ISO habarlary- Bütindünýä standartlar güni


 

14-nji oktýabr — Bütindünýä standartlar güni gündelik ýaşaýşymyzda, bazar ykdysadyýetini we halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde standartlaryň bimöçber goşandyny nygtamak üçin pursatdyr. Standartlar hemmelere üstünlige deň mümkinçilik berýär. Biz ähli derejelerde özgertmeleri amala aşyrmaga ýykgyn edilýän döwürde ýaşaýarys.

Ýurtlar birek-birege hiç haçan şeýle bagly bolmandylar. Häzirki döwürde harytlar düzgün boýunça diňe bir ülkeden däl-de, dünýä ülkelerinden gelýär. Alyjylara ýetmänkä olar ençeme ülkelerden geçýär, şonda harydyň soňky bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar.

Halkara standartlar kiçi, orta telekeçilik üçin harytlaryň sertifikasiýasyny ýeňilleşdirýär. Şeýlelikde, olar kärhanalar bilen bäsdeşlik etmek üçin we dünýäniň her ýerinde söwda işlerini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilik gazanýarlar. Halkara standartlarynyň kömegi bilen kiçi we orta kärhanalar üçin yzygiderli geçirme tehnologiýasynda satyşlar alyp barmaga mümkinçilikler döredýär.

Halkara standartlaryny ulanýan ýurtlara kanuny delilnamalar, kadalaşdyryjy resminamalar öz raýatlarynyň abadançylygyny üpjün etmäge we olara ýokary hilli harytlary hödürlemäge mümkinçilik gazanýar.

ISO


^