Döredilmegi hökmany bolup durýan ýuridik şahslaryň metrologik gulluklaryny döretmegiň we olaryň işini guramagyň tertibini tassyklamak hakynda BUÝRUK




«TÜRKMENSTANDARTLARY»
BAŞ DÖWLET GULLUGY

BUÝRUK
  MAIN
STATE SERVICE
«TURKMENSTANDARTLARY»

ORDER
 
«29.12.2019 ý.»   «№ 439»

Döredilmegi hökmany bolup durýan ýuridik
şahslaryň metrologik gulluklaryny döretmegiň we olaryň
işini guramagyň tertibini tassyklamak hakynda

“Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň 16-njy bendiniň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Döredilmegi hökmany bolup durýan ýuridik şahslaryň metrologik gulluklaryny döretmegiň we olaryň işini guramagyň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buyrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary gözegçilik etmeli.

Başlyk   M.Hojagulyýew





«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň
başlygynyň 2019-njy yylyň 29-njy dekabrynda
çykaran 439 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

Döredilmegi hökmany bolup durýan ýuridik şahslaryň metrologik gulluklaryny döretmegiň we olaryň işini guramagyň tertibi

I bap. Umumy düzgünler

1.Şu Döredilmegi hökmany bolup durýan ýuridik şahslaryn metrologik gulluklaryny döretmegiň we olaryň işini guramagyň tertibi (mundan beýläk - Tertip) «Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda işlenip taýýarlanyp, döredilmegi hökmany bolup durýan ýuridik şahslaryň metrologik gulluklaryny döretmegiň we olaryň işini guramagyň esasy ýörelgelerini we tertibini kesgitleýär.

2.Metrologik gullugy öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, «Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, Tiirkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, hereket edyän kadalaşdyryjy resminamalaryny, şeýle hem şu Tertibi goldanýar.

3.Şu Tertibiň talaplarynyň «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy (mundan beýläk - Gulluk), onuň garamagyndaky edaralary, şeýle hem döredilmegi hökmany bolup durýan ýuridik şahslaryň (mundan beýläk - ýuridik şahslar) metrologik gulluklary (mundan beyläk - metrologik gullugy) tarapyndan ýerine yetirilmegi hökmanydyr.

4.Şu Tertipde ulanylýan düşünjeleriň we adalgalaryň manysy «Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda kesgitlenilýär.

5.Ýuridik şahslaryň metrologik gullugy Türkmenistanyň kanunçylygyna layýklykda degişli ýolbaşçysynyň namasy esasynda döredilýär we öz işini şu Tertibiň talaplaryna laýyklykda işlenilip düzülen düzgünnama esasynda alyp barýar.

6.Işlenilip düzülýän düzgünnama şu aşakdakylaryň girizilmegi hökmanydyr:

1) düzüminde metrologik gullugy döredilýän ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edaranyň ýa-da ýokarda durýan edarasy bolan ýuridik şahsyň ady;

2) metrologik gullugynyň düzümi, metrologik gullugynyň baş edarasy (mundan beýläk - baş edara) we metrologik gullugyň esasy edarasy (mundan beýläk - esasy edara);

3) metrologik gullugynyň esasy wezipeleri we üstüne yüklenen wezipelere laýyklykda amala aşyrýan işleri;

4) metrologik gullugynyň hukuklary we borçlary;

5) metrologik gullugynyň iş ugrunyň aýratynlyklary bilen bagly beýleki düzgünler.

7. Işlenilip taýýarlanylan düzgünnama Gulluk bilen ylalaşylyp, ýuridik şahsyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýar.

II bap. Metrologik gullugyň esasy wezipeleri

8. Metrologik gullugyň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek;

2) ölçeg enjamlaryň binýadyny kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmek;

3) metrologiya babatynda alnyp barylýan esasy iş ugurlary kesgitlemek;

4) hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda ölçeg serişdelere gözegçilik etmek;

5) ygtyýarly edaralar tarapyndan metrologik kadalaşdyryjy resminamalary, barlag usulyýetleri işläp düzmek boýunça geçirilýän işlere gatnaşmak;

6) metrologiýa meseleleri boyunça maslahatlara, duşuşyklara, konferensiýalara, sergilere gatnaşmak;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki wezipeleri amala aşyrmak.

9. Metrologik gullugy öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda, şu işleri amala aşyrýar:

1) garamagyndaky edaralarda we olaryn degişli bölümlerinde metrologiýa ugry boýunça işleri utgaşdyrýar, olaryn işine gözegçilik edýär;

2) Gulluk bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrýar;

3) metrologik gullugy kämilleşdirmek boýunça esasy ugurlary kesgitleýär;

4) garamagyndaky metrologik barlaghanalaryň attestatlaşdyryş işlerine gatnaşyar;

5) metrologiya ugrunda halkara hyzmatdaşlyk işlerini utgaşdyrýar;

6) metrologiya ugrunda hünärmenleriň hünär derejesini yokarlandyrmak boyunça teklipleri taýyarlaýar;

7) Gulluk tarapyndan geçirlen barlaglaryň netijesinde metrologiýa ugry boýunça ýüze çykarylan kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça çäreleri guraýar;

8) metrologik gullugyň esasy edarasynda we onuň garamagyndaky edaralarynda metrologik kadalary we düzgünleri belleýän kadalaşdyryjy resminamalar bilen üpjünçilige gözegçilik edýär;

9) metrologik gullugyň garamagyndaky edara-kärhanalarynda metrologiya ugry boýunça ygtyýarlylandyrmak boyunça işleri guraýar;

10) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki işleri amala aşyrýar.

III bap. Metrologik gullugyň hukuklary we borçlary

10. Metrologik gullugyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) öz garamagyndaky edara-kärhanalarda ölçeg serişdeleriniň ýagdaýyna we ulanylyşyna metrologik barlagyny amala aşyrmaga;

2) ölçeg serişdeleriň ýagdaýy, ulanylyşy, omaşdyrylyşy we metrologik kadalaryň berjaý edilişi boýunça tabşyryk bermäge;

3) ýuridik şahslaryň baş we esasy edaralaryny bellemek barada teklipleri bermäge;

4) ýuridik şahslaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna çapraz gelýän metrologik kadalary we düzgünleri belleýän kadalaşdyryjy resminamalary we beýleki hukuk namalary ýatyrmak barada teklipleri bermäge;

5) ölçeg serişdelerini ulanmaga çykarmak hem-de saklamak we olardan peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy, nusgalaryň (etalonlaryň) talaplaryna laýyk gelmeýän önümleriň çykarylmagy (şol sanda abatlamakdan çykarylmagy) ýa-da iberilmegi (ýerlenilmegi), döwlet synaglaryndan ýa-da metrologiýa hünär synagyndan geçmedik, şeýle hem barlanmadyk ýa-da barlagyň netijeleri boýunça gurat däl we nädogry ölçeg serişdeleriniň we standart nusgalarynyň dolanyşyga goýberilmegi we peýdalanylmagy, ölçeg serişdelerini peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy, söwda amallary geçirilende, maddy gymmatlyklar we energetik serişdeler hasaba alnanda önümlerift, işleriň we hyzmatlaryň hiline täsir edýän esasy tehnologik tapgyrlaryň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy resminamalarynda bellenilen tertipde ölçeg serişdeleri bilen üpjün edilmezligi üçin Önümçilik işlerini ýatyrmak barada teklipleri girizmäge;

6) synag barlaghanalarynyň attestatlaşdyrylmagyna we ygtyýarlylandyrylmagyna gatnaşmaga;

7) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki işleri amala aşyrmaga.

11. Metrologik gullugy şu aşakdakylara borçludyr:

1) metrologik üpjünçiliginiň käbir meseleleriniň çözülişinde birinjilerini dogry kesgitlemek maksady bilen işläp düzmegiň, önümçiligiň we önümiň ulanylmagynyň ähli tapgyrlarynda ölçegleriň, gözegçiligiň, synaglaryň ýagdaýyny seljermegi yzygiderli geçirmäge;

2) metrologik üpjünçiligine degişli talaplary kesgitleýän standartlaryň we beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň degişlilikde ornaşdyrylmagyny üpjün etmäge;

3) synaglaryň we gözegçiligiň serişdeleriniň attestatlaşdyrylmagyna, olaryň attestatlaşdyrylma maksatnamalarynyň we usulyýetleriniň işläp taýýarlanmagyna gatnaşmaga;

4) garamagyndaky edara-kärhananyň işläp düzen ýa-da goýberýän ölçeg serişdeleriniň döwlet synaglaryny geçirmek üçin zerur şertleri üpjün etmäge;

5) metrologik (üpjünçiliginiň meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmäge;

6) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki wezipeleri amala aşyrmaga.

IV bap. Metrologik gullugynyň düzümi

12. Metrologik gullugynyň düzümi şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) ýuridik şahslaryň baş metrologlary;

2) ýuridik şahslaryň garamagyndaky edaralary;

13. Metrologik gullugynyň ýolbaşçysy bolup, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýa-da ýokarda durýan edarasy bolan ýuridik şahslaryň yolbaşçysynyň buýrugy bilen baş metrolog bellenilýär. Şeýle hem, käbir yagdaýlarda ölçegleriň bitewiligini we takyklygyny üpjün etmek boýunça işleri yerine ýetirmek borjuny ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýa-da ýokarda durýan edarasy bolan ýuridik şahslaryň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen bellenilen merkezi edaranyň jogapkär işgärlerine ýüklemek rugsat edilýär.

V bap. Metrologik gullugynyň baş edarasy

14. Baş edara ýuridik şahslaryň garamagyndaky edara-kärhanalarda döredilen metrologik gulluklaryna ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek babatynda yzygiderli gözegçiligi amala aşyrýar.

15. Baş edara öňdebaryjy ylmy-önümçilik birleşikleriň, ylmy-barlag, taslama-konstruktorçylyk we tilsimatlyk edaralaryň arasyndan seçilip alynýar we Gulluk bilen ylalaşylyp ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýa-da ýokarda durýan edarasy bolan ýuridik şahslar tarapyndan döredilýär.

16. Baş edara öz işini ýurdumyzyň standardaşdyrmak we metrologiýa boýunça ygtyýarly edaralary bilen özara gatnaşyklary alyp barýar.

17. Baş edaranyň esasy wezipeleri:

1) bellenilen iş ugurda ölçegleriň bitewiligini üpjün etmekde geçirmeli işleri meýilleşdirmek;

2) ýuridik şahslaryň garamagyndaky edaralarda döredilen metrologik gulluklara gözegçilik etmek;

3) tehniki tabşyryklaryň, standartlaryn we konstruktor - tehniki kadalaşdyryjy resminamalaryň taslamalaryna metrologik seljerme işlerini geçirmek;

4) edaralarda ulanylýan ölçeg serişdeleriň we enjamlaryň ýagdaýlaryna we takyk işleýşine metrologik seljerme işlerini geçirmek;

5) kadalaşdyryjy resminamalary işläp tayýarlaýan tehniki komitetleriň işlerine gatnaşmak;

6) öz işinde ulanylýan metrologik üpjünçiligi boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň sanawyny ýöretmek;

7) esasy edaralaryň, birleşikleriň, kärhanalaryň metrologik gulluklarynyň alyp barýan işlerine gözegçilik etmek.

18. Baş edaranyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, onuň içinde özbaşdak ylmy-barlag, taslama-konstruktorçylyk, tilsimatlyk düzüm bölümleri döredilyär. Düzüm bölüminiň ýolbaşçysy wezipesine ýuridik şahsyň baş metrology bilen ylalaşylyp, edaranyň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen bellenýär we boşadylýar hem-de baş edaranyň üstüne yüklenýän işleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilik çekyär.

19. Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek we metrologik üpjünçiligi ugrunda aýry-aýry wezipeleriň ýerine ýetirilmegi baş edaranyň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen baş edaranyň şol ugra degişli beýleki düzüm birliklerine tabşyrylyp bilner, bu bolsa edaranyň düzgünnamasynda bellenilip geçilmelidir.

20. Baş edaranyň Düzgünnamasy ýuridik şahslar tarapyndan işlenilip düzülip, Gulluk bilen ylalaşylyp şol edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýar.

VI bap. Metrologik gullugynyň esasy edarasy

21. Esasy edara berkidilen birleşikleriň we kärhanalaryň metrologik gulluklaryny utgaşdyrýar we olara umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar, şeýle hem geçirilýän barlaglarda, önümçilikde we beýleki işlerde ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek boýunça çäreleri guraýar. Esasy edaralar hökmünde belli bir welaýatda ýa-¬da etrapda ýerleşen, esasan hem ölçeg serişdeleriň abatlamagy we barlamagy bilen meşgullanýan edara-kärhanalar bellenilip bilner.

22. Esasy edaralar öňdebaryjy ylmy-önümçilik birleşikleriň, ylmy-barlag, taslama-konstruktorçylyk, tilsimatlyk edaralaryn hataryndan saýlanyp alynýar we Gulluk bilen ylalaşylyp ýuridik şahslar tarapyndan tassyklanylyar.

23. Esasy edaralar öz işini standartlaşdyryş we metrologiýa boýunça baş edaralar bilen bilelikde alyp barýarlar.

24. Esasy edaralaryň wezipeleri:

1) berkidilen edara-kärhanalarda metrologik üpjünçiligi boýunça meselelerini dogry kesgitlemek maksady bilen ölçegleriň, gözegçiligiň we synaglaryn ýagdaýlaryny yzygiderli seljermek;

2) synag we barlag usullary işläp düzmek, berkidilen edara-kärhanalarda zerur bolan nusgalyk barlag enjamlary bilen enjamlaşdyrmak boýunça çärelere gatnaşmak;

3) berkidilen edara-kärhanalarda ölçeg görkezijileriň rejeli sanawyny, önümiň hiliniň görkezijilerine gözegçilik edilende ölçegleriň takyklygynyň amatly kadalaryny kesgitlemek;

4) tehniki tabşyryklaryň, konstruktorçylyk we tilsimatlyk resminamalaryň, standartlaryň we beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň taslamalarynyň metrologik seljermelerini geçirmek;

5) kadalaşdyryjy resminamalary işläp taýýarlaýan tehniki komitetler bilen işleşmek;

6) pudakda ulanylýan Ölçeg enjamlaryň barlag, synag we sertifikatlaşdyryş işlerine gatnaşmak;

7) ölçegleriň ýerine ýetirilmeginiň usulyýetleriniň metrologik synagyny we seljermesini geçirmek;

8) garamagynda bolan edara-kärhanalaryň yüz tutmasy esasynda metrologik hyzmatlaryny ýerine yetirmek;

9) berkidilen edara-kärhanalarda ölçeg serişdeleriniň we enjamlaryň ýagdaýyna we ulanylyşyna gözegçilik etmek;

10) metrologik gulluklary döretmek we beýleki edara-kärhanalara metrologik üpjünçilik meseleleri boýunça ýardam bermek bolup durýar.

25. Esasy edaranyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen onuň içinde özbaşdak ylmy-barlag, taslama-konstruktorçylyk, tilsimatlyk düzüm birlikleri döredilip bilner. Düzüm birliginiň ýolbaşçysy wezipesine ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýa-da ýokarda durýan edarasy bolan ýuridik şahslaryň baş metrology bilen ylalaşylyp, edaranyň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen bellenýär we boşadylyar hem-de esasy edaranyň üstüne ýüklenýän meseleleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilik çekyär.

26. Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek we metrologik üpçünçiligi ugrunda aýry-aýry wezipeleriň ýerine ýetirilmegi esasy edaranyň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen esasy edaranyň şol ugra degişli beýleki düzüm birliklerine tabşyrylyp bilner, bu bolsa edaranyň düzgünnamasynda bellenilip geçilmelidir.

27. Esasy edaranyň Düzgünnamasy ýuridik şahs tarapyndan işlenilip düzülip, baş edara we Gulluk bilen ylalaşylyp, şol ýuridik şahsyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýar.

VII bap. Jemleýji düzgünler

28. Döredilmegi hökmany bolup durýan ýuridik şahslaryň metrologik gulluklarynyň metrologik gözegçiligi we döwlet gözegçilik barlag işleriniň gurnalmagy we amala aşyrylyşy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 2-nji fewralynda 833 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky 1/07 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Metrologik gözegçiligi we döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrmagyň Tertibine laýyklykda geçirilýär.

29. Şu Tertipde göz öňünde tutulan döredilmegi hökmany bolup durýan ýuridik şahslaryň metrologik gulluklarynyň resminamalaryny seljermek hem-de seljermeler boýunça netijeleri kabul etmek işleri hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalara hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

30. Şu Düzgünnama bilen düzgünleşdirilmedik gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.





Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2020-nji ýylyň «21» ýanwarynda 1293 bellige alyş
belgisi bilen döwlet belligine alyndy

“Döredilmegi hökmany bolup durýan ýuridik şahslaryň metrologik gulluklaryny döretmegiň we olaryň işini guramagyň tertibini tassyklamak hakynda” «Türkrnenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 29-njy dekabrynda çykaran 439 belgili buýrugy