Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak boýunça topar hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda BUÝRUK


«TÜRKMENSTANDARTLARY»
BAŞ DÖWLET GULLUGY

BUÝRUK
  MAIN
STATE SERVICE
«TURKMENSTANDARTLARY»

ORDER
 
«03.01.2020 ý.»   «№1-iş»

Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak boýunça topar hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda

“Işiň aýry-aýry gömüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 3-nji iýulynda çykaran 10501-nji karary bilen tassyklanylan, Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 20-nji noýabrynda çykaran 11357-nji karary bilen tassyklanan, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy hakynda Düzgünnamalara laýyklykda, buýurýaryn:

1.Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak boýunça topar hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar);

2.Şu buyrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3.Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine jTürkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary gözegçilik etmeli.

Başlyk   M.Hojagulyýew





“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň
başlygynyň 2020-nji ýylyň 03-nji ýanwaryndaky
çykaran 1-iş belgili buýrugy bilen tassyklanyldy


Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak boýunça topar hakynda
Düzgünnama

1. Şu Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak boýunça topar hakynda Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 3-nji iýulynda çykaran 10501-nji karary bilen tassyklanylan, Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 20-nji noýabrynda çykaran 11357-nji karary bilen tassyklanan, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy hakynda Düzgünnamalara we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak boýunça topary (mundan beýläk-Topar) döretmegiň we onuň işiniň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Topar öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy hakynda Düzgünnamany, Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany, Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatda ygtyýarnamanyň dalaşgärini we ygtyýarnamaly taraplaryň barlaglaryny geçirmek boýunça Usulyýet görkezmelerini, Hünär synagyny geçirmegiň Tertibini we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, şeýle hem şu Düzgünnamany goldanýar.

3. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň (mundan beýläk-Gulluk) başlygynyň buýrugy bilen döredilýän Topar, senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany (mundan beýläk – ygtyýarnama) almak maksady bilen ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza bilen ýüz tutan fiziki we ýuridik şahslaryň arzalaryna garamak, berlen resminamalardaky maglumatlara geçirilen barlagyň netijelerini seljermek işlerini amala aşyrýar.

Gullugyň başlygy Toparyň işini utgaşdyrýar, onuň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.

Toparyň mejlisine resminamalary taýýarlamagy, onda kabul edilen çözgütleri resmileşdirmegi we maglumatlary Türkmenistanyň degişli fiziki we ýuridik şahslarynyň dykgatyna ýetirmegi Gullugyň Zähmet we ýerasty baýlyklary goramak bölümi amala aşyrýar.

4. Topar şu aşakdaky işleri amala aşyrýar:

1) ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza garaýar, şol sanda ygtyýarnamany almaga dalaş edýän şahslaryň (mundan beýläk - ygtyýarnamanyň dalaşgäri) tarapyndan berlen resmi namalardaky maglumatlara geçirilen barlagyň netijelerini seljerýär;

2) ygtyýarnama bermek hakynda ýa-da ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmek hakynda, ygtyýarnama goşmaça girizmek ýa-da goşmaçany girizmekden ýüz öwürmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek hakynda ýa-da gaýtadan resmileşdirmekden ýüz öwürmek, ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmak ýa-da hereketini uzaltmakdan ýüz öwürmek, ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak ýa-da dikeltmek hakynda çözgüt kabul edýär;

3) ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen Ygtyýarnama bermek hakyndaky arzasynda we oňa goşulan resminamalarda bar bolan maglumatlaryň dolulygyny we dogrulygyny, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligini barlaýar (mundan beýläk – barlag);

4) ygtyýarnamanyň dalaşgärinden barlag geçirilende gerek bolan resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary alýar;

5) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň maglumatlaryny we işini barlan Gullugyň şu barlaglary geçirmäge ygtyýarly düzümleri tarapyndan barlagyň netijeleri boýunça düzülen barlagyň ykrar haty bilen tanyşýar, barlagyň ykrar hatynyň düzülişini we oňa goşulan resminamalary barlaýar;

6) hünär synagynyň teswirnamasy bilen tanyşýar;

7) ygtyýarlylandyrmak bilen bagly Toparyň ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleler boýunça çözgütleri kabul edýär.

5. Toparyň düzümine Toparyň başlygy we bäşden köp bolmadyk Gullugyň merkezi edarasynyň bölüm başlyklaryndan we hünärmenlerinden döredilen Topar agzalary, şol sanda Toparyň kätibi girýär. Toparyň kätibiniň ses bermek hukugy ýokdur.

6. Toparyň başlygy wezipesine Gullugyň başlygynyň orunbasary bellenilýär.

7. Toparyň başlygy:

1) Topara umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

2) Toparyň işini guraýar;

3) Toparyň mejlisini geçirmegiň gününi, wagtyny we ýerini kesgitleýär;

4) Toparyň mejlisinde başlyklyk edýär we mejlisini alyp barýar;

5) Toparyň mejlisiniň çözgütlerine (ykrarnamalaryna, kepilnamalaryna we beýleki resminamalaryna) hem-de teswirnamalaryna gol çekýär;

6) berlen resminamalarda doly däl we şübheli maglumatlar bilen bagly degişli edaralardan zerur maglumatlary sorap alýar;

7) ygtyýarnamanyň dalaşgärinden zerur resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary soraýar we alýar;

8) Toparyň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar;

9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

8. Topar agzasy:

1) Topara berlen resminamalar bilen tanyşýar;

2) Toparyň mejlisine gatnaşýar;

3) Toparyň çözgütlerini kabul etmäge gatnaşýar;

4) Toparyň mejlisiniň teswirnamasynda beýan edilýän aýratyn pikirini aýdyp bilýär;

5) Topar agzalarynyň garamagyna degişli bolan resminamalara gol çekýär.

9. Toparyň kätibi:

1) bellenen tertipde geçirilen barlagyň netijeleri boýunça barlagyň ykrar hatyny öwrenip, degişli resminamalary Topara geçirýär;

2) ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza serediljek güni we wagty barada Topar agzalaryna habar berýär;

3) Toparyň mejlisiniň gün tertibiniň beýleki meseleleri boýunça resminamalary taýýarlaýar, iş dolandyryjylygy alyp barýar;

4) Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygytyýalylandyrmak boýunça Toparyň mejlisiniň teswirnamasyny (şu Düzgünnama 1-nji goşundy) ýöredýär;

5) Toparyň tabşyrygy boýunça Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygytyýalylandyrmak boýunça Toparyň ygtyýarnamany bermek hakyndaky çözgüdini (şu Düzgünnama 2-nji goşundy) ýa-da Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygytyýalylandyrmak boýunça Toparyň ýgtyýarnamany bermekden ýüz döndermek hakyndaky çözgüdini (şu Düzgünnama 3-nji goşundy) taýýarlaýar;

6) Toparyň mejlisiniň teswirnamalaryna we çözgütlerine gol çekýär;

7) Toparyň mejlisleriniň geçirilmegi bilen bagly beýleki guramaçylyk işlerini ýerine ýetirýär;

8) ygtyýarnamanyň dalaşgärine üç iş gününiň dowamynda ýazmaça görnüşde ygtyýarnamany bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz döndermek hakynda kabul edilen çözgüt barada habar berýär;

9) ygtyýarnamalary resmileşdirýär we olaryň sanawyny ýöredýär;

10) ygtyýarnamanyň dalaşgärleriniň beren şykaýatlarynyň, Toparyň mejlisleriniň teswirnamalarynyň, çözgütleriniň we beýleki resminamalarynyň arhiwini ýöredýär;

11) beýleki tabşyryklary ýerine ýetirýär. Toparyň mejlisleriniň guralyşyna we geçirilişine Toparyň kätibi jogapkärdir.

10. Toparyň kätibi bolmadyk halatynda, onuň wezipeleri toparyň başga agzasyna ýa-da başga hünärmene ýüklenip bilner.

11. Toparyň mejlisi, eger oňa agzalaryň ikiden bir bölegi gatnaşan ýagdaýynda, ygtyýarnamanyň berilmegi ýa-da berilmezligi barada çözgüt kabul etmeklige ygtyýarly hasap edilýär. Toparyň ähli çykarýan çözgütleri, toparyň mejlise gatnaşýan agzalarynyň açyk ses bermeginde, sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Sesler deň bolan ýagdaýynda, Toparyň başlygynyň sesi kesgitleýji bolýar. Toparyň agzalary tarapyndan berilýän teklipler we bellikler olaryň özleri tarapyndan ýazmaça görnüşinde taýýarlanylyp, gol bilen tassyklanylyp, Teswirnama goşundy hökmünde goşmak üçin Toparyň kätibine berilýär. Teswirnamada bu teklipler we bellikler barada Teswirnamanyň goşundysyna salgylanylyp, bellik edilýär.

12. Toparyň mejlisinde Toparyň kätibi tarapyndan Toparyň mejlisiniň teswirnamasy ýöredilýär, oňa Toparyň başlygy, Topar agzalary we kätip gol çekýär. Teswirnamada Toparyň mejlisine gatnaşýan agzalaryň familiýalary, atlary, ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň doly ady, (eger fiziki şahs bolsa, familiýasy, ady, atasynyň ady), Türkmenistanyň ykdysady işiniň görnüşleriniň Döwlet klassifikatoryna laýyklykda işleriň görnüşleri, berlen resminamalaryň talaplara laýyklygy ýa-da laýyk däldigi barada gysgaça beýan edilýär.

13. Toparyň gelen netijesi çözgüt görnüşinde resmileşdirilýär. Toparyň her bir kabul eden çözgüdine mejlise gatnaşýan Toparyň ähli agzalary tarapyndan gol çekilýär.

14. Topar tarapyndan ygtyýarnamanyň berilmegi ýa-da berilmezligi bilen bagly çözgüt çykarylanda “ygtyýarnamany bermek hakyndaky çözgüt kabul edildi” ýa-da “ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek hakyndaky çözgüt kabul edildi” diýen çözgüt kabul edilýär. Toparyň çözgüdinde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini ýerine ýetirmäge laýyk gelýändigi ýa-da gelmeýändigi göni beýan edilýär.

Işiň ygtyýarlylandyrylan görnüşine kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bildirilýän talaplara ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň laýyk gelýändigi ýa-da laýyk gelmeýändigi Toparyň çözgüdinde başga hili düşündirmäge ýol bermejek görnüşde anyk görkezilmelidir. Yygtyýarnamany bermek hakynda çözgüt kabul edilende ygtyýarnamany bermek hakyndaky habarnama bank hasabynyň maglumatlaryny we döwlet pajyny tölemek möhletini görkezmek bilen ygtyýarnamanyň dalaşgärine üç iş gününiň dowamynda gowşurylýar.

15. Dalaşgäriň Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamada bildirilýän talaplara we şertlere laýyk gelmeýändigi Topar tarapyndan anyklanan ýagdaýynda ygtyýarnamanyň dalaşgäri üç aý möhletden soň, ygtyýarnama berilmegi barada gaýtadan arza bermäge hukugy bardyr. 16. Dalaşgäriň Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamada bildirilýän talaplara we şertlere laýyk gelmeýändigi yzly-yzyna iki gezek anyklanan ýagdaýynda Topar ygtyýarnamanyň dalaşgärine ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek barada çözgüt çykarýar.

17. Topar tarapyndan kabul edilen çözgüde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şikaýat edilip bilner.

18. Şu Düzgünnamanyň dördünji böleginiň 1-nji bendinde görkezilen ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen resmi namalardaky ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň maglumatlaryny barlamagy Gullugyň şu barlaglary geçirmäge ygtyýarly düzümleri amala aşyrýarlar. Geçirilen barlagyň netijeleri boýunça barlagyň ykrar haty «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan tassyklanýan usulyýet görkezmelerinde bellenilýän görnüşde düzülýär we onda Dalaşgäriň işiň ygtyýarlandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin, Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamada görkezilen talaplara we şertlere laýyk gelýändigini ýa-da laýyk gelmeýändigini görkezýän maglumatlar görkezilmelidir. Geçirilen barlagyň netijeleri boýunça barlagyň ykrar haty barlagy geçiren ygtyýarly düzümler tarapyndan Gulluga iberilýär. Bu barlagyň ykrar hatynyň netijeleri boýunça şu Düzgünnamanyň dokuzynjy böleginiň 1-nji bendinde görkezilen işler geçirilýär.

19. Dalaşgär fiziki şahs bolan ýagdaýynda Dalaşgäriň özüniň we onuň hünärmenleriniň, Dalaşgär ýuridik şahs bolan ýagdaýynda onuň ýolbaşçysynyň we (ýa-da) onuň işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrýan düzüminiň ýolbaşçysynyň, baş inženeriniň, hünärmenleriniň bilimleriniň barlanmagy Gullugyň başlygynyň buýrugy bilen döredilen degişli hünärmenlerden ybarat bolan Hünär synagy boýunça topar tarapyndan Gulluk tarapyndan bellenilen Hünär synagyny geçirmegiň Tertibine laýyklykda, geçirilýär.

20. Şu Düzgünnama bilen kadalaşdyrylmadyk düzgünler Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.



Senagat howpsuzlygy, howply
desgalary taslamak we gurmak hem-de
howply ýükleri daşamak babatynda işi
ygtyýarlylandyrmak boýunça topar
hakynda Düzgünnama 1-nji goşundy

Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygytyýalylandyrmak boýunça Toparyň mejlisiniň Teswirnamasy

“___” ______ 20____-njy (nji) ýyl          Aşgabat şäheri

Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany almak maksady bilen ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza garamak boýunça “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň (mundan beýläk-Gulluk) Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygytyýalylandyrmak boýunça toparynyň (mundan beýläk-Topar) düzümi:

Toparyň başlygy:___________________Gullugyň başlygynyň orunbasary
 (familiýasy, ady) 
Toparyň agzalary:_______________________________________
 (familiýasy, ady)(wezipesi)
Toparyň agzalary:_______________________________________
 (familiýasy, ady)(wezipesi)
Toparyň agzalary:_______________________________________
 (familiýasy, ady)(wezipesi)
Toparyň agzalary:_______________________________________
 (familiýasy, ady)(wezipesi)


GÜN TERTIBI:

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri bolup durýan ___________________________________________________________
(ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň-ýuridik şahsyň
_____________________________________________________________________________________________
doly ady, guramaçylyk-hukuk görnüşi;
_____________________________________________________________________________________________
ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň-fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady )
_____________________________________________________________________________________________
(işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň
_____________________________________________________________________________________________
ýa-da kiçi görnüşleriniň atlary –Türkmenistanyň ykdysady işiniň görnüşleriniň Döwlet klassifikatoryna
_____________________________________________________________________________________________
laýyklykda (koduny hem goşmak bilen) görkezilýär)

işlerine hukuk berýän ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzasyna garamak.

Diňlenildi: - Toparyň başlygy _________________ ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza bilen tanyşdyrdy.

Toparyň agzalary senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany almak maksady bilen ýüz tutan ygtyýarnamanyň dalaşgäri bolup durýan _______________________________________________ resminamalaryna seredip,

NETIJÄ GELDI:

Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işiň görnüşine kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bildirilýän talaplara Ygtyýarnamanyň dalaşgäri laýyk gelýär we ygtyýarnamany bermek hakyndaky çözgüt kabul etmeli (eger-de laýyk gelmese, laýyk gelmeýändigi sebäpli, “ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek hakyndaky çözgüt kabul etmeli” diýip görkezmeli).

Toparyň başlygy ______________ _________________
  (goly) (familiýasy, ady)
Toparyň agzalary ______________ _________________
  (goly) (familiýasy, ady)
Toparyň agzalary ______________ _________________
  (goly) (familiýasy, ady)
Toparyň agzalary ______________ _________________
  (goly) (familiýasy, ady)
Toparyň agzalary ______________ _________________
  (goly) (familiýasy, ady)
Toparyň kätibi ______________ _________________
  (goly) (familiýasy, ady)



Senagat howpsuzlygy, howply
desgalary taslamak we gurmak hem-de
howply ýükleri daşamak babatynda işi
ygtyýarlylandyrmak boýunça topar
hakynda Düzgünnama 2-nji goşundy

Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygytyýalylandyrmak boýunça Toparyň ygtyýarnamany bermek hakyndaky çözgüdi

“__”____20____-njy (nji) ýyl          Aşgabat şäheri

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ____-njy ýylyň __-nji ________daky ____belgili buýrugyna laýyklykda döredilen Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygytyýalylandyrmak boýunça toparyň düzümi:

Toparyň başlygy ________________  -  Gullugyň başlygynyň orunbasary  
Toparyň agzalary ________________  -  ___________ bölümiň başlygy
  ________________  -  ___________ bölümiň başlygy
  ________________  -  ___________ bölümiň başlygy
  ________________  -  ___________ bölümiň başlygy
Kätip: ________________  -  ________________ ________________
Toparyň agzalary__________________________________________________________________________________
(işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň
_____________________________________________________________________________________________
ýa-da kiçi görnüşleriniň atlary –Türkmenistanyň ykdysady işiniň görnüşleriniň Döwlet klassifikatoryna
_____________________________________________________________________________________________
laýyklykda (koduny hem goşmak bilen) görkezilýär)

işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany (mundan beýläk – ygtyýarnama) almak maksady bilen ýüz tutan ygtyýarnamanyň dalaşgäri bolup durýan ______________________________________________resminamalaryna seredip,

ANYKLADY:

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen resminmalaryň we geçirilen barlagyň netijesinde şu aşakdakylar anyklanyldy (senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamada bildirilýän talaplara we şertlere laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalar barada beýän edilmäge degişli):

1)

2)

3)

4)

Beýan edilenleriň esasynda, Ygtyýarnamanyň dalaşgäri bolup durýan ________________________________________________________________ Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamada bildirilýän talaplara we şertlere laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalara geçirilen seljermäniň netijesine esaslanyp,

NETIJÄ GELDI:

Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işiň görnüşine kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bildirilýän talaplara Ygtyýarnamanyň dalaşgäri laýyk gelýär we ygtyýarnamany bermek hakyndaky çözgüt kabul edildi.

Toparyň başlygy:   1._________________________
    (goly, familiýasy, ady. atasynyň ady)
Toparyň agzalary:   2._________________________
    (goly, familiýasy, ady. atasynyň ady)
    3._________________________
    (goly, familiýasy, ady. atasynyň ady)
    4._________________________
    (goly, familiýasy, ady. atasynyň ady)
    5._________________________
    (goly, familiýasy, ady. atasynyň ady)
Toparyň kätibi:   6._________________________
    (goly, familiýasy, ady. atasynyň ady)



Senagat howpsuzlygy, howply
desgalary taslamak we gurmak hem-de
howply ýükleri daşamak babatynda işi
ygtyýarlylandyrmak boýunça topar
hakynda Düzgünnama 3-nji goşundy

Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygytyýalylandyrmak boýunça Toparyň ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek hakyndaky çözgüdi

“__”____20____-njy (nji) ýyl Aşgabat şäheri

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ____-njy ýylyň __-nji ________daky ____belgili buýrugyna laýyklykda döredilen Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygytyýalylandyrmak boýunça toparyň düzümi:

Toparyň başlygy: ________________  -  Gullugyň başlygynyň orunbasary  
Toparyň agzalary: ________________  -  ___________ bölümiň başlygy
  ________________  -  ___________ bölümiň başlygy
  ________________  -  ___________ bölümiň başlygy
  ________________  -  ___________ bölümiň başlygy
Kätip: ________________  -  ________________ ________________
Toparyň agzalary_________________________________________________________________________________
(işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň
_____________________________________________________________________________________________
ýa-da kiçi görnüşleriniň atlary –Türkmenistanyň ykdysady işiniň görnüşleriniň Döwlet klassifikatoryna
_____________________________________________________________________________________________
laýyklykda (koduny hem goşmak bilen) görkezilýär)

işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany (mundan beýläk – ygtyýarnama) almak maksady bilen ýüz tutan ygtyýarnamanyň dalaşgäri bolup durýan ______________________________________________resminamalaryna seredip,

ANYKLADY:

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen resminmalaryň we geçirilen barlagyň netijesinde şu aşakdakylar anyklanyldy (senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamada bildirilýän talaplara we şertlere laýyk gelmeýändigini tassyklaýan resminamalar barada beýän edilmäge degişli):

1)

2)

3)

4)

Beýan edilenleriň esasynda, Ygtyýarnamanyň dalaşgäri bolup durýan _____________________________________________________________ Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamada bildirilýän talaplara we şertlere laýyk gelýändigini tassyklamak üçin berlen resminamalara geçirilen seljermäniň netijesine esaslanyp,

NETIJÄ GELDI:

Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işiň görnüşine kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bildirilýän talaplara Ygtyýarnamanyň dalaşgäri laýyk gelmäýär we ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek barada çözgüt kabul edildi.

Toparyň başlygy:   1._________________________
    (goly, familiýasy, ady. atasynyň ady)
Toparyň agzalary:   2._________________________
    (goly, familiýasy, ady. atasynyň ady)
    3._________________________
    (goly, familiýasy, ady. atasynyň ady)
    4._________________________
    (goly, familiýasy, ady. atasynyň ady)
    5._________________________
    (goly, familiýasy, ady. atasynyň ady)
Toparyň kätibi:   6._________________________
    (goly, familiýasy, ady. atasynyň ady)


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2020-nji ýylyň “25 ýanwarynda” 1297 bellige alyş
belgisi bilen döwlet belligine alyndy

“Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak boýunça topar hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda” “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda çykaran 1-iş belgili buýrugy