«TÜRKMENSTANDARTLARY»
baş döwlet gullugy

19.06.2014

MAC habarlary


Standartlaşdyryş boýunça sebitara assosiasiýasynyň (MAC) V Tehniki geňeşiniň mejlisi we MAC-yň Baş Assambleýasynyň 23-nji mejlisi

2014-nji ýylyň 16‒18-nji iýunynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde 9 ýurduň wekilleriniň, şol sanda Gazagystan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginiň Tehniki düzgünleşdiriş we metrologiýa Komitetiniň Tehniki düzgünleşdiriş müdirliginiň başlygy G.B.Meýpbaýewanyň hem-de Gazagystanyň standartlaşdyryş we sertifikatlaşdyryş institutynyň wekilleri G.A.Lesbekowyň we K.T.Kalauowyň gatnaşmaklarynda MAC-yň V Tehniki geňeşiniň mejlisi we MAC-yň Baş Assambleýasynyň 23-nji mejlisi bolup geçdi.

MAC-yň Baş Assambleýasynyň mejlisinde MAC-yň şu aşakdaky standartlary tassyklanyldy:

1) Gözellik salonlarynyň we dellekhanalaryň hyzmatlary. Umumy tehniki şertler (işläp düzüji ‒ Gazagystan Respublikasy);

2) MAC-yň sebitara standartlaryny işläp düzmegiň, resmileşdirmegiň, kabul etmegiň, ulanmagyň we ýaýratmagyň düzgünleri (işläp düzüji ‒ Moldowa Respublikasy).

“23 ýylyň dowamynda MAC-yň ilkinji standartlarynyň kabul edilmegi taryhy pursatdyr. Munuň özi ýurtlaryň arasynda ylmy-tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, hyzmat we haryt çalşygyny ýeňilleşdirmek, sertifikatlaşdyrmakda, standartlaşdyrmakda, metrologiýada, kalibrlemekde we akkreditirlemekde hyzmatdaşlyga ýardamçylyk maksatlary üçin zerur bolan infrastrukturadyr”diýip, Türkiýäniň standartlar institutynyň we MAC-yň prezidenti Hulýusi Şentýurk belläp geçdi.

Şeýle-de, mejlisiň barşynda Moldowanyň hil we metrologiýa çäginde professional assosiasiýasynyň synçy agzasy hökmünde MAC-a agza bolup girmek baradaky soragyna seredildi.

Sebitara Assosiasiýasynyň saýty


Geljekki sahypa: Habarlaşmak üçin
Öňkii sahypa: Habarlar