Türmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:


«Standartlaşdyrmak möhüm pudak bolup, ol döwletiň hem-de jemgyýetiň işiniň ähli ugurlaryna degişlidir»

     

Türkmenistanyň Halk Maslahaty


Eziz diýar ählihalk maslahatyna barýar
Türkmenistanyň Halk Maslahatyna


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— Biz jemgyýetimiziň syýasy ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdireris. Möhüm çözgütler kabul edilende, ilkinji nobatda, hökmany tertipde ýaşulular bilen maslahatlaşmak biziň hakymyzyň gadymdan gelýän demokratik däbidir.

AGZYBIRLIK — BAGTYÝARLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÖZENI

MASLAHATLAŞMAK ― HALKYMYZYŇ DEMOKRATIK DÄBI

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY AGZYBIRLIGI,
DÖWLETLILIGI ALAMATLANDYRÝAN WAKADYR

HALK MASLAHATY — DÖWLETLI IŞLERIŇ GÖZBAŞY

25-nji sentýabrda döwlet Garaşsyzlygymyzyň XXVIII ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Bu günler ýurdumyzda şol ählihalk maslahatyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Halk Maslahatynyň baý taryhy kökleri bardyr. Geçmişde pederlerimiziň belli bir ýere ýygnanyşyp, maslahat etmekleri özboluşly däbe öwrülip gidipdir. Oguzhan atamyz öz guran döwletiniň kuwwatly hem ygtybarly bolmagy üçin halkyny, ogullaryny ýygnap, uly maslahatlar geçiripdir. Ol ýurduň wajyp meselelerini çözmekde halk köpçüligi bilen maslahatlaşmagy berk ýola goýupdyr. Halkyň, il-günüň içinde hormatlanýan, ylymly-bilimli adamlary bir ýere jemläp, olar bilen geňeş etmegiň, ýurdy halk bilen geňeşli dolandyrmagyň uly ähmiýete eýedigini sargyt edipdir. Oguzhanyň şol garaýyşlary, ýol-ýörelgesi, görüm-göreldesi biziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrümizde-de mynasyp dowam etdirilýär. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda, bu maslahatyň ygtyýarlyklaryny has-da giňeltmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan onuň hukuk ýagdaýyny üýtgetmek we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky başlangyç öňe sürüldi, başlangyç halk köpçüligi tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Şeýlelikde, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi konstitusion esasda kepillendirildi, onuň işine ýuridiki güýç berildi. Agzalýan Kanun Halk Maslahatynyň işiniň kanunçylyk tertibine laýyklykda guralmagyny düzgünleşdirýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine döwlet häkimiýetiniň ýokary edaralarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlary, syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan gizlin ses bermek arkaly saýlanylýan halk maslahatynyň agzalary girýärler. Şeýle-de halkyň agzybirligini berkitmäge, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga saldamly şahsy goşandyny goşan, ykdysadyýeti, ylmy, medeniýeti, durmuş çygryny ösdürmekde, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat işinde we işiň gaýry görnüşlerinde uly hyzmatlary bitiren adamlar hem maslahata gatnaşmak üçin çagyrylyp bilner.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylda ählihalk maslahaty guramaçylykly geçirilýär. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýeti, oba hojalygy, halk hojalygy, senagat pudaklary, ylym-bilim ulgamy, halkara gatnaşyklary bilen baglanyşykly döwlet syýasatymyzyň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar. Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli maksatnamalar kabul edilýär.

Halk maslahatynyň döredilmegi döwlet we jemgyýetçilik-syýasy gurluşy kämilleşdirmekde möhüm syýasy wakadyr. Ol jemgyýeti dolandyrmagyň iň gadymy institutlarynyň biri hasaplanylýar. Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän we halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolmak bilen, ol türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk toplan tejribesini hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmaga, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp, syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek babatdaky asylly däplerinden ugur alynmagyny we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerilmegini, şeýle hem ilatyň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün edýändir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri zerurlyga görä, ýylda azyndan bir gezek çagyrylýar. Ozalky Ýaşulular maslahatyndan tapawutlylykda, Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary giňeldildi we oňa Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmek, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak we makullamak; döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garamak we makullamak; parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak; Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak ýaly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň syýasy ulgamy demokratik düzgüne esaslanýar. Ol dünýä tejribesininiň gazananlaryny we türkmen milli demokratiýasynyň tejribelerini hasaba almak bilen döredildi we kämilleşdirilýär. Halk Maslahaty Türkmenistanyň syýasy ulgamynyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Çünki türkmen halkynyň ozaldan gelýän däpleriniň biri halk bilen, ýaşulular bilen maslahatlaşyp, möhüm meseleleri çözmekdir. Bu däp bagtyýarlyk döwrümizde döwrebap dowam etdirilýär. Her ýyl geçirilýän ählihalk maslahaty döwleti edara etmäge halky çekmekligiň möhüm usullarynyň biridir. Raýat jemgyýetini döretmek arkaly raýatlary jemgyýeti we döwleti dolandyrmaga çekmeklik, biziň döwletimiziň strategik maksatlarynyň biridir. Adam hukuklary baradaky ählumumy Jarnamada, raýat we syýasy hukuklar baradaky Halkara ylalaşykda raýatlaryň aýrylmaz hukuklary beýan edilýär. Halkara hukugyndaky bu ýagdaýlar Türkmenistanyň kanunçylygynda-da öz beýanyny tapýar. Raýatlaryň bu konstitusion hukugy jemgyýetiň bähbitlerine gabat gelýär we döwlet tarapyndan goralýar. Döwlet raýatlaryň syýasy we jemgyýetçilik işjeňligine, döredijilik inisiatiwasyna goldaw berýär.Ýurdumyzda Halk Maslahaty gaýtadan dikeldilmegi halk demokratiýasynyň dabaralanmasynyň aýdyň görkezijisidir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisine taýýarlyk işleriniň jogapkärli döwri dowam edýär. Ählihalk forumyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamagyň Tertibine laýyklykda, ýerlerde Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri seçip almak, olaryň şahsy we işjeň häsiýetlerini öwrenmek boýunça işler üstünlikli alnyp baryldy. Umumymilli forumyň gün tertibi boýunça gelip gowşan teklipleriň öwrenilmegi bolsa dowam edýär.

Halk Maslahaty — döwletli işleriň gözbaşy. Onda ýurduň ýakyn we uzak geljegini nazarlaýan birnäçe meseleleriň oňyn çözgüdi ara alnyp maslahatlaşylýar. Nobatdaky ählihalk maslahatynda hem ýurdumyzyň dürli kärdäki, hünärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar we milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän anyk kararlardyr çözgütler kabul ediler. Bu bolsa öz nobatynda türkmen döwletini ösüşleriň belent sepgitlerine ýetmegini has-da çaltlandyrar, şeýle-de ýurdumyzda milli demokratiýanyň barha dabaralanýandygyny alamatlandyrar. Munuň özi asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri bilen, pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebi bolup gelýän halkyň ygtyýarly wekillerine sarpa goýmagyň, olaryň abraý-mertebesini ýokary götermegiň, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi asyllylyk, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, il-ýurt bähbitli meseleleri halkyň ygtyýarly wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmegiň aýdyň subutnamasydyr.

Nesip bolsa, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip şöhratlandyrylan ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynda hem ýurdumyzyň ykbalyna dahylly bolan il-ýurt bähbitli meselelere seredilip, olar bilen baglanyşykly degişli çözgütler kabul edilip, üstünlikli geçiriler

Milli demokratiýamyzyň dabaralanmagyna, halk häkimiýetiniň berkarar edilmegine ähli zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!