IONIZIRLEÝJI ŞÖHLELENMELER ULANYLANDA


IONIZIRLEÝJI ŞÖHLELENMELER ULANYLANDA

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň ömrüni we saglygyny goramak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Zähmeti goramak baradaky düzgünnamalaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi işgäriň ömrüni we saglygyny hem-de işe ukyplylygyny goramaga, iş öndürijiligini artdyrmaga, şeýle hem, girdejini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Emma islendik ulgamyň dogry hereket etmekligi üçin ýörite gural gerek bolýar. TDS 12.0.002-80 belgili «Adalgalar we kesgitlemeler» atly kadalaşdyryjy resminamasynda bellenilişi ýaly, tehniki howpsuzlyk – bu işgärlere howply önümçilik faktorlarynyň bolan täsiriniň öňüni alýan ýa-da azaldýan guramaçylyk çäreleriniň, tehniki serişdeleriniň we usullarynyň jemi bolmak bilen, önümçilikde zähmeti goramagyň esasy guraly bolup çykyş edýär. Welaýatymyzyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölümi tarapyndan edara-kärhanalarda alnyp barylýan işlerde zähmeti goramak boýunça degişli düzgünleriň, kadalaryň ýerine ýetirilişi barada yzygiderli ýygnaklar, duşuşyklar gurnalýar. Şeýle hem nebitgaz pudagyna degişli edara-kärhanalarda zähmeti goramak meselesine we tehniki howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik edilýär.

Häzirki wagtda nebit we gaz guýulary burawlananda, sementleme işleri geçirilende, şeýle-de dürli geofiziki barlaglar we karotaž işleri alnyp barlanda, ionizirleýji şöhlelenmeleriniň dürli materiallardan geçip bilýändigi netijesinde alyp bolýan maglumatlardan giňden peýdalanylýar. Ionizirleýji şöhlelenmeler diýlip, gurşaw bilen täsirleşmeginde dürli belgili elektriki zarýadlaryň emele gelmegine getirýän şöhlelenmelere aýdylýar. Ionizirleme ukybyna atom bölejikleriň akymlary (λ, β elektronlar, protonlar, neýtronlar we başgalar), elektromagnit şöhlelenmeleri (γ rentgen we başgalar) eýedir. Sanalyp geçilen bölejikleriň akymlarynyň we elektromagnit şöhlelenmeleriň arasynda radioaktiw çeşmeleri bolan maddalar hem bolup biler we bu şöhlelenme iň howplusydyr.

Radioaktiw şöhlelenmeleriň täsiri netijesinde ýiti ýaralanma ýa-da daşlaşan netijeler bolup bilýär. Ýiti ýaralanmalara şöhle ýanyklary, ýiti we ötüşen şöhle syrkawçylyklary degişlidir. Teniň çäklenen böleklerine şöhlelenmäniň uly dozalarynyň gysga wagtlaýyn täsir etmeginde ol ýerde deriniň ýeňil pigmentasiýasy we tozanlamagy, saç dökülmesi ýaly ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Adam bedeniniň tutuş şöhlelenmeginde ýiti şöhle syrkawçylygy görnüşinde güýçli ýaralanma döreýär.

Şöhlelenmäniň daşlaşan netijeleri somatiki we genetiki häsiýete eýedir. Somatiki netijelere howply emele gelmeler, leýkemiýa, kataraktlaryň döremegi, ýaşaýşyň dowamlylygynyň gysgalmagy degişlidir. Genetiki häsiýetler bolsa syrkawçylygyň ýygy-ýygy gaýtalanmasyna, embrionlaryň ýok bolmagyna, maýyp çaganyň dogulmagyna we ýaşaýşynyň dowamlylygynyň gysgalmagyna getirýär. Radioaktiw howplulyk belgisi öň «üç ýaprakly ösümlik» (1-nji surat) görnüşinde beýan edilýärdi. Has düşnükli bolmagy we köpler tarapyndan kabul edilmegi üçin oňa 2007-nji ýylda «ölüm howply» hem-de «git» belgileri goşuldy (2-nji surat).

     
  (1-nji surat)   (2-nji surat)  

Ionizirleýji şöhlelenmeler bilen işlenende, tehniki howpsuzlyk kadalary hökmany suratda berjaý edilmelidir. Her bir radioaktiw çeşmesini onuň şahsy tehniki ulanyş pasportynda görkezilen aýratynlygyna laýyk gelýän şertlerde we ýagdaýlarda saklamak, daşamak hem-de ulanmak zerurdyr. Bu radioaktiw çeşmeler haýsydyr bir iş görnüşinde ulanylýan bolsa, şol işler öz tehniki howpsuzlyk gözükdirmesi esasynda ýerine ýetirilmelidir.

Radioaktiw howpsuzlygyna gönükdirilen tehniki howpsuzlyk kadalarynyň doly we dogry ýerine ýetirilmegi netijesinde, adamy oňa zyýanly täsir edip biljek ionizirleýji radioaktiw çeşmeleriniň täsirinden gorap bolýar. Şonuň üçin oňyn netijeleri gazanmak üçin bu ugurda zähmet çekýänleriň arasynda degişli gözükdirmeleriň we okuwlaryň öz wagtynda geçirilmegi wajypdyr.

Akmyrat HOJAÝEW,
Balkan welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň
zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň başlygy.
Bazargylyç NAZAROW,
Balkanabat şäher häkimliginiň hünärmeni.