Döwlet standartlaryny we tehniki şertleri işläp düzmegiň, tassyklamagyň, bellige almagyň, üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibini tassyklamak hakynda BUÝRUK




«TÜRKMENSTANDARTLARY»
BAŞ DÖWLET GULLUGY

BUÝRUK
  MAIN
STATE SERVICE
«TURKMENSTANDARTLARY»

ORDER
 
«24.12.2019 ý.»   «№ 427-iş»


Döwlet standartlaryny we tehniki şertleri işläp düzmegiň,
tassyklamagyň, bellige almagyň, üýtgetmegiň we ýatyrmagyň
tertibini tassyklamak hakynda

«Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynyň sekizinji böleginiň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Döwlet standartlaryny we tehniki şertleri işläp düzmegiň, tassyklamagyň, bellige almagyň, üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmen standartlar maglumat merkezi Türkmenistanyň ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu buýrugyň birinji böleginde görkezilen tertibiň kabul edilendigi barada habar bermeli hem-de gyzyklanýan taraplaryň ýüz tutmalary esasynda agzalan tertibiň zerur bolan nusgalary bilen bellenilen tertipde üpjün etmek boýunça degişli işleri geçirmeli.

3. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

4. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary gözegçilik etmeli.

Başlyk   M.Hojagulyýew





«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň
2019-njy ýylyň 24-nji 12 çykaran 427-iş belgili buýrügy
bilen tassyklanyldy

Döwlet standartlaryny we tehniki şertleri işiäp düzmegiň, tassyklamagyň, bellige almagyň, üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibi


I bap. Umumy düzgünler

1. Şu Döwlet standartlaryny we tehniki şertleri işläp düzmegiň, tassyklamagyň, bellige almagyň, üýtgetmegiň we ýatyrmagyň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) «Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynyň sekizinji bölegine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Tertip döwlet standartlaryny we tehniki şertleri işläp düzmegiň, tassyklamagyň, bellige almagyň, üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Döwlet standartlary we tehniki şertleri işläp düzmek, tassyklamak, bellige aimak, üýtgetmek we ýatyrmak standartlaşdyrmak hem-de sertifikatlaşdyrmak ulgamlarda önümleriň (işleriň, hyzmatlaryň) ylmyň we tehnikanyň, ýurdumyzyň we daşary ýurt tejribäniň häzirki zamanda gazanan netijelerine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.

3. Döwlet standartlary we tehniki şertleri «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy (mundan beýläk - Gulluk), ýuridik şahslar we hususy telekeçiler, ýuridik şahslaryň standartlaşdyrmak boýunça gulluklary, standartlaşdyrmak boýunça tehniki komitetler (mundan beýläk - fiziki we ýuridik şahslar) tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar.

4. Döwlet standartlarynyň tassyklanylmagy, üýtgedilmegi, döwlet tarapyndan bellige alynmagy (mundan beýläk- bellige aimak), herekete girizilmegi we ýatyrylmagy Gulluk tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Tehniki şertleri we olara üýtgetmeler olary işläp düzen fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan tassyklanylýar we ýatyrylýar. Tehniki şertleriň we olary üýtgetmegiň we ýatyrylmagyň bellige alynmagy Gulluk tarapyndan amala aşyrýar.

6. Şu Tertibiň talaplary Gullugyň we onuň garamagyndaky edaralaryň hem-de fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan ýerine ýetirilmegi üçin hökmanydyr.

7. Şu Tertipde ulanylýan düşünjeleriň manysy «Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ulanylýar.

II bap. Döwlet standartlarynyň we tehniki şertleriň işlenilip düzülmegine, tassyklanylmagyna, bellige alynmagyna, olaryň üýtgedilmegine we ýatyrylmagyna bildirilýän talaplar

8. Döwlet standartlarynda we tehniki şertlerde şu aşakdakylar bolmalydyr:

1) adamyň janyna we saglygyna, daşky gurşawa zelel (zyýan) ýetirilmeginiň töwekgelçiliginiň ýol berilmezligini nazarda tutýan, önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) howpsuzlygy boýunça talaplar, ony işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň, ýerlemegiň, ulanmagyň (peýdalanmagyň), saklamagyň, daşamagyň proseslerine bildirilýän talaplar;

2) önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) esasy sarp ediliş häsiýetleri, olara gözegçilik etmegiň usullary, önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) gaplanylmagyna, belgilenilmegine, ýerlenilmegine, ulanylmagyna (peýdalanylmagyna), saklanylmagyna, daşalmagyna bildirilýän talaplar;

3) önüm (işler, hyzmatlar) işlenilip taýýarlanylanda, öndürilende, ulanylanda (peýdalanylanda) tehniki we maglumat bitewiligini üpjün edýän kadalar we ölçegler, şol sanda tehniki resminamalary resmileşdirmegiň, önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) hilini üpjün etmegiň, serişdeleriň ähli görnüşlerini rejeli peýdalanmagyň kadalary, adalgalary we olaryň kesgitlemeleri, şertli belgileri, metrologik we beýleki umumy tehniki we guramaçylyk tehniki kadalary we ölçegleri;

4) tehniki we maglumat taýdan gabat gelmegi we önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) biri-biriniň ornuny tutup bilmegi boýunça talaplar. Döwlet standartlarynda we tehniki şertlerde fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan önüme (işlere, hyzmatlara) bildirilýän başga talaplar hem göz öňünde tutulyp bilner.

9. Döwlet standartlary we tehniki şertleri hem-de olara girizilýän üýtgetmeler Gullugyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda çykaran 1/137 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, TDS 1.1-2015 «Döwlet standartlaryny işläp düzmegiň, ylalaşmagyň, tassyklamagyň we hasaba almagyň tertibine», Gullugyň başlygynyň 2016-njy ýylyň 14-nji iýulynda çykaran 1/142 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, TDS 1.5-2016 «Standartlaryň düzülişine, beýan edilişine, resmileşdirilişine we mazmunyna bildirilýän talaplara» hem-de Gullugyň başlygynyň 2016-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda çykaran 1/188 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, TDS 1.4-2016 «Tehniki şertleri işläp düzmegiň, ylalaşmagyň, tassyklamagyň we döwlet tarapyndan hasaba almagyň tertibine» laýyklykda işlenip düzülýär.

III bap. Döwlet standartlaryny we olara girizilýän üýtgetmeleri tassyklamagyň we bellige almagyň tertibi

10. Döwlet standartlaryny we olara girizilýän üýtgetmeleri tassyklamak üçin fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan Gulluga şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalar hödürlenilmelidir:

1) arza;

2) döwlet standartynyň we olara girizilýän üýtgetmeleriň üç nusgadan ybarat bolan hem-de iki dilde (döwlet we rus dillerinde) düzülen taslamalaryny;

3) döwlet standartyny işläp düzmäge esas bolup durýan döwlet häkimiýet edaralaryň beren teklibiniň ýa-da tabşyrygynyň nusgasy (eger-de olardan teklip ýa-da tabşyryk bar bolan ýagdaýynda);

4) düşündiriş haty;

5) fiziki we ýuridik şahslaryndan gelen teklipleriň asyl nusgalary;

6) döwlet standartynyň taslamasynyň degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylandygyny tassyklaýan ylalaşyk hatlaryň asyl nusgalary;

7) döwlet standartynyň taslamasyny ylalaşmak maksady bilen geçirilen maslahatyň teswirnamasy (bar bolanda);

8) döwlet standartynyň elektron nusgasy.

11. Döwlet standartlarynyň taslamalary Gulluk tarapyndan kabul edilen gününden başlap, 30 (otuz) senenama günüň dowamynda, olara girizilýän üýtgetmeleriň taslamalary boýunça bolsa, 20 (ýigrimi) senenama günüň dowamynda şu aşakdaky görkezilen işler ýerine ýetirilýär:

1) hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda döwlet standartynyň we oňa girizilýän üýtgetmeleriň taslamasynyň we oňa goşulýan resminamalaryň seljermesini geçirmek;

2) döwlet standartyň we oňa girizilýän üýtgetmeleriň tassyklanylmagyna garşylykly teklipler bolan ýagdaýynda, olar boýunça döwlet standartynyň we oňa girizilýän üýtgetmeleriň tassyklanylmagyndan ýüz döndermek hakynda çözgüdi kabul etmek;

3) döwlet standartynyň we oňa girizilýän üýtgetmeleriň taslamasyny tassyklamaga taýýarlamak ýa-da olary işläp düzüji tarapyndan döwlet standartynyň we oňa girizilýän üýtgetmeleriň taslamasynyň üstünde gaýtadan işlemek boýunça degişli çözgüdi kabul etmek;

4) döwlet standartynyň we olara girizilýän üýtgetmeleriň taslamalaryna seljerme işleriniň geçirilendigi üçin degişli töleg resminamasyny almak.

12. Döwlet standartlaryny we olara girizilýän üýtgetmeleri tassyklamak işläp düzüjiniň we degişli ygtyýarly döwlet edaralarynyň ylalaşygy esasynda amala aşyrylýar.

13. Döwlet standartlary we olara girizilýän üýtgetmeler Gullugyň buýrugy bilen tassyklanylýar hem-de şol standartlar we olara girizilýän üýtgetmeler tassyklanandan soňra Standartlaryň döwlet sanawyna girizilip bellige alynýar. Standartlaryň döwlet sanawy “Standartlaryň döwlet sanawy ”atly şu Tertibe 1-nji goşunda laýyklykda ýöredilýär.

Önümiň (hyzmatyň, işiň) tehniki talaplaryny kesgitleýän standartlara bäş ýyldan köp bolmadyk möhlet bellenilýär. Beýleki ugurlara niýetlenen döwlet standartlar möhletsiz güýje girizilýär.

Döwlet standartlary tassyklaýjy buýrukda olaryň güýje girizilýän senesi görkezilýär. Döwlet standartlaryň güýje girizilýän senesi, zerur bolan çäreleri göz öňünde tutmak bilen her bir anyk ýagdaýa göra görkezilýär.

14. Bellige alnan döwlet standartlary we olara girizilen üýtgetmeler iki dilde (döwlet we rus), ýagny iki asyl nusgada Gullugyň Turkmen standartlary maglumat merkeziniň Kadalaşdyryjy resminamalaryň döwlet gaznasyna tabşyrylýar, üçünji asyl nusgasy bolsa, işläp düzüji fiziki we ýuridik şahslara berilýär.

IV bap. Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan tassyklanan tehniki şertleri we olara girizilýän üýtgetmeleri bellige almagyň tertibi

15. Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan tassyklanan tehniki şertleri we olara girizilýän üýtgetmeleri Tehniki şertleriň döwlet sanawynda bellige alynmagy üçin Gulluga arza bilen şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalar hödürlenilmelidir:

1) tehniki şertiň we olaryň üýtgetmelerini üç nusgada, iki dilde (döwlet we rus dillerinde) tassyklanan gömüşi;

2) tehniki şertiň gutamykly gömüşiniň degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylandygyny tassyklaýan asyl nusgadaky resminamalary;

3) katalog sahypasy;

4) tehniki şertiň elektron nusgasy;

5) tehniki şertleriň we olara girizilýän üýtgetmelere seljerme işleriniň geçirlendigi üçin töleg resminamasy;

6) katalog sahypasynyň maglumatlarynyň mazmuny üýtgän ýagdaýynda üýtgetmeler bellige alnanda katalog sahypasy.

16. Şu Tertibiň on bäşinji böleginde görkezilen resminamalar kabul edilen gününden başlap, 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda, oňa girizilýän üýtgetmeleri bolsa 20 (ýigrimi) senenama gününiň dowamynda Gulluk tarapyndan şu işler ýerine ýetirilýär:

1) hödürlenen resminamalaryň toplumynyň dolulygyny barlamak;

2) tehniki şertleriň we girizilýän olara üýtgetmeleriň düzülişiniň, beýan edilişiniň mazmunynyň we resmileşdirilişiniň talaplara laýyklygyny barlamak;

3) tehniki şertleriň ýa-da üýtgetmeleriň tassyklanylmagynyň, degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşygynyň dogrulygyny barlamak;

4) tehniki şertleriň maglumat-gözleg alamatlarynyň ýazgylarynyň barlygy we dogrulygyny barlamak (ady, kod belgisi, döwletara standartlarynyň klassifikator boýunça belgisi, herekete girizilýän senesi we hereket edýän möhleti, tehniki şertleriň deregine işlenip düzülen kadalaşdyryjy resminamalar hakynda maglumatlar ýa-da «Ilkinji gezek girizildi» diýen ýazgysy).

Tehniki şertlere girizilýän üýtgetmeler barlananda tehniki şertleriň özüniň we oňa öňki üýtgetmeleriň bellige alnandygy anyklanylýar.

17. Geçirilen barlagyň netijeleri boýunça şu Tertibiň on bäşinji böleginde görkezilen resminamalar talabalaýyk hödürlenen ýagdaýynda, Gulluk tarapyndan tehniki şertleri ýa-da oňa giriziljek üýtgetmeleri bellige aimak hakynda çözgüt kabul edilýär we 5 (bäş) iş gününiň dowamynda tehniki şertleri ýa-da oňa giriziljek üýtgetmeleri Tehniki şertleriň döwlet sanawyna girizilip

bellige alynýar. Tehniki şertleriň sanawy “Tehniki şertleriň sanawy” atly şu Tertibe 2-nji goşunda laýyklykda ýöredilýär.

18. Tehniki şertleri we oňa giriziljek üýtgetmeleri bellige almak üçin berlen resminamalar talabalaýyk bolmadyk ýagdaýynda, olary yzyna gaýtarmagyň sebäplerini esaslandyrmak bilen, 5 (bäş) iş gününiň dowamynda gaýtadan işlenilmegi üçin yzyna gaýtarylýar.

19. Bellige alnan tehniki şertleri hem-de olara girizilýän üýtgetmeleri iki dilde (döwlet we rus), ýagny iki asyl nusgada Gullugyň Türkmen standartlary maglumat merkeziniň Kadalaşdyryjy resminamalaryň gaznasyna tabşyrylýar, üçünji asyl nusgasy bolsa, olary tassyklan fiziki we ýuridik şahslara berilýär.

V bap. Döwlet standartlary we tehniki şertleri ýatyrmagyň tertibi

20. Döwlet standartlaryny ýatyrmak olary işläp düzüji fiziki we ýuridik şahslaryň teklibiniň esasynda ýa-da şol önüme (işe, hyzmata) degişli täze halkara, sebitara standarty güýje girizilende Gulluk tarapyndan amala aşyrylýar.

21. Döwlet standarty ýatyrmak hakyndaky teklibiň ýanyna şu aşakdakylar goşulýar:

1) ýatyrylýan standartyň deregini tutjak resminama baradaky maglumat ýa-da döwlet standartyny çalşyrman ýatyrmak hakyndaky maglumaty;

2) önümi öndürijiniň sarp edijiler bilen döwlet standartyny ýatyrmak hakynda meselesiniň ylalaşylandygyny tassyklaýan asyl nusgadaky resminamalar.

22. Öz döwrebap ähmiýetini ýitiren döwlet standarty ýatyrmak hakynda şu Tertibiň ýigriminji böleginde görkezilen esaslaryň we ýigrimi birinji böleginde görkezilen maglumatlaryň hem-de resminamalaryň gelip gowuşandygyna ýa-da gelip gowuşmandygyna garamazdan, Gullugyň çözgüdi boýunça ýatyrylyp bilner.

Gulluk tarapyndan 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda ýatyrylýan senesini görkezmek bilen, döwlet standarty ýatyrmak hakynda buýruk çykarylyp, döwlet standartynyň ýatyrylandygy barada Standartlaryň döwlet sanawynda bellik edilýär. Bu maglumat kadalaşdyryjy resminamalaryň maglumat görkezijisinde ýerleşdirýär.

Kadalaşdyryjy resminamalaryň maglumat görkezijisindäki standartyň ýerine onuň deregini tutjak başga bir standartyň kabul edilendigi ýa-da döwlet standartyny çalşyrman ýatyrylandygy hakynda maglumat degişli beýleki döwlet standartlarda oňa salgylanmalary üýtgetmäge esas bolup durýar.

23. Tehniki şertleriň hereket edýän döwründe olaryň hereket ediş möhletini uzaltmak hakynda üýtgetme girizilmedik bolsa, tehniki şertleriň hereket etmeli möhleti gutaranda (möhleti çäklendirilen tehniki şertler üçin), şeýle hem önümiň önümçilikden aýrylyp tehniki şertleri tassyklan fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň buýrugy ýa-da çözgüdi esasynda ýatyrylan ýagdaýynda, Gulluk tarapyndan bellige alnan tehniki şertleriň ýatyrylmagy 3 (üç) aýyň dowamynda Tehniki şertleriň döwlet sanawyna girizilip, bellige alynýar.

Bu maglumat kadalaşdyryjy resminamalaryň maglumat görkezijisinde ýerleşdirýär.

24. Gulluk tarapyndan bellige alnan tehniki şertleriň ýatyrylandygy hakyndaky maglumatlar 3 (üç) iş gününiň dowamynda şöl şertleri tassyklan fiziki we ýuridik şahslara iberilýär.

VI bap. Jemleýji düzgünler

25. Döwlet standartlaryny we tehniki şertleri işläp düzmek, tassyklamak, bellige almak, üýtgetme girizmek we ýatyrmak boýunça işleriň nyrhnamasy Gulluk tarapyndan bellenilýär.

26. Döwlet standartlary we tehniki şertleri işläp düzmek, tassyklamak, bellige aimak, üýtgetmek we ýatyrmak boýunça işlerinden ýüz döndirilen ýagdaýynda tölenen töleg bu işleri amala aşyrmak boýunça harajatlara degişli bolup, ol yzyna gaýtarylmaýar.

27. Gulluk we onuň garamagyndaky edaralary hem-de eýeçiliginiň gömüşine garamazdan fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan döwlet standartlary we tehniki şertleri işläp düzülmegi, tassyklanylmagy, bellige alynmagy, üýtgetme girizilmegi we ýatyrylmagy üçin hödürlenen ähli maglumatlaryň we resminamalaryň dogrulygyna, şeýle-de şu Tertibiň bozulmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

28. Şu Tertipde kesgitlenmedik ýagdaýlar ýüze çykan halatynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna goldanylýar.



Döwlet standartlaryny we tehniki şertleri
işläp düzmegiň, tassyklamagyň, bellige almagyň,
üýtgetmegiň we ýatyrmagyň Tertibine 1-nji goşundy

Standartlaryň döwlet sanawy

T/b Standartyň bellige alnan belgisi (kabul edilen buýrugyň belgisi we senesi) Standartyň ady Klassifikator boýunça topary Standartyň belgisi, ilkinji gezek ýa-da deregine kabul edileni Standarty bellige almaklyga kim tarapyndan berildi Standartyň güýje girizilen senesi Standartyň hereket ediş möhleti Standarta üýtgetmeleriň girizilendigi we onuň ýatyrylandygy barada maglumat Standartyň kadalaşdyryjy resminamalaryň maglumat görkezijisine ýerleşdirilendigi barada maglumat
1.                  
2.                  
3.                  
4.                  



Döwlet standartlaryny we tehniki şertleri
işläp düzmegiň, tassyklamagyň, bellige almagyň,
üýtgetmegiň we ýatyrmagyň Tertibine 2-nji goşundy

Tehniki şertleriň döwlet sanawy

T/b Tehniki şertiň bellige alnan belgisi (kabul edilen buýrugyň belgisi we senesi)) Tehniki şertiň ady Klassifikator boýunça topary Tehniki şertiň belgisi, ilkinji gezek ýa-da deregine kabul edileni Tehniki şerti bellige almaklyga kim tarapyndan berildi Tehniki şertiň güýje girizilen senesi Tehniki şertiň hereket ediş möhleti Tehniki şerte üýtgetmeleriň girizilendigi we onuň ýatyrylandygy barada maglumat Tehniki şertiň kadalaşdyryjy resminamalaryň maglumat görkezijisine ýerleşdirilendigi barada maglumat
1.                  
2.                  
3.                  
4.                  


Bellik: Tehniki şertler bellige alnanda şu döwlet sanawynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň HSUK (Hojalyk subýektleriň umumy klassifikatory) kody goşmaça görkezilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2020-nji ýylyň «20» ýanwarynda 1291 bellige alyş
belgisi bilen döwlet belligine alyndy

“Döwlet standartlaryny we tehniki şertleri işläp düzmegiň, tassyklamagyň, bellige almagyň, üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibini tassyklamak hakynda” “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 24-nji dekabrynda çykaran 427-iş belgili buýrugy.