Bitaraplyk dillerimiziň senasy


BITARAPLYK DILLERIMIZIŇ SENASY

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklaryny özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgesine laýyklykda alyp barýar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna, sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlyklary ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryna laýyk gelýär. Bu ýörelge Türkmenistany üçünji müňýyllykda halklary ýakynlaşdyrýan, ylalaşdyryjy merkez, şeýle hem işjeň, täzelikçi syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet hökmünde Ýer ýüzüne tanatdy.

Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015- nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi halkymyz üçin ajaýyp taryhy waka boldy.

Şeýle hem 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabr gününi Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi biziň döwletimiziň dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda alyp barýan syýasatyna berlen ýokary bahadyr. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallasy we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi.

Häzirki wagtda dost-doganlyk gatnaşyklaryny öňe sürýän döwletimiz dünýäniň ençeme ýurtlary, abraýly halkara guramalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, dünýäniň ähli ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň hemmesi tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň bu netijeli başlangyjynyň ählumumy ykrarnama eýe bolandygynyň ajaýyp subutnamasydyr. Munuň özi yzygiderli işjeň syýasaty alyp barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyna güwä geçýär.

Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi üçin uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Enejan ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we
kinematografiýabaradaky döwlet komitetiniň «Miras»
teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy