Zähmetiň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy


ZÄHMETIŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Her bir iş ornunda zähmet howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmegi derwaýysdyr. Zähmeti goramak — munuň özi zähmet işiniň barşynda işgärleriniň ömrüniň we saglygynyň howpsuzlygyny üpjün ediş ulgamydyr, oňa hukuk, durmuş-ykdysady, guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we beýleki çäreler hem-de serişdeleri girýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň deňsiz-taýsyz tagallalary arkaly ýurdumyzyň sebitlerinde, şol sanda, Lebap welaýatynda hem kämil tehnologiýalara daýanýan häzirki zaman kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar. Olaryň hatarynda Türkmenabadyň halkara howa menzilini, welaýat köp ugurly hassahanasyny, orta mekdepleri, çagalar baglaryny, medeniýet öýlerini görkezmek bolar. Olarda işlemeli adamlaryň zähmetini goramak, tehniki howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmegini gazanmak ýaly möhüm meseleler hem utgaşykly çözülýär. Gullugymyzyň işgärleri gurulýan we durky täzelenýän desgadyr binalarda ornaşdyrylýan tehnologik usullaryň hem-de enjamlaryň taslamalarynyň zähmeti goramagyň talaplaryna laýyk gelmegi üçin tehniki seljermäni yzygiderli geçirýärler. Şeýle çäreler ýüze çykarylýan kemçilikleri gysga wagtda aradan aýyrmaga gönükdirilýär. Bu bolsa ol ýerlerde zähmet çekýän adamlaryň saglygyny ygtybarly goramaga, olar üçin amatly iş şertlerini döretmäge mümkinçilik berýär.

Edara-kärhanalarda betbagtçylykly hadysalar ýüze çykan halatynda, gullugymyz tarapyndan «Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň Tertibine» laýyklykda zerur işler alnyp barylýar. Iş beriji tarapyndan önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalar derňelende we hasaba alnanda, şu Tertibiň talaplarynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýarys. Bu babatda anyk netijeleri ýüze çykaryp, olaryň edaralar, iş beriji tarapyndan hökmany suratda ýerine ýetirilmegini gazanýarys. Önümçilik kärhanalarynda we edara-guramalarda bu meseleler boýunça okuw maslahatlary öwüt-ündew çärelerini geçirmek bilen utgaşykly guralýar. Olarda ady agzalan Tertipde bellenilenleriň eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, garamazdan, ähli kärhanalar, edaralar, guramalar, şeýle hem edara görnüşli tarapy döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan, hakyna tutma zähmeti ulanýan şahsy taraplar üçin ýerine ýetirilmeginiň hökmanydygy aýratyn nygtalýar. Işleriň şeýle tertipde guralmagy önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň ýüze çykmagyny duýdurmakda we olaryň öňüni almakda ähmiýetli bolýandygyny iş tejribämiz aýdyň tassyklaýar.

Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini gazanmak arakesmäni bilmeýän, üznüksiz işdir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bedew bady bilen okgunly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýşynyň täze hil derejesini gazanmak syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirmek, döwletimiziň baş baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak her bir edara-kärhananyň ýolbaşçysynyň, her bir işgäriniň jana-jan borjudyr. Şonda zähmetiň howpsuz bolmagy üpjün ediler. Howpsuz zähmet bolsa ömürleriň rahatlygydyr, abadan ýaşaýyşdyr.

Kerim KERIMOW,
Lebap welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň
zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň başlygy.