjün etmek esaslaryna daýanýar.

2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasynyň 2-nji gezek gaýtadan kabul edilmegi, milli Liderimiziň ýöredýän oňyn daşary syýasy strategiýasynyň belent dabaralanmasydyr. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara abraýly guramalary hem-de dünýäniň ençeme döwletleri bilen halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşygy ýola goýup, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.

Türkmen Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, dünýä halklarynyň umumy baýramy we gymmatlygydyr. Bu babatda mähriban Arkadagymyz türkmen Bitaraplygynyň parahatçylygyň, ähli halklaryň dostluk, doganlyk ýoludygyny, onuň diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütindünýä bileleşiginiň gymmatlygydygyny nygtap geçýär. Hut şonuň üçin 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabr «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi.

2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy uly şatlyk-şowhun, aýdym-sazly dabaralar bilen bellenip geçiler. Her bir şanly senä, milli toý-baýramlara zähmet sowgady bilen barmak, indi asylly däbe öwrüldi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyny mynasyp garşylamak maksady bilen biz hem «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň we onuň garamagyndaky edaralaryň agzybir işgärleri bolup, hormatly Prezidentimiziň biziň öňümizde goýýan wezipe-borçlaryny birkemsiz berjaý edip, öndürilýän harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiliniň, howpsuzlygynyň bellenilen talaplara laýyk gelmegini üpjün etmekde ähli tagallalary gaýgyrmarys.

Bägül GAIPOWA,
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň uly döwlet inspektory, ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.