Türmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:

«Standartlaşdyrmak möhüm pudak bolup, ol döwletiň hem-de jemgyýetiň işiniň ähli ugurlaryna degişlidir»

Tebigy gazdan benzin öndürýän zawod

Döwrümiziň täze desgalary

DÜNÝÄDE ILKINJI
Tebigy gazdan benzin öndürýän zawod

Ahal welaýatyndaky Owadandepe senagat şäherçesinde gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawod «Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» çäklerinde göz öňünde tutulan iri taslamalaryň biri. Ol hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde degişli Ylalaşyga gol çekilmegi netijesinde, «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen durmuşa geçirildi. Döwlet Ýolbaşçymyzyň gatnaşmagynda bu ähmiýetli taslamanyň gurluşygyna 2014-nji ýylyň awgust aýynda başlanyldy.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bu iri kärhanasynda her ýyl «mawy ýangyjyň» 1 milliard 785 million kubmetri gaýtadan işlenilip, «Euro-5» standarty boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 (RON-92) kysymly benziniň 600 müň tonnasy çykarylar, şeýle hem 12 müň tonna dizel ýangyjy we 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndüriler. Bu maýa goýum taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna golaýdyr. Ony maliýeleşdirmäge Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy banky (JBIC) gatnaşýar. Döwrebap gazhimiýa toplumynyň işe girizilmegi bilen goşmaça iş orunlarynyň 800-e golaýy dörär.

Toplumyň düzüminde esasy dört tehnologik desga — gazy sintezleýji, sintez metanol hem-de sintez benzin öndürýän, awtomobil ýangyjynyň hilini ýokarlandyryjy desgalar bar. Işleriň hemmesi awtomatlaşdyrylyp, merkezleşdirilen dolandyryşda ýerine ýetiriler. Kärhananyň hünärmenleriniň täze enjamlarda işlemegi özleşdirmegi üçin ýörite okuwlar geçilýär. Şeýle hem ol ýerde tehnologik iş üçin zerur bolan zatlary, ýagny gysylan howa, azot we kislorod ýaly önümleri öndürmek boýunça kömekçi gulluk hereket edýär. Şonuň ýaly-da tehnologik kondensaty arassalamak boýunça desgalar, elektrik beketleri we beýlekiler bar.

Kärhana häzirki wagtda dünýäde ýeke-täk bolan, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetik benzini öndürýän täsin zawod hökmünde häsiýetlendirilýär. Özi-de köp görkezijiler babatda täzeçilligi bilen aýratyn tapawutlanýar.

Milli Liderimiz dünýäde ilkinji gezek durmuşa geçirilýän GTG tehnologiýasyny, ýagny sintetik ýangyjy öndürýän täze zawodda ulanylýan tehnologiýalary öwrenmegiň zerurdygyny nygtap, ony Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň degişli fakultetleriniň okuw maksatnamasyna girizmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.