Arça jäjegi bilen owadan


ARÇA JÄJEGI BILEN OWADAN

Bütin dünýäde uly sabyrsyzlyk bilen garaşylyp ýetilýän, şowhun-şagalaňly bellenilýän Täze ýyl baýramy türkmen halkynyň hem iň mynasyp garşy alýan baýramy. Baýramyň gelýändigini buşlaýan plastmassadan ýasalan aýazbabalaryň, emeli arçalaryň, olaryň bezegi üçin ulanylýan jäjekleriň ynsan saglygyna howpsuzlygy ugrunda uly aladalar edilýär. Bu babatda Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Merkezi barlaghanasynyň himiki-toksikologiki bölümi ygtybarly işleri durmuşa geçirýär.

Bölümde oýnawaçlar, plastmassadan önümler, gap-gaçlar, kagyz önümleri we beýlekiler bilen bir hatarda emeli arçalar, aýazbabalar, olara dakylýan jäjekler synag edilýär. Jäjekleriň synagynda şular ýerine ýetirilýär:

Önümiň gyzgyn suwa durnuklylygy.

Önüm 60ºС temperaturaly gyzgyn suwuň içine çümdürilip, 10-15 minut saklanylýar. Soňra önüm suwdan çykarylyp sowadylýar we doly guraýança süpürilýär. Synag geçirilenden soň, önümde göze görnüp duran üýtgemeler, ýagny reňk gopmalar, çişmeler, çat açmalar we şuňa meňzeşler bolmaly däldir. Içindäki we daşyndaky suwuň reňki üýtgemeli däldir.

Reňk berijiniň migrasiýasy (önümiň reňkleriniň solup-solmazlygy).

Önüm ýapyk reňkli bolsa, 30-40ºС temperaturaly suw bilen öllenen ak reňkli nah mata ýa-da pamyk tampon (ýaranyň ganamasyny ýa-da iriňlemesini kesmek üçin dakylýan sterilizirlenen bölejik hasa) bilen, ýagty reňkli bolsa, gara reňkli nah mata bilen bäş gezek süpürilýär. Süpürmek işleri gutarandan soň, matalarda reňkleýjileriň yzy galmaly däldir.

Önümiň himiki durnuklylygy.

Ilki önüm 60±5ºС temperatura çenli gyzdyrylan 1 %-li sirke kislotasynda 10 minut çümdürilip saklanylýar. Şonda önümiň reňki üýtgemän, ergin bolsa reňksiz, çökündisiz, durulygyna galmaly. Jäjekleriň sabynly-aşgarly ergine durnuklylygy synag edilende, önüm öňünden 60±5ºС temperatura çenli gyzdyrylan sabynly-aşgarly erginde 20 minut saklanylýar. Erginden çykarylan önüm sowuk suw bilen ýuwulýar we guraýança süpürilýär. Önüm erginde saklanandan soň, çişmese, deformirlenmese, ergin hem reňklenmese, onuň talaba laýyklygyny aňladýar.

Önümiň hapalanma durnuklylygy.

Başda önümiň bir ýeri gyzgyn sabynly ergin bilen arassalanylýar we guraýança süpürilýär. Ondan soň beýleki bir ýerine 5 g töweregi hapalandyryjy madda (palçyk, syýa, krem) sepilýär ýa çalynýar. 2-3 minut geçenden soň, şol ýer sabynly ergin bilen ýuwulýar, guraýança süpürilýär we gündizligiň ýagtylygynda oňa seredilýär. Şol ýerde hiç hili üýtgeşmeler bolmaly däl.

Gigiýeniki görkezijileriň (ys, tagam, formaldegid, fenol) synagy.

1:1 gatnaşykda önüm ölçenip alynýar. Meselem, 100 g önüm üçin 100 ml distillirlenen suw alynýar. Ikisi garylyp, 24 sagat agzy gapakly aýna gapda saklanylýar. Hünärmenler ysgap görmek arkaly şol suwuň ysyny, dadyp görmek arkaly tagamyny anyklaýarlar. Soňra şol suwdan 10 ml bölünip alynýar. Onuň üstüne üç dürli himiki erginlerden 2, 1, 5 ml goşulýar we garylýar. Şeýlelikde, formaldegidiň mukdary kesgitlenýär. Ondan soň ýaňky suwdan 10 ml alnyp, oňa himiki ergin bolan suwuklandyrylan azot kislotasyndan 10 ml damdyrylýar. Pejiň üstünde goýlup, gaýnama derejesine ýetensoň aýrylyp, sowaryna garaşylýar. Soň oňa 1 ml aşgar kaliý gidroksidi (KOH) goşulýar. Şeýdibem jäjegiň fenoly (fenol – nähilidir bir zyýanly madda) anyklanylýar. Pursatdan peýdalanyp, menem hormatly Prezidentimizi, bütin türkmen halkymyzy, okyjylarymyzy Täze ýyl baýramy bilen gyzgyn gutlaýaryn. Goý, Täze 2020-nji ýyl siziň öýleriňize rysgal-döwlet getirsin! Biziň synag edýän jäjeklerimiz siziň arçalaryňyza bezeg bersin!

Gülälek AMANOWA,
Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň «Türkmenstandartlary»
döwlet gullugynyň Merkezi barlaghanasynyň
himiki-toksikologiki bölüminiň baş hünärmeni.