Önümi sertifikatlaşdyrmagyň Tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda BUÝRUK



«TÜRKMENSTANDARTLARY»
BAŞ DÖWLET GULLUGY

BUÝRUK
  MAIN
STATE SERVICE
«TURKMENSTANDARTLARY»

ORDER
 
«23» dekabr 2019 ý.   № 426-iş

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2014-nji ýylyň 27-nji martynda çykaran 1/60 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Önümi sertifikatlaşdyrmagyň Tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

‘Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanda öndürilen we Türkmenistana getirilen önümleriň sertifikatlaşdyryş işleriniň tertibini kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak we ýeňilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2014-nji ýylyň 10-njy aprelinde 752 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Önümi sertifikatlaşdyrmagyň Tertibini tassyklamak hakynda» «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2014-nji ýylyň 27-nji martynda çykaran 1/60 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Önümi sertifikatlaşdyrmagyň Tertibinde:

1) dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli; “ 4. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümi sertifikatlaşdyrmak üçin Arza beriji sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalary (kagyz ýa-da elektron göterijide (skanirlenen görnüşde) ýa-da internet ulgamy arkaly) tabşyrmaly:

arza;

gümrük edaralary tarapyndan berilýän delilnamanyň nusgasy (gümrük barlagynyň namasynyň ýa-da harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ýere ýerleşdirilendigi hakynda delilnamanyň nusgasy);

gümrük deklarasiýasynyň nusgasy;

şertnamanyň nusgasy (önüm Türkmenistana şertnama boýunça getirilen ýagdaýynda);

inwoýsyň nusgasy ýa-da hasap-faktura;

önüm şertnama boýunça getirilende, şertnama esasynda (satyjydan, potratçydan) talap edilýän önümiň hilini tassyklaýan resminamalaryň nusgalary;

ýük haryt-ulag namasy;

eger Arza beriji ýuridik şahs bolsa, Yuridik şahslary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan bellige almak barada şahadatnamanyň we Tertipnamanyň nusgalary, onuň wekili üçin kärhananyň (guramanyň, firmanyň) möhri we ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan ynanç haty;

eger Arza beriji fiziki şahs bolsa:

ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs-hususy telekeçi üçin patentiň nusgasy, Arza berijiniň wekili üçin şahsy möhürçesi bilen tassyklanan ynanç haty;

fiziki şahs üçin pasportyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamanyň nusgasy, onuň wekili üçin bellenen tertipde şaýatlyk edilen ynanç haty. Arza berijiniň adyndan ýüz tutmaga diňe şu bölegiň dokuzynjy, on birinji we on ikinji tesimlerinde bellenen resminamalar arza goşulandan soň ýol berilýär.

Arza beriji, sertifikatlaşdyrmak üçin arzada talap edilýän maglumaty dolulygyna beýan edýär.”

2) dokuzunjy böleginde ikinji sözlemden soň şu mazmunly sözlemi goşmaly:

«Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, elektron gömüşinde tabşyrylan resminamalaryň kagyz görnüşindäki nusgalary talap edilip bilner.»

3) on altynjy böleginiň bäşinji tesiminiň ikinji sözlemini şu görnüşde beýan etmeli: “Şonda Arza beriji sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän önümiň diňe kadalaşdyryjy resminamalarynda göz öňünde tutulan halatynda adam saglygy üçin howpsuzdygyny kepillendirýän resminamalary bermeli (toksikologiki synaglaryň netijeleri ýa-da şuňa meňzeşler).”;

4) on ýedinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly: “Weterinar derman serişdelerine, witaminlerine, weterinar önümlerine we gurallaryna Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan berilýän ygtyýamama, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy tarapyndan berilýän güwanama we derňewnama boýunça geçirilen barlagyň netijesi esas bolup biler.”;

5) ýigrimi üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli: “Arza berijiniň hem-de onuň buýrujysynyň ölçegleriň serişdelerini kesgitli möhletlerde Döwlet sanawyna (reýestrine) girizjekdigi hakyndaky kepillik hatynyň esasynda sertifikatlaşdyrmak boýunça edara, ölçegleriň serişdeleriniň Döwlet sanawyna girizilmedik ölçegleriň serişdelerini 4 (dört) aýdan köp bolmadyk möhlet bilen sertifikatlaşdyryp biler, şunda bu işleriň geçirilmegi boýunça jogapkärçilik Arza berijiniň üstüne ýüklenilýär.”;

6) ýigrimi altynjy bölegiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli: “Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara laýyklyk sertifikatynyň hereket ediş möhletini uzaltmak hukugyna eýedir.”;

7) otuz uçünji bölegiň üçünji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly: “önümçilige degişli howpsuzlyk sertifikatlaryň nusgalary;”;

8) otuz altynjy bölegiň ikinji tesiminde “bellenen möhletden” diýen sözlerden soň “30 güne çenli” diýen sözleri goşmaly;

9) otuz ýedinji böleginde:

a) birinji tesiminde “sertifikatlaryny tassyklanan gömüşde” diýen sözlerden soň «3 (üç) iş gününiň dowamynda” diýen sözleri goşmaly;

b) ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli: «Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara bilen Arza beriji bellenen tertipde sertifikatlaşdyryş şertnamasyny baglaşýarlar. Arza beriji we serifikatlaşdyrmak boýunça edara baglaşylan sertifikatlaşdyryş şertnamada bellenilen degişli işleri berjaý etmäge borçludyrlar.»

10) kyrkynjy bölegine şu mazmunly tesimleri goşmaly: “Önümçiligi sertifikatlaşdyrylan edara-kärhanalaryň ady ýa-da ýokarda duran edarasy üýtgän ýagdaýynda (mundan beýläk-kärhana) sertifikatlaşdyrmak boýunça edara adynyň ýa-da ýokarda duran edarasynyň üýtgändigini tassyklaýan resminamalar bilen bilelikde resmi hat berýär. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara önümiň tapgyrlaýyn öndürilişine we önümçilige berlen laýyklyk sertifikatyny öňki belgisi, hasaba alnan senesi we hereket ediş möhleti bilen kärhananyň täze adyna gaýtadan resmileşdirýär.

Döwlet inspektorynyň sertifikatlaşdyrylýan önümiň we önümçiligiň ýerleşýän ýerine gitmegi we önümiň nusgalyklarynyň akkreditirlenen synag barlaghanasyna eltilmegi, synaglaryň teswirnamalarynyň sertifikatlaşdyrmak boýunça edara gowşurylmagy Arza beriji tarapyndan üpjün edilýär.”;

11) kyrk dokuzynjy bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“ 49. Barlaghana synaglarynyň we (ýa-da) daşky gözden geçiriş seljermesiniň netijeleri boýunça sertifikatlaşdyrylmaga hödürlenen önüm kadalaşdyryjy resminamanyň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu Tertibiň ýigrimi dördünji we ýigrimi başinji böleklerinde beýan edilen tertibe laýyklykda işleri geçirýär.

Arza berijiniň ýüzlenmesi esasynda laýyklyk sertifikatynyň hereket ediş möhletini uzaltmak boýunça işler şu Tertibiň ýigrimi altynjy we otuzynjy böleklerine laýyklykda işler geçirilip bilner.”;

12) altmyş bäşinji böleginift birinji tesiminde “kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda,” diýen sözleri aýyrmaly;

“75. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önüm sertifikatlaşdyrylanda, önümiň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan daşary ýurt döwletleriniň sertifikatlaşdyrmak boýunça edaralaryň beren laýyklyk sertifikatlary ýa-da önümiň barlaghana synaglarynyň netijeleri Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ykrar edilýär.

Şeýle şertnamalar bolmadyk ýagdaýynda we daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümiň kadalaşdyryjy resminamalary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy resminamalarynyň Döwlet sanawynda (reýestrinde) bolmadyk halatynda, halkara hil guramalary tarapyndan tassyklanan (OHSAS we ISO standartlary boýunça) önümçilige ýa-da önüme berlen hil baradaky resminamalaryna esaslanyp (hil sertifikaty, hil pasporty, barlaghana synaglarynyň netijeleri, howpsuzlygyny tassyklaýan resminamalar we şuňa meňzeşler), ykrar edilip bilner.

Şol ykrar edilen önümleriň barlaghana synag işleri geçirilende barlaghananyň akkreditasiýa (attestasiýa) çäginde göz öňünde tutulmadyk (ilkinji gezek getirilen başga görnüşli) önümlere, eger-de şol önümleriň hil görkezijileri boýunça barlaghanalaryň akkreditasiýa  (attestasiýa) çägindäki synaglara meňzeş we mümkinçiligi bolan halatynda synag geçirmeklige rugsat berilýär.”.

2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyn başlygynyň orunbasary gözegçilik etmeli.

     
Başlyk   M.Hojagulyýew
     
     

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylyň «26» dekabrynda 1286 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy

“Türkmenständartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2014-nji ýylyň 27-nji martynda çykaran 1/60 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Önümi sertifikatlaşdyrmagyň Tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran 426-iş belgili buýrugy.