Standartlaşdyrmak


STANDARTLAŞDYRMAK -
halkara hyzmatdaşlygyny we hili üpjün etmegiň ýörelgesidir

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny önümçilige giňişleýin ornaşdyrmak, halkara ykdysady ulgamlaryna goşulyşmagy çaltlandyrmak hem-de kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle ýörelgeden ugur alyp, standartlaşdyrmak işini durmuşa geçirmek möhüm wezipe bolup durýar. Sebäbi, yzygiderli gaýtalanýan önümleriň, işiň we hyzmatlaryň içinden has kämilini we ykdysady taýdan amatlysyny saýlap tapmak standartlaşdyrmagyň esasy maksatlarynyň biridir. Standartlaşdyrmak işiniň halkara derejesine çykarylmagy 1875-nji ýylyň 20-nji maýynda Pariž şäherinde çagyrylan diplomatiki konferensiýanyň Metriki konwensiýasyny kabul etmegi bilen başlanýar. Onda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň miwesi bolan fiziki ululyklaryň birlikleriniň bitewi ölçegleri we atlandyrylyşy standartlaşdyrylan görnüşe getirildi.

Standartlaşdyrmak – standartlary işläp düzmek, önümçilige ornaşdyrmak we berjaý edilişine gözegçilik etmek bilen bir hatarda, ykdysadyýetde we bazarlarda bäsleşige ukyplylygyň, şeýle-de, öndürijiniň, sargytçynyň hem-de satyjynyň netijeli hyzmatdaşlygyny gazanmagyň guraly bolup hyzmat edýär. Dürli ýurtlarda öndürilýän şol bir meňzeş önümleriň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň özara çalyşmasyny halkara derejede üpjün edýän sazlaýjy standartlara zerurlyk döreýär. Şonuň üçin 1946-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Londonda geçirilen standartlaşdyrmak boýunça milli guramalaryň konferensiýasynda kabul edilen çözgüdiň esasynda Halkara standartlaşdyrmak guramasy ISO (International Organization for Standartization) döredilýär. Bu gurama 1947-nji ýyldan şu güne çenli hereket edýär. ISO we 1906-njy ýylda döredilen «Halkara elektrotehniki topary» (HET) - (International Electrotechnical Comission-IEC) guramasy özara hyzmatdaşlygy saklaýar. Dünýä ykdysadyýetinde standartlaşdyrmagyň wajyplygyny nygtamak üçin 1970-nji ýylda ISO-nyň şol wagtky prezidenti her ýylyň 14-nji oktýabryny Bütindünýä standartlaşdyrmak güni (World Standards Day) hökmünde belläp geçmekligi teklip edýär. Şoňa görä, her ýylyň 14-nji oktýabrynda standartlar gününe bagyşlanan baýramçylyk aýratyn şygar bilen dünýä derejesinde geçirilýär. Mysal üçin, 2018-nji ýyl «Halkara standartlary we dördünji senagat rewolýusiýasy» diýen şygara eýe boldy.

Ylmyň we tehnikanyň çalt ösmegi bilen gazanylan netijeleriň gysga wagtda önümçilige ornaşdyrylyp, täze önümleriň, hyzmatlaryň döredilmegi degişli standartlaryň milli we halkara derejesinde taýýarlanmagyny talap edýär. Şeýle çagyryşlara jogap edilip, döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ISO standartlary taýýarlanylýar. Olara Bioenergetikanyň ISO 13065: 2015 halkara standarty bilen durnukly ösüş, Maglumat howpsuzlygy ugrunda töwekgelçilige garşy ISO/IEC 27001 halkara standarty we beýlekiler degişlidir. Ýöne bulara garamazdan, «dördünji senagat rewolýusiýasynyň» dowamynda döreýän meseleleriň çözgüdini kadalaşdyrýan milli, halkara standartlaryny taýýarlamak öňde durýan wezipeleriň biri hasaplanýar. «Dördünji senagat rewolýusiýasy» önümçilige, adamlaryň durmuşyna, zähmetine we dynç alşyna kiberfiziki ulgamyň ornaşdyrylmagyny hem-de maglumat tehnologiýasynyň we senagatyň özara täsirleşmesinde döreýän doly sanlaşan senagatyň ýüze çykmagyny aňladýar. Kiberfiziki ulgama esaslanýan öňdebaryjy tehnologiki ugurlarda önümleri ýa-da hadysalary 3D modelirlemek usullaryny hem-de öz aralarynda kompýuter arkaly täsirleşýän özbaşdak robotlary ulanmak kämil standartlaryň bolmagyny talap edýär.

2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda «dördünji senagat rewolýusiýasynyň» dowamynda döreýän meseleleri çözmegiň institusional we hukuk binýadyny döretmegiň möhümliginden ugur alýan we täze işlenip taýýarlanýan maksatnamada Türkmenistanyň Maglumat tehnologiýalary merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. «Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda ýurdumyzyň halk hojalygynda ulanylýan könelişen döwlet standartlaryny ISO/IEC halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk getirmek we ylmy-tehniki ösüşi nazarlaýan görnüşde döwrebaplaşdyrmak hem-de täzelerini taýýarlamak işi üstünlikli alnyp barylýar. Olara TDS 712-2010 «Pagta süýümi. Tehniki şertler», TDS 600-2016 «Jins nah matalar. Tehniki şertler», TDS 715-2011 «Ýüpek panbarhat matalary. Tehniki şertler» standartlar mysal bolup bilýär.

Haryt bolçulygy döredilen bazarda önümleriň hiline ýokary talaplar bildirilýär. Munuň özi kämil hil ulgamynyň bolmagyny talap edÿär. Şulardan ugur alyp, hiliň ähmiýetini belende galdyrmak hem-de hil meselesine garaýşy işjeňleşdirmek üçin, Ýewropanyň hil guramasynyň (European Organization for Quality, EOQ) hil barlagy baradaky Amerikan jemgyýetiniň we beýlekileriň başlangyjy bilen BMG-niň goldamagynda Bütindünýä hil güni esaslandyrylýar. 1990-njy ýylda tassyklanylan Bütindünýä hil güni ( World Quality Day) her ýylyň noýabr aýynyň ikinji penşenbesinde bellenip geçilýär. Ýurdumyzda hereket edýän bäsleşige ukyply hil ulgamy hormatly Prezidentimiziň geçirýän syýasy, ykdysady özgertmeleriniň esasynda ýylsaýyn kämilleşýär. Şonuň netijesinde önümleriň hiline, howpsuzlygyna hem-de daşky gurşawa zyýansyzlygyna bildirilýän ISO-9001 we ISO- 14000 halkara standartlaryň talaplaryna laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa önümler öndürilip, ýurdumyzyň içinde sarp edilýär we eksporta çykarylýar.

Aşyrmyrat ÝAGŞYGELDIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
uly mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.