Türmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:


«Standartlaşdyrmak möhüm pudak bolup, ol döwletiň hem-de jemgyýetiň işiniň ähli ugurlaryna degişlidir»

     

GARAŞSYZLYK ― ROWAÇLYGYŇ (BAGTYÝARLYGYŇ) GÖZBAŞY



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— Garaşsyzlyk döretmäge ― kuwwat, gurmaga ― güýç, parahatçylygy we
dostlugy pugtalandyrmaga ― egsilmez ylham berýär

GARAŞSYZLYK ― ROWAÇLYGYŇ (BAGTYÝARLYGYŇ) GÖZBAŞY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşi has-da belent derejelere göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetde, medeniýetde, ylym-bilimde, gurluşykda, umuman, ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. «Türkmenistan ― rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 28 ýyllygynyň bellenilmegi bolsa, uly many-mazmun bilen baýlaşýar. Hormatly Prezidentimiziň il-halky baradaky aladalary netijesinde ýurdumyzyň ösüşi has-da rowaçlanýar. Gurulýan beýik binalar, ulanylmaga berilýän täze ýaşaýyş jaýlary bu günki günde Watanymyzyň ähli künjeginde görmek bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, ykdysadyýetimiziň mäkämdiginiň alamatydyr. Şeýle hem ykdysadyýetimiziň ösüşi halkymyzyň abadan durmuşyna, asudalygyna, bagtyýarlygyna gönükdirilendigini buýsanç bilen belläsimiz gelýär. Ykdysadyýetimiziň halkyň bähbidine gönükdirilmegi netijesinde bolsa, döredijilikli zähmet çekmäge, zähmet üstünliklerini gazanmaga, kämil we watansöýüji nesli terbiýeläp ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler döreýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda nesillerimizi milli ýörelgede terbiýelemek, kämil bilim bermek ýola goýuldy. Bilimli nesiller Garaşsyzlygymyzy has-da pugtalandyrjak, ýurdumyzy mundan buýana hem ösdürjek hünärmenlerdir, biziň ýagty geljegimizdir. Hormatly Prezidentimiz bu barada: «Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň beden, aň-bilim, ruhy-ahlak, durmuş taýdan hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip belleýär. Milli hünärmenleriň kemala gelmeginde bolsa, ilkinji nobatda bilim bermegiň kämil ýoly wajyp bolup durýar. Bilim ulgamynyň ösdürilmegi netijesinde watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, kämil nesil kemala gelýär. Munuň özi Garaşsyzlygymyzyň datly miweleriniň biridir. Ýaşlaryň watansöýüji, gaýduwsyz, mert nesiller bolup ýetişmekleri, ata-babalarynyň ýol-ýörelgelerine eýermekleri, pederleriň paýhasyndan görelde almaklary şu günki nesilleriň aýratyn taraplarynyň biridir. Elbetde, şeýle nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ene-atanyň, galyberse-de bilim-terbiýeçiligi alyp barýan mugallymlaryň esasy wezipeleri bolup durýar. Garaşsyzlyga mynasyp nesilleri ösdürip ýetişdirmekde, Watanyň wepaly ogullaryny kemala getirmekde döwlet derejesinde uly işleriň alnyp barylýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň terbiýesiniň kämil bolmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri beýik ösüşleriň, uly üstünlikleriň döwrüdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilen uly ösüşleri halkyň buýsanjyna buýsanç goşýar. Bu ösüşler her bir pudagyň ösüşleri bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ylmy esasda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär we täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Her bir raýat, döwletimiziň her bir pudagy «Garaşsyzlyk» diýen mukaddes sözden-düşünjeden güýç alyp, ylham alyp, gurýar, döredýär. Garaşsyzlygyň egsilmez güýjünden, ýurdumyzda ähli ulgamlar ajaýyp üstünliklere beslenýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda uludan tutulan döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly XXVIII ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde muňa has-da aýdyň göz ýetirýäris. Garaşsyzlyk baýramy ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ähli ugurlarda ýeten sepgitlerini bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýän baýramçylykdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatynyň miwesi — halkymyz abadan, parahat, eşretli durmuşda ýaşaýar. Milli Liderimiziň alyp barýan hoşniýetli daşary we içeri syýasaty netijesinde bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abaraýy günsaýyn belende galýar. Ata Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň parahat durmuşyny goramak, harby kuwwatyny ýokarlandyrmak, ýaş nesli gaýduwsyz hem merdana pederlerimiziň watansöýüjilik, mertlik, wepalylyk ruhunda terbiýelemek esasy wezipeler bolup durýar. «Mähriban halkym bilen bilelikde, agzybirlikde we jebislikde el-ele berip, ak ýol bilen ynamly öňe gidip, öňümizde goýan belent maksatlarymyza ýetjekdigimize ynanýaryn» diýýän ýurt Baştutany bolan halkyň bagtyýar durmuşy kepillendirilendir. Goý, ýurdumyzyň ösmegi, halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy ugrunda yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!