Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatda ygtyýarnamanyň dalaşgärlerini hünär synagyndan geçirmegiň TERTIBI


«TÜRKMENSTANDARTLARY»
BAŞ DÖWLET GULLUGY

BUÝRUK
  MAIN
STATE SERVICE
«TURKMENSTANDARTLARY»

ORDER
 
«02.04.2020 ý.»   «№104-iş»

Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatda ygtyýarnamanyň dalaşgärlerini hünär synagyndan geçirmegiň Tertibini tassyklamak barada


“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 3-nji iýulynda çykaran 10501-nji karary bilen tassyklanylan, Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 20-nji noýabrynda çykaran 11357-nji karary bilen tassyklanan, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy hakynda Düzgünnamalara laýyklykda, buýurýaryn:

1. Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatda ygtyýarnamanyň dalaşgärlerini hünär synagyndan geçirmegiň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buyrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary gözegçilik etmeli.



Başlyk   M.Hojagulyýew