Ölçegleriň takyklygy — ösüşiň kepili


Ölçegleriň takyklygy — ösüşiň kepili

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen bolan duşuşygynda eden çykyşy tutuş halkymyz bilen bir hatarda biziň gullugymyzyň işgärleri üçin hem örän ähmiýetli waka boldy. Şonda milli Liderimiz dürli pudaklarda amala aşyrylýan işleriň we hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak babatda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini nygtady. Şol mynasybetli «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» we «Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny kämilleşdirmek boýunça işleri alyp barmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp geçdi. Hakykatdanam, standartlaşdyrmak işiniň mundan buýana-da kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň barha ýokarlanmagyna ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça 2019-njy ýylyň 5-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň hem netijeli bolandygyny aýratyn bellemeli. Onda döwlet Baştutanymyz geçen ýarym ýylda ýurdumyz boýunça import edilen harytlaryň möçberiniň 19 göterim azalandygyny, eksport edilen önümleriň bolsa 12 göterim artandygyny, ýöne heniz bu ugurda peýdalanylmaýan mümkinçilikleriň köpdügini nygtady.

Şu möhüm meseleleriň öz wagtynda durmuşa geçirilmegini gazanmak welaýatymyzyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň, şol sanda, biziň metrologiýa bölümimiziň işgärleri üçin hem möhüm wezipe bolup durýar. Metrologik gözegçilik barlaglarynyň netijeli amala aşyrylmagy, ilkinji nobatda, takyklygy talap edýär. Mälim bolşy ýaly, «Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, metrologik gözegçilik barlaglarynyň birnäçe görnüşleri ýerine ýetirilýär. Olar ölçegleriň serişdeleriniň kysymyny ýa-da standart nusgalarynyň kysymyny tassyklamagy, ölçeg serişdeleriniň we standart nusgalarynyň metrologik synagyny, deňeşdirip barlamagy we kalibrlemegi öz içine alýar.

2019-njy ýylyň dowamynda işgärlerimiz tarapyndan iş meýilnamasy esasynda ençeme kärhananyň ölçeg serişdelerine döwlet gözegçiligi ýola goýuldy. Toplumlaýyn, maksatlaýyn we oba hojalyk barlaglarynyň ençemesi alnyp baryldy. Metrologiýa üpjünçiliginiň ýagdaýy barada kepilnamalar berlip, kärhanalaryň synag barlaghanalarynyň attestasiýalarynyň birnäçesi geçirildi. Pagta, bugdaý kabul ediş nokatlarynyň terezilerine döwlet barlaglary guraldy.

Gullugymyzyň hünärmenleri ekin meýdanlaryndan ugradylan bugdaýyň hem pagtanyň hilini standartlaryň talaplaryna laýyklykda takyk barlamagyň hem hötdesinden geldiler. Welaýatymyzyň zähmetkeş gallaçylary 157 müň gektar meýdandan 300 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny ýygnamagy başardylar. Ýurdumyzyň merdana daýhanlaryWatan harmanyna «ak altynyň» hem bol hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Ölçegleriň kadalaşdyrylmagy, olaryň takyklygynyň, bitewiliginiň üpjün edilmegi ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň ösdürilmegine oňaýly şertleri döredýär. Bu ýagdaý ölçegler babatdaky nätakyk hem ýaramaz netijeleriň bolmazlygynyň kepilidir.

Bahar SAPAROWA,
Daşoguz welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet
gullugynyň metrologiýa bölüminiň başlygynyň orunbasary.