ÖNÜMIŇ HILI ÝOKARY BOLANDA


ÖNÜMIŇ HILI ÝOKARY BOLANDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işlere badalga berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda öňdebaryjy kämil tehnologiýaly önümçilik desgalary gurlup, işe girizilýär. Ýurdumyzda bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleriň öndürilişi ýylsaýyn ýokarlanýar.

Mary welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň hünärmenleri diňe döwlet edara-kärhanalarynda däl, eýsem, eýeçiligiň hususy telekeçilik ulgamynda hem ýerine ýetirilýän işleriň, hyzmatlaryň, öndürilýän önümleriň hiliniň bellenilen standartlara laýyk gelýändigini berk gözegçilikde saklaýarlar. Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän hususy kärhanalar gullugymyz bilen sazlaşykly işläp, ýokary hilli önimleri öndürýärler.

Oguzhan etrabynyň Deňizhan şäherçesinde ýerleşýän üç gektar meýdany eýeläp oturan «Agaýana» hususy kärhanasy şeýle önüm öndürijileriň hatarynda tanalýar. 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda işe girizilen bu zawod ýurdumyzda DSP öndürýän ilkinji kärhanadyr.

Esasy çig malynyň 70 göterimi gowaça çöpüdir guran agaç galyndylaryndan ybarat bolan DSP önümleri turuwbaşdan alyjylaryň arasynda uly isleg döredip başlady. 57 işgäri özünde jemleýän döwrebap zawodyň hünärmenleridir işçileri öndürilýän önümleriň hiliniň hemişe ýokary we bäsleşige ukyply bolmagyny gazanýarlar. Zawodda uzynlygy 2750 millimetr, ini 1830 millimetr, galyňlygy 8 millimetrden 24 millimetre çenli ölçegdäki DSP önümleri öndürilýär.

Olar laminirlenen (öl geçmezlik üçin daşy örtülen) görnüşde hem öndürilýär. Bu önümler, esasan, üçekleri we diwarlary örtmäge niýetlenendir. Şeýle hem, mebelleriň dürli görnüşlerini öndürmekde, tekje we gapy ýasamakda, germewleriň gurluşygynda, jaýlary bezemekde ulanylýar. Öňdebaryjy tehnologik enjamlary bilen abzallaşdyrylan zawod bir ýylda 20 müň kub metrlik önüm öndürmäge ukyplydyr.

Bu ýerde öndürilýän önümler zawodyň özünde hereket edýän attestatlaşdyrylan synag barlaghanasynyň hünärmenleri tarapyndan döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyklykda göwnejaý barlagdan geçirilýär. Zawodyň önümleri TDS-10632-2014 belgili standarta laýyk gelýär. Zawodyň öndürýän önümleriniň hili welaýatymyzyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Döwlet barlaghanasynyň gurluşyk we metal önümlerini synagdan geçiriş bölüminde galyňlygy, ini, çyglylygy, galyňlygy boýunça çişmesi ýaly görkezijileri esasynda synagdan geçirilýär. Kärhananyň işgärleriniň birleşen tagallasy we gullugymyzyň berk gözegçiligi ýola goýmagy öndürilýän DSP-leriň ekologiýa taýdan arassa, hiliniň ýokary bolmagyna mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Çarymyrat Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän «Agaýana» hususy kärhanasynyň ýokary hilli önümleri Özbegistan Respublikasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna eksport edilýär. Önümiň hili ýokary bolanda, onuň importyň ornuny tutjakdygy we daşary ýurtlarda-da uly islegi döretjekdigi şeksizdir.

Erkin MAWYÝEW,
Mary welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet
gullugynyň Şatlyk bölüminiň döwlet inspektory.